Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriň
«Siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň... arasyndaky tapawudy görersiňiz». MAL. 3:18
AÝDYMLAR: 61, 53
1, 2. Şu günler Hudaýyň halky nähili kynçylyga uçraýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
SAGLYGY goraýyş ulgamynyň işgärleriniň köpüsi ýokanç keselli adamlara kömek etmek üçin, olaryň arasynda işleýärler. Emma ýokanç kesel ýokuşmaz ýaly, olar özlerini goramaly bolýarlar. Şonuň ýaly biz hem Hudaýa mahsus bolmadyk garaýşy we häsiýetleri görkezýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys hem-de olar bilen işleşmeli bolýarys. Elbetde, bu aňsat däl.
2 Biz ahlak kadalarynyň gaty pese gaçan döwründe ýaşarys. Pawlus resul Timoteosa ýazan ikinji hatynda Hudaýdan daşlaşan adamlaryň bildirýän häsiýetleri barada agzap geçdi. Şu günler muny aýdyň görse bolýar (2 Timoteos 3:1—5, 13-nji aýatlary okaň). Şeýle häsiýetli adamlary görenimizde, özümizi gaty erbet duýsak-da, olaryň garaýşy we özüni alyp barşy bize-de täsir edip biler (Sül. tym. 13:20). Biz bu makalada Hudaýyň gullukçylary bilen şu soňky günlerde erbet häsiýetleri bildirýän adamlaryň arasyndaky tapawut hakda gürrüň ederis. Şeýle-de adamlara ruhy taýdan kömek edenimizde, olaryň erbet garaýşynyň täsirine düşmekden özümizi nädip gorap biljekdigimize serederis.
3. 2 Timoteos 3:2—5-nji aýatlarda agzalýan häsiýetler kimlere degişli?
Rimliler 1:29—31-nji aýatlarda hem duş gelse bolýar. Emma Timoteosa ýazan ikinji hatynda ol bu häsiýetleri dürli sözleri ulanyp, has giňişleýin düşündirýär. Pawlus Hudaýa ýaramaýan häsiýetler barada agzanda, başda «adamlar» diýip aýdýar. Emma şeýle häsiýetleri hemme adamlar bildirmeýär. Mesihçileriň häsiýetleri olardan tapawutlanýar (Malaky 3:18-i okaň) *.
3 Pawlus resul: «Soňky günlerde juda kyn döwür bolar» diýip ýazdy. Soňra şu günler adamlaryň görkezýän 19 sany erbet häsiýetleri ýa-da garaýyşlary barada agzady. Injiliň başga kitabynda bolmasa-da, şoňa meňzeş häsiýetlereÖZÜMIZE BOLAN GARAÝŞYMYZ
4. Siz ulumsy adamy nädip suratlandyrardyňyz?
4 Pawlus resul köpleriň özüni we puly söýjekdigini aýdandan soň, adamlaryň öwünjeň, tekepbir, gopbamsy boljakdygy barada ýazdy. Dogrudan-da, adamlar ukybyna, daş keşbine, baýlygyna we wezipesine buýsanyp, özlerini köplenç başgalardan ýokary tutýarlar. Olar özlerini öwüp, arşa çykarýarlar. Bir alym özüni ulumsylyga aldyran adam barada şeýle diýdi: «Onuň ýüreginde bir kiçijik seždegäh bar ýaly; ol hamala şoňa, ýagny öz-özüne sežde edýär». Käbirleriniň aýtmagyna görä, ulumsylyk şeýle bir ýakymsyz zat welin, ony hatda tekepbir adamlaryň özlerem halamaýar.
5. Hudaýyň wepaly gullukçylary nädip ulumsylygyň duzagyna düşdi?
5 Ýehowa ulumsylygy we «tekepbir gözleri» ýigrenýär (Sül. tym. 6:16, 17). Ulumsylyk häsiýeti Hudaýa ýakynlaşmaga päsgel berýär (Zeb. 10:4). Sebäbi ol Iblise mahsus häsiýet (1 Tim. 3:6). Gynansak-da, Ýehowanyň käbir wepaly gullukçylary hem ulumsylygyň täsirine düşdüler. Meselem, Ýahudanyň patyşasy Uzyýa Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk etse-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi» diýilýär. Hizkiýa patyşa hem az wagtlyk gopbamsylygyň duzagyna düşdi (2 Ýyl. 26:16; 32:25, 26).
