ÖWRENILÝÄN MAKALA 36
Ýaşlaryň gadyryny biliň
«Güýç-kuwwat ýaşlaryň şöhratydyr» (Nak. 20:29).
88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret
MAZMUNY *
1. Garry dogan-uýalar ýaşlara nähili kömek edip biler?
GARRY DOGAN-UÝALAR ýaşlygyndaky ýaly Ýehowa gulluk edip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýärler. Olar güýç-gurbatdan gaçsa-da, akyldarlygy we baý durmuş tejribesi bilen ýaşlara maksatlaryna ýetmäge hem-de täze borçlary almaga kömek edip bilerler. Bir garry dogan: «Adam garrasa güýç-gurbaty gaçýan eken. Ýöne men ýygnakda köp işleri edýän ýaşlara guwanýaryn» diýýär.
2. Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
2 Biz geçen makalada garry dogan-uýalar bilen dostlaşýan ýaşlaryň imanynyň berkeýändigi hakda gürrüň edipdik. Şu makalada bolsa, garry dogan-uýalaryň ýaşlar bilen nädip işleşip biljegi hakda gürrüň ederis. Munuň üçin olar pesgöwünli, pespäl, minnetdar we jomart bolmaly. Eger garry dogan-uýalar ýaşlary goldap, olaryň imanyny berkitse, Ýehowa tutuş ýygnaga ak pata berer.
PESGÖWÜNLI BOLUŇ
3. Filipililer 2:3, 4-nji aýatlara görä, pesgöwünlik näme we onuň nähili peýdasy bar?
3 Garry dogan-uýalar ýaşlara kömek etmek üçin pesgöwünli bolmaly. Pesgöwünli adam başgalaryň özünden has ökde we ukyplydygyny boýun alýar (Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň). Pesgöwünli garry doganlar öz diýenini gögertjek bolmaýarlar. Sebäbi olar meseläni Mukaddes Kitap esasynda birnäçe ýol bilen çözüp bolýandygyna düşünýärler (Nes. 7:10). Olar ýaşlardan has tejribeli bolsalar-da, «dünýäniň ýagdaýynyň üýtgäp durýandygyna» düşünýärler we täze şertlere hem-de ýagdaýlara öwrenişýärler (1 Kor. 7:31).
4. Etrap gözegçileri lewileriň göreldesine nädip eýerip bilerler?
4 Pesgöwünli garry dogan-uýalar garran çagynda güýç-kuwwatynyň gaçýandygyny boýun alýarlar. Geliň, etrap gözegçileri hakda gürrüň edeliň. Etrap gözegçileri 70 ýaşanda, olara başga borç berilýär. Elbetde, olara aňsat düşmeýär. Olar dogan-uýalara ýürekden hyzmat etmek isleýärler. Olar etrap gözegçisi bolup gulluk etmegi gowy görýärler. Sebäbi Ýehowa üçin has köp işleri etmek isleýärler. Emma olar gujur-gaýratly ýaşlaryň kömeginiň gerekdigine düşünýärler. Olar çadyrda gulluk eden lewilerden görelde alýarlar. Lewiler 50 ýaşdan soň çadyrda gulluk etmeli däldiler. Olar tabşyrylan islendik işi şatlyk bilen ýerine ýetirýärdiler we çadyrda gulluk edýän ýaş doganlaryny ýürekden goldaýardylar (4 Mus. 8:25, 26). Şu günlerem etrap gözegçisi bolup gulluk eden garrylar ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalara kömek edip bilmeseler-de, öz ýygnagyndaky imandaşlaryny goldaýarlar.
5. Siz Dan bilen Keýtiniň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?
5 Geliň, Dan dogan hakda gürrüň edeliň. Ol 23 ýyl etrap gözegçisi bolup gulluk etdi. Dan 70 ýaşyna ýetende, ony we aýaly Keýtini ýörite pioner belleýärler. Olara täze ýagdaýa öwrenişmäge näme kömek etdi? Olar häzir Ýehowa we dogan-uýalara öňküsindenem has köp hyzmat edýärler. Dan ýygnakdaky borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýär. Ol ýaş doganlara hyzmatçy bolmaga kömek edýär, dogan-uýalara köpçülik ýerlerinde we türmelerde wagyz etmegi öwredýär. Garry dogan-uýalar, siz Dan bilen Keýti ýaly Ýehowa uzak wagtly gulluk etmeýän bolsaňyzam, dogan-uýalara kömek edip bilersiňiz. Nädip? Munuň üçin täze ýagdaýlara öwrenişmäge jan ediň, maksat goýuň, yzyňyza ser salyp, ah çekip oturmagyň deregine, başarýan işleriňizi yhlas bilen ediň.
