Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 36

Siziň «adam tutýan balykçy» bolasyňyz gelýärmi?

Siziň «adam tutýan balykçy» bolasyňyz gelýärmi?

«Gorkma, mundan beýläk adam tutýan balykçy bolarsyň» (Luka 5:10).

73-NJI AÝDYM Batyrgaýlyk diläliň

MAZMUNY *

1. Isa pygamber balykçylary näme etmäge çagyrdy we olar nähili seslendiler?

ISANYŇ şägirtleri Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa balykçydylar. Isa pygamber: «Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýýär. Şonda olar aňk-taňk bolup duran bolmaly. «Adam tutýan balykçy» diýlende, hoş habary wagyz edip, Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edýän her bir adam göz öňünde tutulýar. Balykçylar Isanyň çakylygyna nähili seslendiler? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler» (Mat. 4:18⁠—⁠22). Şondan soň olaryň durmuşy bütinleý üýtgedi. Indi olar «adam tutýan balykçy» boldular (Luka 5:10). Şu günler Isa Mesih Hudaý baradaky hakykaty eşitmek isleýän akýürekli adamlary şägirdi bolmaga çagyrýar (Mat. 28:19, 20). Siz Isa pygamberiň çakylygyna seslenip, «adam tutýan balykçy» bolmak isleýärsiňizmi?

2. Biz näme hakda çynlakaý oýlanmaly we bize wajyp karara gelmäge näme kömek eder?

2 Siz Mukaddes Kitapdan okuw geçip, durmuşyňyzda köp zatlary özgerdensiňiz. Emma Isa Mesihiň şägirdi bolmaga we wagyz etmäge ýaýdanýan bolsaňyz ruhdan düşmäň. Sebäbi siz aýgytly ädim ätmelidigiňize düşünýänsiňiz. Mukaddes Kitapda Petrus bilen beýleki balykçylaryň «şol bada torlaryny taşlap», Isanyň yzyna düşendigi aýdylsa-da, olar howlugyp karara gelmediler. Olar alty aý mundan öň Isanyň Mesihdigine iman edipdiler (Ýah. 1:35⁠—⁠42). Indi siz hem Ýehowany, Isany gowy tanansyňyz we ruhy taýdan ösmek isleýänsiňiz. Ýöne Isanyň şägirdi bolmak üçin «ýedi ölçäp, bir kesseňiz», gelen kararyňyza hiç haçan ökünmersiňiz. Geliň, Petrusa, Andreasa we beýleki balykçylara Isanyň şägirdi bolmaga nämäniň kömek edendigini bileliň.

3. Isa Mesihiň şägirdi bolmak üçin nähili häsiýetler gerek?

3 Isa pygamberiň ilkinji şägirtleri yhlasly, işine ökde, batyrgaý we tutanýerli balykçylardy. Şeýle häsiýetler olara «adamlary tutýan balykçy» bolmaga ýardam etdi. Şu makalada biz Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edýän häsiýetler hakda gürrüň ederis.

YHLASLY WAGYZ EDIŇ

Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa «adam tutýan balykçy» boldular. Şu wajyp iş häzir hem dowam edýär (4, 5⁠-⁠nji abzaslara serediň).

4. Petrusa «adam tutýan balykçy» bolmaga näme kömek etdi?

Petrus maşgalasyny eklemek üçin balyk tutýardy. Ol balyk tutmagy gowy görýärdi (Ýah. 21:3, 9⁠—⁠15). Petrus «adam tutýan balykçy» bolmagy, ýagny wagyz etmek işini hem halady. Ol Ýehowanyň goldawy bilen ökdelik bilen wagyz etdi (Res. 2:14, 41).

5. Luka 5:8⁠—⁠11⁠-⁠nji aýatlara görä, Petrus nämeden gorkýardy we biz näme etmeli?

5 Biz näme üçin yhlasly wagyz edýäris? Sebäbi Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris. Biz Ýehowany ýürekden söýsek, onuň tabşyran işini gorkman ýerine ýetireris. Isa pygamber Petrusy yzyna eýermäge çagyranda: «Gorkma» diýdi (Luka 5:8⁠—⁠11-⁠nji aýatlary okaň). Elbetde, Petrus kynçylykdan gorkmaýardy, emma başga bir zatdan gorkýardy. Isa gudrat bilen köp balyk tutmaga kömek edende, Petrus özüni onuň şägirdi bolmaga mynasyp görmedi. Siz hem Isa Mesihiň şägirdi bolmaga özüňizi mynasyp görmeýän bolsaňyz, onda Ýehowany, Isany we adamlary ýürekden söýüň. Şonda Isanyň çakylygyny kabul edip, «adam tutýan balykçy» bolmaga gorkmarsyňyz (Mat. 22:37, 39; Ýah. 14:15).

