Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 38

Parahatlyk döwründen paýhasly peýdalanyň

Parahatlyk döwründen paýhasly peýdalanyň

«Ýehowa oňa (Asa) parahatlyk beripdi. Ýurt asudady» (2 Tar. 14:6).

60-NJY AÝDYM Halas edýän habar

MAZMUNY *

1. Ýehowa gulluk etmek haçan has kyn bolýar?

ÝEHOWA gulluk etmek haçan has kyn bolýar? Parahatlyk döwrümi ýa-da kynçylyk döwri? Biz kynçylyklara duşanymyzda Ýehowa bil baglaýarys. Emma hemme zat gülala-güllük bolanda, Hudaýa gulluk etmegiň wajypdygyny unudyp bileris. Ýehowa ysraýyllara şeýle duzaga düşmekden seresap bolmalydygyny duýdurdy (5 Mus. 6:10⁠—⁠12).

Asa patyşa Ýahudadan ýalan dini ýok edip, Ýehowa wepalylygyny subut etdi (2⁠-⁠nji abzasa serediň). *

2. Asa patyşa nähili görelde galdyrdy?

2 Asa patyşa Ýehowa bil baglap, paýhasly hereket etmekde gowy görelde galdyrdy. Ol Ýehowa diňe kynçylyk döwri däl-de, parahatlyk döwri hem sežde edýärdi. Mukaddes Kitapda Asanyň «bütin ömrüne Ýehowa ýürekden gulluk edendigi» aýdylýar (1 Pat. 15:14). Meselem, Asa patyşa Ýahudada ýalan dini ýok edip, Ýehowa wepalylygyny görkezdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ol ýalan taňrylaryň gurbanlyk ojaklaryny we seždegählerini aýyrdy, keramatly sütünleri çym-pytrak edip, keramatly pürsleri çapdy» (2 Tar. 14:3, 5). Asa hatda mamasy Magagy «şa aýalyň wezipesinden aýyrdy». Näme üçin? Sebäbi mamasy halky butlara sežde etdirýärdi (1 Pat. 15:11⁠—⁠13).

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Asa diňe ýalan dini ýok etmän, Ýahudanyň halkyna Ýehowa dolanmaga kömek etdi. Ýehowa Asa we ysraýyllara parahatlyk * berdi. Asanyň «höküm süren döwri ýurtda on ýyl parahatlyk boldy» (2 Tar. 14:1, 4, 6). Biz şu makalada Asa patyşanyň we I asyrda ýaşan mesihçileriň parahatlyk döwründen nädip peýdalanandygy hakda gürrüň ederis. Soňra şu soragyň jogabyny bileris: «Eger siziň ýurduňyzda Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz etmäge rugsat berlen bolsa, parahatlyk döwründen nädip peýdalanyp bilersiňiz?

ASA PARAHATLYK DÖWRÜNDEN NÄDIP PEÝDALANDY?

4. 2 Taryh 14:2, 6, 7⁠-⁠nji aýatlara görä, Asa parahatlyk döwründen nädip peýdalandy?

4 2 Taryh 14:2, 6, 7-⁠nji aýatlary okaň. Asa halka «daş-töweregindäki duşmanlardan» Ýehowanyň gorandygyny aýdýar. Emma Asa parahatlyk döwri dynç almagyň wagty diýip pikir etmeýär. Ol «beýik diwarly, diňli, derwezeli we gulply şäherleri gurýar». Ol Ýahuda halkyna: «Ýehowa... ýurdy elimize berdi» diýýär. Asa nämäni göz öňüne tutýar? Ol Hudaýyň beren ýurdunda adamlaryň asuda ýaşajakdygyny we duşmanlaryň olara barmagyny-da batyryp bilmejekdigini aýdýar. Şonuň üçin halk näme guraýyn diýse gurup bilýärdi. Asa patyşa halky parahatlyk döwründen doly peýdalanmaga höweslendirýär.

5. Asa näme üçin harby goşunyny güýçlendirýär?

5 Asa patyşa parahatlyk döwründe harby goşunyny hem güýçlendirýär (2 Tar. 14:8). Patyşanyň şeýle etmegi Ýehowa bil baglamaýandygyny görkezýärmi? Elbetde, ýok. Asa patyşalara tabşyrylan borjy ýerine ýetirýär, ýagny halky kynçylyklara döz gelmäge taýýarlaýar. Asa ýurtda hemişe parahatlygyň bolmajakdygyny bilýärdi. Şeýle-de boldy.