PESPÄL BOLUŇ
6. Pespäl bolmak nämäni aňladýar? Mysal getiriň.
6 Pespäl adam güýjüniň çäklidigini boýun alýar (Nak. 11:2). Ol özünden aşa köp zat talap etmeýär. Şeýlelikde, ol özüni bagtly duýýar we edýän işinden hoşal bolýar. Pespäl adamy ýük maşynyň sürüjisine meňzetse bolýar. Sürüji depä galmak üçin maşynyň tizligini peseltmeli bolýar. Elbetde, ol haýal sürse-de, ýoluny dowam edip bilýär. Şonuň ýaly pespäl adam hem gerek wagty tizligini peseldýär. Şeýdip, ol şatlygyny ýitirmän, Ýehowa yhlasly gulluk edýär we dogan-uýalara höwes bilen kömek edýär (Flp. 4:5).
7. Barzylla goja pespäldigini nädip görkezdi?
7 Geliň, 80 ýaşly goja Barzylla hakda gürrüň edeliň. Günlerde bir gün Dawut patyşa ony köşgünde gulluk etmäge çagyrýar. Barzylla pespällik bilen patyşanyň teklibinden ýüz öwürýär. Barzylla özüniň garrandygyny, köşkde patyşa hyzmat edip bilmejegini boýun alýar. Ol özüne derek ýaş ýigit Kimhamy teklip edýär (2 Şam. 19:35—37). Şu günlerem garry doganlar Barzyllanyň göreldesine eýerip, öz borjuny ýaşlara höwes bilen ynanýarlar.
8. Dawut patyşa pespäldigini nädip görkezdi?
8 Dawut patyşa hem pespäl bolmakda gowy görelde görkezdi. Ol Ýehowa Hudaý üçin ybadathana gurmak isleýär. Emma Ýehowa ybadathanany Dawudyň däl-de, ogly Süleýmanyň gurjakdygyny aýdýar. Dawut Ýehowanyň karary bilen razylaşýar we ybadathananyň gurluşygyny ýürekden goldaýar (1 Tar. 17:4; 22:5). Dawut ogluny «ýaş hem tejribesiz» görüp, gurluşyga men ýolbaşçylyk etsem gowy bolar diýmedi (1 Tar. 29:1). Dawut ýaş we tejribesiz adamyň hem Ýehowanyň ak patasy bilen ybadathanany doly gurup biljegine ynanýardy. Şu günlerem garry doganlar Dawutdan görelde alýarlar we borçlary üýtgese-de, Ýehowa yhlasly gulluk edýärler. Olar öz borçlaryny ýaşlaryň ýerine ýetirýändigine begenýärler, sebäbi Ýehowanyň olara ak pata berýändigini görýärler.
9. Şigeý dogan pespäldigini nädip görkezdi?
9 Geliň, pespäl dogan Şigeý hakda gürrüň edeliň. 1976-njy ýylda ony filial komitetiniň agzasy edip belleýärler. Şonda ol 30 ýaşyndady. Şigeý 2004-nji ýylda filial komitetiniň koordinatory bolýar. Ol Nak. 20:29).