6. Biz näme üçin yhlasly wagyz etmeli?

6 Bizde yhlasly wagyz etmäge ýene-de nähili sebäpler bar? Biz Isa pygamberiň: «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýen tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirmek isleýäris (Mat. 28:19, 20). Şeýle-de biz «alaçsyz, hor-homsy ýaşaýan» adamlaryň Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary bilmekleri üçin wagyz edýäris (Mat. 9:36). Mundan başga-da Ýehowa ähli adamlaryň hakykat barada dogry bilim almagyny we olaryň halas bolmagyny isleýär (1 Tim. 2:4).

7. Rimliler 10:13⁠—⁠15⁠-⁠nji aýatlara görä, wagyz etmek näme üçin wajyp?

7 Eger biz hoş habary wagyz edip, adamlary halas edýändigimiz hakda oýlansak, wagyz işine has-da yhlasly gatnaşarys. Balykçylar gün-güzeranyny görmek üçin balyk tutýarlar. Emma biz öz bähbidimiz üçin däl-de, adamlary halas etmek üçin wagyz edýäris (Rimliler 10:13⁠—⁠15-⁠nji aýatlary okaň; 1 Tim. 4:16).

ÖKDELIK BILEN WAGYZ EDIŇ

8, 9. Balykçy nämäni bilmeli we näme üçin?

8 Isa pygamberiň ýaşan döwründe ysraýyl balykçylary nähili balyklary tutmalydygyny bilýärdiler (3 Mus. 11:9⁠—⁠12). Şeýle-de olar nirede balygyň köpdügini bilýärdiler. Adatça, balyklar süýji suwly we bol iýmitli ýerlerde ýaşaýarlar. Balygy haçan tutmaly? Ýuwaş okeanyň adasynda ýaşaýan dogan bir güni missioner dogany balyk tutmaga çagyrýar. Missioner dogan: «Bolýar, ertir sagat dokuzlara gelerin» diýýär. Şonda balykçy dogan: «Dost jan, ýatana balyk ýok! Ýa ukyny saýla, ýa-da balygy?» diýip jogap berýär. Görşümiz ýaly, balyk tutmagyň hem öz wagty bar.

9 I asyrdaky «adam tutýan balykçylar» wagyz etmek üçin amatly ýeri we wagty bilýärdiler. Meselem, Isanyň şägirtleri ybadathanada, sinagogalarda, öýden-öýe we bazarlarda wagyz edýärdiler (Res. 5:42; 17:17; 18:4). Biz haçan, nirede wagyz etmelidigimizi bilsek we gün tertibimizi üýtgetsek, köp adamlara hoş habary aýdyp bileris (1 Kor. 9:19⁠—⁠23).

ÖKDE BALYKÇYLAR NÄME EDÝÄR? 1. Olar balygy nirede we haçan tutmalydygyny bilýärler (8, 9⁠-⁠njy abzaslara serediň).

10. Ýehowanyň guramasy bizi nähili esbaplar bilen üpjün edýär?

10 Balykçynyň berk tory, gowy çeňňegi we balyk tutmak üçin başga-da zerur zatlary bolmaly hem-de olary nädip ulanmalydygyny bilmeli. Wagyz etmek üçin hem gowy esbaplar gerek we olary dogry ulanmagy başarmaly. Isa şägirtlerine nädip «adam tutýan balykçy» bolmalydygyny öwretdi. Ol nämeleriň gerekdigini, nirede we näme hakda wagyz etmelidigini düşündirdi (Mat. 10:5⁠—⁠7; Luka 10:1⁠—⁠11). Şu günler Ýehowanyň guramasy bizi ökdelik bilen wagyz etmäge kömek edýän ençeme esbaplar bilen üpjün edýär we olary nädip ulanmalydygyny öwredýär *. Şu zatlar bize ynamly we ökde mugallym bolmaga kömek edýär (2 Tim. 2:15).

ÖKDE BALYKÇYLAR NÄME EDÝÄR? 2. Olar balyk tutýan gurallary ökdelik bilen ulanýarlar (10⁠-⁠njy abzasa serediň).

BATYRGAÝLYK BILEN WAGYZ EDIŇ

11. «Adam tutýan balykçylar» näme üçin batyrgaý bolmaly?