I ASYRDA PARAHATLYK DÖWRÜNDEN NÄDIP PEÝDALANDYLAR?

6. I asyrdaky mesihçiler parahatlyk döwründen nädip peýdalandylar?

6 I asyrdaky mesihçiler yzarlansalar-da, parahatlyk döwründen peýdalanyp bildiler. Olar şol döwür näme etdiler? Hudaýa wepaly mesihçiler hoş habary yhlasly wagyz edýärdiler. Resullar kitabynda olaryň «Ýehowadan gorkup, onuň ýolundan ýörändikleri» aýdylýar. Olar hoş habary hemişe wagyz edýärdiler, şol sebäpli «şägirtleriň sany gün-günden artýardy». Görşümiz ýaly, parahatlyk döwri mesihçileriň yhlasly wagyz edendikleri üçin, Ýehowa olara bereket berdi (Res. 9:26⁠—⁠31).

7, 8. Pawlus resul we beýleki mesihçiler mümkinçilikden peýdalanyp näme etdiler? Düşündiriň.

7 I asyrdaky şägirtler hoş habary wagyz etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýardylar. Meselem, Pawlus resul Efesde köp adamlaryň hoş habary diňleýändiklerini görende, wagyz etmek we şägirt taýýarlamak üçin şäherde galýar (1 Kor. 16:8, 9).

8 B. e. 49⁠-⁠njy ýylynda Iýerusalimde resullar bilen ýaşulular sünnetlenmek babatda belli bir karara geldiler. Şonda Pawlusa we beýleki mesihçilere has köp adamlara wagyz etmäge mümkinçilik döredi (Res. 15:23⁠—⁠29). Gelnen karar hakda ýygnaklara habar edilende, şägirtler öňküden hem yhlasly «hoş habary wagyz etdiler we Ýehowanyň sözüni öwretdiler» (Res. 15:30⁠—⁠35). Munuň netijesi nähili boldy? Mukaddes Kitapda «ýygnaklaryň ruhy taýdan berkäp, şägirtleriň sanynyň gün-günden artandygy» aýdylýar (Res. 16:4, 5).

ŞU GÜNLER PARAHATLYK DÖWRÜNDEN NÄDIP PEÝDALANMALY?

9. Köp ýurtlarda wagyz işi nähili alnyp barylýar we özümize nähili sorag bermeli?

9 Şu günler köp ýurtlarda wagyz işine päsgelçilik berilmeýär. Eger siz hem şeýle ýurtlaryň birinde ýaşaýan bolsaňyz, özüňizden: «Men erkinlikden doly peýdalanýarynmy?» diýip soraň. Soňky günlerde Ýehowanyň guramasy wagyz we şägirt taýýarlamak işini bütin dünýäde güýçli depginde alyp barýar (Mar. 13:10). Şol sebäpli Ýehowanyň halkynyň wagyz etmäge köp mümkinçilikleri bar.

Dogan-uýalar wagyz etmek üçin daşary ýurda göçýärler ýa-da daşary ýurt dilini öwrenýärler. Şeýdip, olar köp şatlyk tapýarlar (10⁠—⁠12⁠-⁠nji abzaslara serediň). *

10. 2 Timoteos 4:2⁠-⁠nji aýat näme etmäge höweslendirýär?

10 Siz parahatlyk döwründen nädip peýdalanýarsyňyz? (2 Timoteos 4:2-⁠ni okaň). Meselem, siz ýa-da maşgalaňyzdan biri köpräk wagyz etmek üçin, ýa-da pioner bolmak üçin nämeleri özgerdip bilersiňiz? Şu günler baýamagyň, mal-mülk ýygnamagyň wagty däl, sebäbi hiç bir zat bizi uly betbagtçylykdan halas edip bilmez (Nak. 11:4; Mat. 6:31⁠—⁠33; 1 Ýah. 2:15⁠—⁠17).