6. Dawutda ulumsy bolmaga nähili sebäpler bardy, ýöne ol näme üçin beýle etmedi?
6 Käbir adamlar daş keşbine, at-abraýyna, saz çalmak ukybyna, owadanlygyna ýa-da derejesine buýsanyp, özlerini ulumsy alyp barýarlar. Dawut patyşada bu zatlaryň ählisi bolsa-da, özüni pesgöwünli alyp barýardy. Ol Jaludy öldürip, Şawul patyşanyň gyzyna öýlenmäge mümkinçilik gazansa-da: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi (1 Şam. 18:18). Dawuda pesgöwünli bolmaga näme kömek etdi? Ýehowa egilip, ýagny «özüni kiçeldip», Dawuda üns berendigi üçin, ol şeýle häsiýetleri, ukyplary we üstünlikleri gazanyp bildi (Zeb. 113:5—8). Dawut özündäki ähli gowy zatlaryň Ýehowadandygyna düşünýärdi (1 Korinfliler 4:7-ni deňeşdiriň).
7. Bize pesgöwünli bolmaga näme kömek eder?
7 Dawut ýaly şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary pesgöwünli bolmaga jan edýärler. Biz älemde iň beýik Şahsyýet bolan Ýehowanyň ajaýyp pesgöwünlilik häsiýetini bildirýändigine örän begenýäris (Zeb. 18:35). Şol sebäpli: «Duýgudaşlygy, mähribanlygy, pesgöwünliligi, ýumşaklygy we sabyrlylygy geýiň» diýen maslahaty ýürekden kabul edýäris (Kol. 3:12). Şeýle-de biz «söýginiň göriplik etmeýändigini... öwünmeýändigini, tekepbirlik etmeýändigini» bilýäris (1 Kor. 13:4). Biz pesgöwünli bolsak, adamlara Ýehowa ýakynlaşmaga kömek ederis. Aýallaryň sözsüz, ýagny edim-gylymy bilen ýanýoldaşyny gazanyşy ýaly, biz hem pesgöwünliligimiz bilen başgalara Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edip bileris (1 Pet. 3:1).
BAŞGALARA BOLAN GARAÝŞYMYZ
8. a) Şu günler ene-ata gulak asmazlyga nähili garaýarlar? b) Mukaddes Ýazgylarda çagalara nähili tabşyryk berilýär?
8 Pawlus resul soňky günlerde ýaşaýan adamlaryň biri-birlerine bolan garaýşyny beýan edip, çagalaryň ene-atasyna gulak asmajakdygy barada ýazdy. Köplenç bu häsiýet kitaplar, filmler, telegepleşikler arkaly täsir edip, iň wajyp zat bolan agzybirligi gowşadýar. Şeýle ýagdaýa öňem duş gelse bolýardy. Meselem, gadymy Gresiýada adam ene-atasyna el galdyrsa, ony halkyň arasyndan kowup çykarmalydy; rimlileriň kanunynda bolsa ataňa el galdyrmak, edil adam öldüren ýaly hasaplanýardy. Ýewreý we Grek ýazgylarynyň ikisinde-de çagalara ene-atasyna hormat goýmalydygy barada tabşyryk berilýär (Müs. çyk. 20:12; Efes. 6:1—3).
9. Ýaşlara ene-atasyna gulak asmaga näme kömek eder?
9 Çagalar ene-atasynyň olar üçin eden zatlary hakda oýlansalar, giňden ýaýran gulak asmazlyk ruhunyň täsirine düşmekden özlerini gorap bilerler. Şeýle-de ählimiziň Atamyz bolan Hudaýyň gulak asmagymyzy talap edýändigine düşünsek, olara bolan minnetdarlygymyz artar. Ýaşlar ene-atasy hakda gowy zatlary aýdyp, deň-duşlaryna öz ene-atasy hakda gowy pikirde bolmaga kömek edip bilerler. Elbetde, ene-atalar söýgi bildirmese, çagalaryna olara ýürekden gulak asmak kyn bolup biler. Ýöne ýaşlar gulak asmazlygyň täsirine düşse-de, ene-atasynyň olary ýürekden söýýändigini duýsa, olara hormat goýup biler. Ostin şeýle diýýär: «Men köplenç nädogry işleri etmek islesem-de, enem-atam hemişe paýhasly görkezme berýärdi we goýýan düzgünleriniň sebäbini düşündirip, açyk gürrüňdeşlik edýärdi. Bu maňa gulak asmagy öwrenmäge kömek etdi we men olaryň hakykatdan aladamy edýändigini duýdum. Şeýdip, olara ýaramly ýaşamak islegim has-da artdy».