gojalyk çagyna ýetende, güýç-gurbatdan gaçandygyna we filialyň işlerini derrew ýola goýup bilmeýändigine düşünýär. Ol Ýehowa doga edip oýlanýar we şol borjy ýaş doganlaryň biri ýerine ýetirse gowy bolar diýen netijä gelýär. Häzir Şigeý dogan koordinator bolmasa-da, filial komitetiniň agzalary bilen eginme-egin işleşýär. Şu günler pesgöwünli, pespäl garry doganlar Barzyllanyň, Dawut patyşanyň we Şigeý doganyň göreldesine eýerýärler. Olar ýaşlaryň kemçiligine däl-de, ukyp-başarnygyna we güýç-gaýratyna üns berýärler. Olar ýaşlary bäsdeşi däl-de, işdeşi hasaplaýarlar (MINNETDAR BOLUŇ
10. Garry dogan-uýalar ýaşlara nähili garaýarlar?
10 Garrylar ýaş dogan-uýalaryň edýän işiniň gadyryny bilýärler we olary Ýehowanyň berekedi hasaplaýarlar. Garry dogan-uýalar güýç-kuwwatynyň gaçandygyna düşünýärler. Olar ýygnagyň işlerini höwes bilen ýerine ýetirýän ýaşlara guwanýarlar.
11. Rut 4:13—16-njy aýatlara görä, ýaşlaryň kömegini kabul etmegiň nähili peýdasy bar?
11 Mukaddes Kitapda garry ene Nagomy hakda aýdylýar. Ol gelni Rutuň kömegini minnetdarlyk bilen kabul edýär. Rutuň äri aradan çykansoň, Nagomy gelnine atasynyň öýüne gitmegi haýyş edýär. Emma Rut gaýynenesini taşlamajagyny, onuň bilen Beýtullahama gitjegini çürt-kesik aýdýar. Nagomy gelniniň goldawyny ýürekden kabul edýär (Rut 1:7, 8, 18). Ýehowa olaryň ikisine-de ak pata berýär (Rut 4:13—16-njy aýatlary okaň). Garrylar pesgöwünli bolsalar, Nagomynyň göreldesine eýererler.
12. Pawlus resul minnetdarlygyny nädip bildirdi?
Flp. 4:16). Pawlus Timoteosa berýän kömegi üçin minnetdarlyk aýdýar (Flp. 2:19—22). Pawlusy tussag edip Rime äkidenlerinde, şol ýerdäki doganlar ony garşy alýar. Pawlus olary görüp ruhlanýar we Hudaýa alkyş aýdýar (Res. 28:15). Pawlus resul gujur-gaýratly adamdy. Ol müňlerçe kilometr ýol söküp, hoş habary wagyz edýärdi we ýygnaklary ruhlandyrýardy. Ýöne ol dogan-uýalaryň berýän kömegini kiçigöwünlik bilen kabul edýärdi.
12 Pawlus resul hem dogan-uýalaryň kömegini minnetdarlyk bilen kabul edýärdi. Ol Filipidäki dogan-uýalara iberen zatlary üçin sag bolsun aýdýar (13. Garry dogan-uýalar ýaşlara minnetdardygyny nädip görkezip bilerler?
13 Garry dogan-uýalar, siz ýygnagyňyzdaky gujur-gaýratly ýaşlara minnetdarlygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz? Siz ýaşlaryň berýän kömegini höwes bilen kabul ediň. Belki-de, olar sizi ulagly ýygnaga, hassahana, bazara äkidip-getirerler ýa-da gerek-ýarak zatlaryňyzy getirip bererler. Ýehowanyň ýaşlar arkaly aladaňyzy edýändigini ýatdan çykarmaň. Ýaşlaryň berýän kömegini kabul etseňiz, olar bilen dostlaşarsyňyz. Siz ýaşlara ýygnakda köp işleri edýändigi üçin sag bolsun aýdyň we olara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek ediň. Şeýle-de durmuşyňyzda bolan gyzykly wakalary gürrüň berip, ýaşlaryň imanyny berkidiň. Şonda siz ýygnagyňyzdaky ýaşlaryň gadyryny bilýändigiňizi we olar üçin Ýehowa minnetdardygyňyzy görkezip bilersiňiz (Kol. 3:15; Ýah. 6:44; 1 Sel. 5:18).