11. Dogan-uýalar adamlara Ýehowany tanatmak üçin näme edýärler?

11 Dogan-uýalar köp adamlara Ýehowany tanatmak üçin daşary ýurt dilini öwrenýärler. Hudaýyň guramasy şeýle wagyzçylary goldamak üçin Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary, okuw esbaplaryny ençeme dillerde çykarýar. Meselem, 2010⁠-⁠njy ýylda biziň edebiýatlarymyz 500⁠-⁠den gowrak dilde neşir edildi. Häzir bolsa olaryň sany 1 000⁠-⁠den geçdi.

12. Mukaddes Kitapdaky hakykaty ene diliňde eşitmekligiň nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.

12 Mukaddes Kitapdaky hakykaty öz ene dilinde eşiden adamlara nähili täsir edýär? Bir uýa Amerikanyň Tennesi ştatynda geçirilen welaýat kongresine barýar. Kongres onuň ene dili, ýagny kinýaruanda dilinde geçirilýär. (Bu dilde Ruandada, Kongoda (Kinşasa) we Ugandada ýaşaýan adamlar gepleýär). Uýa şeýle ýatlaýar: «Men Amerikada 17 ýyl bäri ýaşaýaryn, emma birinji sapar kongresde aýdylýan zatlaryň ählisine düşündim». Kongres uýanyň ene dilinde geçirilendigi üçin ýüregine güýçli täsir etdi. Siz hem ýygnagyňyza degişli ýerlerde ýaşaýan daşary ýurtly adamlara wagyz etmek üçin, olaryň dilini öwrenip bilersiňizmi? Eger hoş habary adamlaryň ene dilinde wagyz etseňiz, belki-de, olar sizi diňlärler. Unutmaň, tagalla etseňiz, hökman sylag alarsyňyz!

13. Russiýadaky dogan-uýalar parahatlyk döwründen nädip peýdalandylar?

13 Biziň wagyz işimiz käbir ýurtlarda gadagan edilen, käbir ýurtlarda bolsa çäklendirilen. Meselem, Russiýadaky dogan-uýalar onlarça ýylyň dowamynda hökümet tarapyndan yzarlandylar, emma 1991⁠-⁠nji ýylyň martynda wagyz işine rugsat berildi. Şol wagtlar Russiýada 16 000 golaý wagyzçy bardy. 20 ýyldan soňra olaryň sany 160 000 geçdi! Şu hasabat dogan-uýalaryň parahatlyk döwründen peýdalanyp, yhlasly wagyz edendiklerini görkezýär. Häzir ýurduň ýagdaýy düýpgöter üýtgedi, emma dogan-uýalar gol gowşuryp oturman, wagyz etmek üçin elinde baryny edýärler.

PARAHATLYK DÖWRI UZAGA ÇEKMEZ

Asa patyşa ýürekden doga edýär we Ýehowa oňa ägirt uly goşuny ýeňmäge kömek edýär (14, 15⁠-⁠nji abzaslara serediň).

14, 15. Ýehowa Asa patyşa nädip kömek etdi?

14 Asa patyşanyň hökümdarlygynda parahatlyk döwri tamamlandy. Efiopiýanyň bir milliondan gowrak batyr esgerleri Ýahudanyň üstüne hüjüm etdi. Olaryň serkerdebaşysy Zera ýeňiş gazanjakdygyna ynanýardy. Emma Asa patyşa goşunyna däl-de, Ýehowa bil baglaýardy. Patyşa Hudaýa ýalbaryp: «Ýehowa, saňa bil baglaýarys, bize kömek et. Seniň adyň bilen şeýle uly goşuna garşy çykdyk» diýdi (2 Tar. 14:11).

15 Efiopiýanyň esgerleriniň sany ýahudalardan iki esse köpdi. Emma Asa patyşa Gudratygüýçli Ýehowanyň öz halkyna kömek etjekdigine ynanýardy. Ýehowa onuň ynamyny ödedi, ýagny Efiopiýanyň goşuny masgara bolup ýeňildi (2 Tar. 14:8⁠—⁠13).