10, 11. a) Adamlaryň bir-birine bolan söýgüsiniň sowandygy nämeden görünýär? b) Mesihçiler imandaşlaryny nädip söýmeli?
10 Pawlus adamlaryň biri-birine bolan söýgüsiniň sowandygyny görkezýän başga-da erbet häsiýetleri agzaýar. «Ata-enesine gulak asmaýan» diýen sözlerden soň, «gadyr bilmez» diýilýär. Bu başgalaryň edýän ýagşylygyna minnetdarlygyny ýitiren adamlaryň garaýşyny gowy suratlandyrýar. Şeýle-de adamlaryň «biwepa» boljakdygy aýdylýar. Olar başgalar bilen parahat gatnaşykda bolmak üçin asla «eglişik etmek» islemeýärler. Olar Hudaýa «dil ýetirýän» we «dönük» adamlar hökmünde tanalýarlar, sebäbi adamlara-da, Hudaýa-da kemsidiji sözleri aýdýarlar. Pawlus adamlaryň abraýyny dökmek üçin olar hakda erbet zatlary ýaýradýan «töhmetçileriň» * boljakdygyny-da belläp geçdi.
11 Şu günler söýgüsiniň sowamagyna ýol beren adamlardan tapawutlylykda, Ýehowa sežde edýänler imandaşlaryny ýürekden söýýärler. Bu hemişe-de şeýledi. Isa Musanyň kanunyna görä, ýakynyňa bolan söýginiň (agape) Hudaýdan Mat. 22:38, 39). Şeýle-de ol hakyky mesihçileriň bir-birine bolan söýgüsi bilen tanaljakdygyny aýtdy (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary okaň). Hawa, mesihçiler hatda duşmanlaryny hem söýmeli (Mat. 5:43, 44).
soň ikinji iň wajyp tabşyrykdygyny nygtady (12. Isa adamlary söýýändigini nädip görkezdi?
12 Isa adamlary ýürekden söýýärdi. Ol şäherme-şäher aýlanyp, adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary gürrüň berýärdi. Ol kör, agsak, lal we heýwere keselli adamlary sagaltdy. Şeýle-de ölen adamlary direltdi (Luka 7:22). Köpleri ony ýigrense-de, Isa hatda adamzat üçin öz janyny berdi. Ol Atasynyň söýgüsini kämil derejede görkezdi. Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary hem başgalary ýürekden söýýändigini görkezýärler.
13. Adamlara söýgimizi bildirsek, olara gökdäki Atamyza ýakynlaşmaga nädip kömek ederis?
13 Biz adamlara söýgimizi bildirsek, olara gökdäki Atamyza ýakynlaşmaga kömek ederis. Meselem, bir adam Taýlandda welaýat kongresine gatnaşanda, dogan-uýalaryň arasyndaky söýgi oňa güýçli täsir edýär. Ol öýüne gelensoň, haýyş edip, hepdede iki gezek Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ol dogan-garyndaşlarynyň baryna wagyz edýär we şol kongresden bary-ýogy alty aý geçensoň, ýygnakda ilkinji gezek ýumuş bilen çykyş edýär. Adamlary söýýändigimizi barlamak üçin özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men maşgala agzalaryma, ýygnagymyzdaky we wagyzda duşýan adamlara kömek etmek üçin jan edýärinmi? Olara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga çalyşýarynmy?»
MÖJEKLER WE GUZULAR
14, 15. Adamlaryň köpüsi haýwanlara mahsus nähili häsiýetleri bildirýärler? Käbirleri nädip durmuşyny özgertdi?