11 Balykçylar batyrgaý bolmaly. Sebäbi deňizde käte duýdansyz harasat turýar. Şeýle-de balykçylar köplenç gijesine balyk tutýarlar. «Adam tutýan balykçylar» hem batyrgaý bolmaly. Biz dogan-garyndaşlarymyza, dost-ýarlarymyza wagyz edenimizde we Ýehowanyň Şaýady bolandygymyzy aýdanymyzda «apy-tupan» turýar, ýagny olar garşy çykýarlar, üstümizden gülýärler, hoş habary diňlemeýärler. Elbetde, muňa geň galmaýarys, sebäbi Isa pygamber şägirtlerine garşy çykjak adamlaryň boljakdygyny aýdypdy (Mat. 10:16).

12. Ýuşa 1:7⁠—⁠9⁠-⁠njy aýatlar bize batyrgaý bolmaga nädip kömek edýär?

12 Siz nädip batyrgaý bolup bilersiňiz? Birinjiden, Isa Mesihiň gökden wagyz işine ýolbaşçylyk edýändigine ýürekden ynanyň (Ýah. 16:33; Ylh. 14:14⁠—⁠16). Ikinjiden, Ýehowanyň siziň aladaňyzy etjekdigine iman ediň (Mat. 6:32⁠—⁠34). Biz Ýehowa berk iman etsek, has-da batyrgaýlyk bilen wagyz ederis. Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa Hudaýa berk iman edýändikleri üçin balyk tutmagyny goýup, Isanyň şägirdi boldular. Sizem dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýändigiňizi we ýygnak duşuşyklaryna barýandygyňyzy aýdyp, Hudaýa berk iman edýändigiňizi subut etdiňiz. Belki-de, siz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin gylyk-häsiýetleriňizi we durmuşyňyzy düýpgöter özgerdensiňiz. Elbetde, şeýle etmek üçin iman we batyrgaýlyk gerek. Eger siz batyrgaýlyk bilen wagyz etmegiňizi dowam etseňiz, şu sözleriň hakdygyna göz ýetirersiňiz: «Nirä gitseň-de, Ýehowa Hudaýyň seni goldar» (Ýuşa 1:7⁠—⁠9-⁠njy aýatlary okaň).

ÖKDE BALYKÇYLAR NÄME EDÝÄR? 3. Olar apy-tupan tursa-da gorkman işleýärler (11, 12⁠-⁠nji abzaslara serediň).

13. Batyrgaý bolmak üçin ýene-de näme etmeli?

13 Siz batyrgaý bolmak üçin ýene-de näme edip bilersiňiz? Ýehowadan batyrgaý bolmak üçin kömek soraň (Res. 4:29, 31). Şonda Ýehowa dogaňyza hökman jogap berer we hiç haçan sizi terk etmez. Ol sizi goldamak üçin hemişe ýanyňyzda bolar. Şeýle-de Ýehowanyň gadymy döwürde ýaşan halkyny nädip halas edendigi hakda oýlanyň. Ýehowanyň size kynçylyklara döz gelmäge kömek edendigini we durmuşyňyzy üýtgetmäge güýç berendigini ýatlaň. Hudaý halkyny Gyzyl deňizden geçirip halas eden bolsa, size-de Mesihiň şägirdi bolmaga kömek eder (2 Mus. 14:13). «Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?» diýen mezmurçy ýaly, geliň, biz hem Ýehowanyň hemişe goldajakdygyna iman edeliň (Zeb. 118:6).

14. Uýalar bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?

14 Ýehowa çekinjeň adamlary goldap, batyrgaý bolmaga kömek edýär. Meselem, Masaýa uýa çekinjeňliginden ýaňa adamlara wagyz etmäge ýaýdanýardy. Hatda ol hiç haçan wagyz edip bilmerin öýdýärdi. Ol nätanyş adama wagyz etmek hakda pikirlenende, öňünde beýik diwar peýda bolýan ýalydy. Ol Allatagalany we adamlary ýürekden söýmek üçin köp tagalla etdi. Uýa häzir wagyz etmegiň wajypdygy hakda oýlanyp, Ýehowadan batyrgaýlyk sorady. Şeýdip, Masaýa öz üstünde işläp, çekinjeňlik häsiýetini ýeňdi we häzir pioner bolup gulluk edýär. Geliň, indi ýaňy-ýakynda wagyz edip başlanlara Ýehowanyň batyrgaý bolmaga nädip kömek edýändigi hakda bileliň. Ýaňy-ýakynda wagyzçy bolan Tamaýa uýa bir güni öýden-öýe wagyz etmäge gidýär. Ol birinji öýüň gapysyny kakanda, bir aýal çykyp: «Ýene-de Ýehowanyň Şaýatlarymy?! Siziň bilen gepleşesim gelenok» diýip, gapysyny batly ýapýar. Tamaýa gorkmady we ýanyndaky uýa: «Näme diýenini eşitdiňmi? Heniz agzymy açmankam, Ýehowanyň Şaýadydygymy biläýdi. Gowudygyny!» diýdi. Häzir Tamaýa pioner bolup gulluk edýär.