JOMART BOLUŇ
14. Dawut patyşa nädip jomartlyk bildirdi?
14 Dawut patyşa jomart bolmakda gowy görelde galdyrdy. Ol ybadathananyň gurluşygyny goldamak üçin, öz hazynasyndan köp altyn-kümüş berdi (1 Tar. 22:11—16; 29:3, 4). Dawut ybadathanany ogly Süleýmanyň gurjakdygyny we ähli şan-şöhraty onuň aljakdygyny bilse-de, gurluşygy ak ýürekden goldady. Şu günlerem garry dogan-uýalar Dawut patyşa ýaly jomart bolup bilerler. Olar guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşyp bilmeseler-de, ýagdaýynyň çatdygyndan pul sadakasyny berip bilerler. Şeýle-de olar baý durmuş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşyp bilerler.
15. Pawlus resul jomart bolmakda nähili görelde galdyrdy?
15 Pawlus resul hem jomart bolmakda gowy görelde galdyrdy. Pawlus Timoteosy wagyz syýahatyna äkidýär we oňa hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýär (Res. 16:1—3). Timoteos Pawlusyň tälimini alyp, ökde wagyzçy we mugallym bolup ýetişýär (1 Kor. 4:17). Soňra Timoteos hem dogan-uýalara ökde wagyzçy bolmaga kömek edýär.
16. Şigeý dogan ýaşlara näme üçin tälim berýär?
16 Garry doganlar ýygnakda edýän işlerini ýaşlara höwes bilen öwredýärler. Olar borjumy elimden alarlar diýip gorkmaýarlar. Meselem, Şigeý dogan filial komitetinde gulluk edýän ýaş doganlara köp ýyllaryň dowamynda tälim berýär. Ol muny ýaşaýan ýerinde Patyşalyk işleriniň ilerlemegi üçin edýär. Şigeý dogan garrylyk çagyna ýetende, borjuny ýerine ýetirmek kyn düşýär. Şonda onuň tälim beren doganlarynyň
biri koordinator bellenýär. Şigeý dogan 45 ýyldan gowrak filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýär we bilýän zatlaryny ýaş doganlara höwes bilen öwredýär. Biz Hudaýyň halkynyň arasynda şeýle jomart doganlaryň bardygyna diýseň begenýäris!17. Garry dogan-uýalar Luka 6:38-däki maslahata nädip eýerip bilerler?
17 Garry dogan-uýalar, siziň göreldäňiz Ýehowa wepaly gulluk etmegiň adamy bagtly edýändigini subut edýär. Siz Hudaýyň Sözüni her gün okaýarsyňyz we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşap, gowy görelde görkezýärsiňiz. Siz guramada bolýan ençeme özgerişleriň şaýady bolduňyz. Siz her gezegem özgerişligi ýürekden kabul edip, Ýehowa wepaly bolýarsyňyz. Garrylyk çagynda suwa çümdürilen dogan-uýalar hem ýaşlary ruhlandyryp bilerler. Olar ýaşlara garrylyk çagynda Ýehowany tanamagyň uly bagtdygy hakda gürrüň berip bilerler. Ýaşlar hem siziň başdan geçiren gyzykly wakalaryňyzy we baý durmuş tejribäňizi höwes bilen diňlärler. Eger ýaşlara kömek etmäge taýyn bolsaňyz, Ýehowa hem size bol bereket berer (Luka 6:38-i okaň).
18. Garrylar bilen ýaşlar näme üçin eginme-egin işleşmeli?
18 Garry we ýaş dogan-uýalar dostlaşsalar, biri-birini goldap bilerler (Rim. 1:12). Akyl-paýhas garrylaryň täjidir, gujur-gaýrat ýaşlaryň şöhratydyr! Eger garrylar bilen ýaşlar eginme-egin işleşseler, ýakyndan dostlaşsalar, Ýehowany şöhratlandyrarlar we tutuş ýygnagy berkiderler.
90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň
^ par. 5 Biz ýygnagymyzda Ýehowa üçin janyny aýaman gulluk edýän ýaşlary görüp diýseň begenýäris. Garry dogan-uýalar ýaşlara Ýehowa güýjüni gaýgyrman gulluk etmäge kömek edip biler.
^ par. 55 SURAT: 70 ýaşly etrap gözegçisine we aýalyna täze borç berilýär. Olaryň baý durmuş tejribesi bar we ýygnagyndaky ýaşlara tälim berýär.