14 Soňky günlerde adamlaryň erbet häsiýetleri bildirýändigi üçin, mesihçiler olardan daşda durmaly. Hudaýsyz adamlar «ýagşylygy ýigrenýän... bolar». Käbir terjimelerde olara «ýagşylygy söýmeýän» ýa-da «ýagşylyga duşman bolar» diýilýär. Olar «özüne erk etmeýän, zalym», käbirleri
bolsa kesir, ýagny gaharjaň ýa-da özdiýenli bolar.15 Haýwanlara mahsus bolan şeýle häsiýetleri bildiren adamlaryň köpüsi durmuşyny özgerdip bildiler. Bu ajaýyp özgerişlik barada Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilipdi (Işaýa 11:6, 7-nji aýatlary okaň) *. Onda möjek we arslan ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň guzy hem-de göle ýaly öý haýwanlary bilen bir ýerde parahat ýaşajakdygy aýdylýar. Sebäbi «bütin ýer ýüzi... Rebbi bilmekden dolar» (Iş 11:9). Haýwanlar Ýehowa barada bilim alyp bilmeýärler. Şonuň üçin pygamberlikdäki sözler diňe bir täze dünýäde adamlaryň we haýwanlaryň arasyndaky boljak parahatlygy däl-de, eýsem, ençeme adamlaryň häsiýetlerini özgertjekdigini görkezýär.
16. Mukaddes Ýazgylar käbir adamlara durmuşyny özgertmäge nädip kömek etdi?
16 Öň özüni möjek ýaly zalym alyp baran adamlaryň köpüsi häzir başgalar bilen parahat ýaşaýarlar. Bu barada jw.org saýtyndaky «Mukaddes Ýazgylar durmuşyňy özgertmäge kömek edýär» diýen makalalardan okap bilersiňiz. Ýehowany tanap, oňa gulluk edýänler «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, muny iş ýüzünde görkezmeýän adamlardan» düýbünden tapawutlanýar. Öň zalym bolan adamlar «Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýinýärler» (Ef 4:23, 24). Hawa, Hudaý hakda bilim alyp başlan adamlar onuň adyl kadalaryna laýyk ýaşamalydygyna düşünýärler. Olar ynançlaryny, garaýyşlaryny we häsiýetlerini özgertdiler. Elbetde, bu aňsat däl, emma Hudaýyň islegini ak ýürekden berjaý etmek isleýän adamlar mukaddes ruhuň kömegi bilen muny başaryp bilerler.
«ŞEÝLE ADAMLARDAN GAÇA DUR»
17. Biz Hudaýa ýaramaýan häsiýetli adamlaryň täsirine düşmekden nädip gaça durup bileris?
17 Hudaýa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawut gitdigiçe aýdyň görünýär. Biz, Hudaýyň gullukçylary nädogry garaýyşdaky adamlaryň täsirine düşmekden seresap bolmaly. 2 Timoteos 3:2—5-nji aýatlarda agzalýan häsiýetleri bildirýän «adamlardan gaça duruň» diýen maslahata eýermeli. Elbetde, biz olardan doly daşda durup bilmeris. Sebäbi olar bilen işlemeli, mekdepde okamaly ýa-da ýaşamaly bolýarys. Muňa garamazdan, biz olaryň garaýyşyna we özüni alyp barşyna eýermekden gaça durup bileris. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip we Ýehowa gulluk edýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşyp, özümizi ruhy taýdan berkitmeli.
18. Biz gepleýşimiz we özümizi alyp barşymyz bilen başgalara ruhy taýdan nädip kömek edip bileris?
18 Biz başgalara hem ruhy taýdan kömek etmäge jan etmeli. Adamlara wagyz edip we öz wagtynda ýerlikli sözleri aýdyp biler ýaly, Ýehowadan kömek soramaly. Biz özümiziň Ýehowanyň Şaýatlarydygymyzy başgalardan gizlemeli däl. Şonda ýagşy edim-gylymymyz özümize däl-de, Hudaýa şöhrat getirer. Sebäbi «bu merhemet bize häzirki döwürde Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi, sagdyn düşünjeli bolmagy, dogrulykda ýaşamagy hem-de Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär» (Tit. 2:11—14). Eger özümizi Hudaýa ýaraşykly alyp barsak, bizi gören adamlar: «Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik» diýerler (Zak. 8:23).
^ abzas 3 Malaky 3:18 Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz.
^ abzas 10 «Töhmetçi» ýa-da «myjabatçy» diýen grek sözi Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan diabalos sözünden gelip çykyp, Hudaýa zalymlyk bilen töhmet atan Şeýtanyň tituly hökmünde ulanylýar.
^ abzas 15 Işaýa 11:6 Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar. 7 Sygyr aýy bilen bile otlar, balalary-da bile ýatar olaryň, arslan öküz dek saman iýer.