TUTANÝERLILIK BILEN WAGYZ EDIŇ

15. Tutanýerlilik näme we biz näme üçin tutanýerli bolmaly?

15 Ökde balykçylar tutanýerli bolýarlar. Tutanýerli adamlar maksada okgunly bolýarlar we başlan işini soňa goýmaýarlar. Balykçylar daň bilen turýarlar, howa şertleri nähili bolsa-da, balyk tutýançalar gaýtmaýarlar. Eger biz hem tutanýerli bolsak, dünýäniň soňuna çenli çydarys we batyrgaýlyk bilen wagyz ederis (Mat. 10:22).

16. Biz nädip tutanýerli bolmaly?

16 Adam tutanýerlilik häsiýeti bilen dünýä inmeýär. Biz her bir zadyň aňsat ýoluny gözleýäris. Emma tutanýerli bolmak üçin özüňe erk etmeli. Şol sebäpli kyn görýän zatlarymyzy eder ýaly kimdir biriniň kömegine mätäç bolýarys. Şeýle kömegi Ýehowa mukaddes ruhy arkaly berýär (Gal. 5:22, 23).

17. 1 Korinfliler 9:25⁠—⁠27⁠-⁠nji aýatlara görä, Pawlus resul tutanýerli bolmak üçin näme edýär?

17 Pawlus tutanýerli resul bolsa-da, ýagşy işleri etmek üçin «bedenini jylawlaýandygyny» aýdýar (1 Korinfliler 9:25⁠—⁠27-⁠nji aýatlary okaň). Ol mesihçilere hem tutanýerli bolup, «ähli zady edepli we tertip-düzgün boýunça» etmegi maslahat berýär (1 Kor. 14:40). Biz Ýehowa sežde etmek bilen bagly işlere gatnaşmak üçin, ýagny wagyz etmek we şägirt taýýarlamak üçin tutanýerli bolmaly (Res. 2:46).

WAGYZ IŞINI SOŇA GOÝMAŇ

18. Ýehowa bizi haçan «ökde balykçy» hasaplaýar?

18 Balykçy köp balyk tutsa, özüni ökde saýýar. Emma biz köp adama Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek etsek-de, «ökde balykçy» bolmaýarys (Luka 8:11⁠—⁠15). Biz hoş habary yhlasly wagyz etsek we adamlara tälim bersek, Ýehowany razy edýäris. Sebäbi gökdäki Atamyza we Ogluna gulak asýarys (Mar. 13:10; Res. 5:28, 29).

19, 20. Biz näme üçin yhlasly wagyz etmeli?

19 Käbir ýurtlarda ýylyň belli bir aýlary balyk tutmaga rugsat berilýär. Şol aýlaryň ahyrynda balykçylar işine has-da yhlasly ýapyşýarlar. «Adam tutýan balykçylar» hem bilini berk guşap, yhlasly wagyz edýärler. Sebäbi biz soňky günleriň soňky sagatlarynda ýaşaýarys. Adamlary halas etmek işi tamamlanyp barýar! Şonuň üçin şeýle wajyp işi soňa goýmaň, wagyz etmek üçin amatly ýagdaýa garaşmaň (Nes. 11:4).

20 Siz häzirden yhlasly, ökde, batyrgaý we tutanýerli wagyz etmek üçin eliňizde baryny ediň. Siz hem sekiz milliondan gowrak «adam tutýan balykçylaryň» hataryna goşulyň we Ýehowanyň berýän şatlygyny duýuň (Neh. 8:10). Ýehowanyň bellän wagtyna çenli yhlasly wagyz ediň. Indiki makalada Patyşalyk baradaky hoş habary has-da yhlasly wagyz etmäge nämäniň kömek edýändigi hakda gürrüň ederis.

66-NJY AÝDYM Hoş habary wagyz edeliň

^ par. 5 Isa pesgöwünli we zähmetsöýer balykçylary şägirdi bolmaga çagyrdy. Ol şu günler bizi «adam tutýan balykçy» bolmaga çagyrýar. Şu makalada Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere Isanyň şägirdi bolmaga nädip kömek etmelidigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 10 «Hakykaty öwrediň» diýen makalany okaň (w18.10 sah. 11⁠—⁠16).