16. Parahatlyk döwrüniň uzaga çekmejekdigini nireden bilýäris?

16 Biz başymyza nämeleriň injekdigini bilmeýäris, ýöne bir zady anyk bilýäris: Ýehowanyň halky hemişe parahatlyk döwürde wagyz etmez. Sebäbi Isa pygamber soňky günlerde «şägirtlerini... hemmeleriň... ýigrenjekdigini» aýdypdy (Mat. 24:9). Pawlus resul hem şeýle diýdi: «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar» (2 Tim. 3:12). Hawa, Şeýtan Hudaýyň halkyna «güýçli gahar-gazap bilen» topulýar. Şol sebäpli: «Şeýtan maňa zyýan ýetirip bilmez» diýsek, öz-özümizi aldaýarys (Ylh. 12:12).

17. Gelejekde Hudaýa wepalylygymyz nädip synalar?

17 Gelejekde biziň her birimiziň Hudaýa wepalylygymyz synalar. Tizden «şeýle bir uly betbagtçylyk bolar, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli» hiç haçan bolan däldir (Mat. 24:21). Belki, şol döwür maşgala agzalarymyz bize garşy çykar ýa-da wagyz işimiz gadagan ediler (Mat. 10:35, 36). Şonda biz Asa patyşa ýaly Ýehowa bil baglarysmy? Onuň kömek etjekdigine we goldajakdygyna ynanarysmy?

18. Ýewreýler 10:38, 39⁠-⁠njy aýatlara görä, parahatlygyň tamamlanjak döwrüne nädip taýýarlanmaly?

18 Ýehowa biziň imanymyzy berkidip, parahatlygyň tamamlanjak döwrüne taýýarlaýar. Munuň üçin ol «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýär (Mat. 24:45). Emma biziň özümiz hem sarsmaz imanymyz bolar ýaly elimizde baryny etmeli (Ýewreýler 10:38, 39-⁠njy aýatlary okaň).

19, 20. 1 Taryh 28:9⁠-⁠njy aýady okap, özümize nähili soraglary bermeli we näme üçin?

19 Biz Asa patyşa ýaly «Ýehowany agtarmaly» (2 Tar. 14:4; 15:1, 2). Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçenimizde we suwa çümdürilenimizde Ýehowany agtaryp başladyk. Biz Ýehowany ýürekden söýmek üçin elimizde baryny etmeli. Biz özümize şeýle soragy bermeli: «Men ýygnak duşuşyklaryna hemişe barýarynmy?» Biz ýygnak duşuşyklarynda imanymyzy berkidýäris we dogan-uýalaryň goldawyny duýýarys (Mat. 11:28). Şeýle-de şu soraglar hakda oýlanyň: Mukaddes Kitaby her gün okaýarynmy? Eger siziň maşgalaňyz bolsa, her hepde maşgala okuwyny geçirýärsiňizmi? Eger siz ýeke özüňiz ýaşaýan bolsaňyz, şahsy okuwyna wagt tapýarsyňyzmy? Şeýle-de köpräk wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarsyňyzmy?

20 Biz näme üçin şu soraglar hakda oýlanmaly? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň biziň ýüregimizi barlaýandygy we her bir oý-pikirimizi bilýändigi aýdylýar. Şol sebäpli biz hem öz-özümizi barlap durmaly (1 Taryh 28:9-⁠y okaň). Eger maksadymyzy ýa-da garaýşymyzy üýtgetmelidigimize düşünsek, Ýehowadan kömek sorarys. Häzir gelejekde boljak synaglara taýýarlanmagyň tüýs wagty. Goý, size parahatlyk döwründen paýhasly peýdalanar ýaly hiç zat päsgel bermesin!

62-NJI AÝDYM Täze aýdym

^ par. 5 Siziň ýaşaýan ýurduňyzda Ýehowa sežde etmäge rugsat berildimi? Siz parahatlyk döwründen nädip peýdalanýarsyňyz? Şu makalada Ýahuda patyşasy Asanyň we I asyrda ýaşan mesihçileriň göreldesi hakda gürrüň ederis. Olar asudalyk döwründen paýhasly peýdalandylar.

^ par. 3 DÜŞÜNDIRILIŞ: ýewreýçe «parahatlyk» diýen söz diňe uruşsyz döwri däl-de, sag-salamatlygy, howpsuzlygy we bolelinligi aňladýar.

^ par. 57 SURAT: Asa patyşa mamasyny şa aýalyň wezipesinden aýyrýar. Asanyň buýrugy bilen nökerleri şäheri butlardan arassalaýar.

^ par. 59 SURAT: är-aýal wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin sada ýaşaýarlar.