Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ol ejizleri kuwwatlandyrýar»

«Ol ejizleri kuwwatlandyrýar»

2018-nji ýylyň aýady: «Ýehowa umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar». IŞ. 40:31, TD

AÝDYMLAR: 152, 51

1. Biz nähili kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarys? Ýehowa wepaly gullukçylaryna näme üçin buýsanç bilen seredýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

SIZ şu günler ýaşaýşyň kyndygy bilen razylaşsaňyz gerek. Ýehowa mähriban dogan-uýalarymyzyň köpüsiniň agyr keselçilikden ejir çekýändigini bilýär. Käbirleri ençeme ýyl bäri gartaşan dogan-garyndaşlarynyň aladasyny edýär. Başgalary bolsa maşgalasyny iň gerekli zatlar bilen üpjün etmek üçin köp der dökmeli bolýar. Bilşimiz ýaly, olaryň köpüsi birbada ençeme kynçylyklar bilen göreşýär. Bu bolsa gaty köp wagty we güýji talap edýär; olara edilýän çykdajylar barada gürrüňem ýok. Muňa garamazdan, siz Hudaýyň wadalaryna doly ynanýarsyňyz, gelejege bolan umydyňyzy hem gaýym saklaýarsyňyz. Ýehowa muňa, gör, nähili begenýändir!

2. Işaýa 40:29-daky sözler bizi nädip ruhlandyrýar? Biz nähili uly ýalňyşlyk goýberip bileris?

2 Käte siz kynçylyklardan ýaňa özüňizi iki oduň arasynda galan ýaly duýýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, onda siz ýeke däl. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň geçmişde ýaşan wepaly gullukçylarynyň hem köplenç özlerini şeýle duýandyklary aýdylýar (1 Pat. 19:4; Eýp. 7:7). Emma olar ýan bermediler, gaýtam, Ýehowadan güýç dileýärdiler. Olaryň eden tagallasy biderek bolmady, sebäbi Ýehowa «ejizleri kuwwatlandyrýandyr» (Iş. 40:29). Gynansak-da, şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň käbiri kynçylyklar bilen has gowy göreşjek bolup, ruhy işleri etmegini goýdular. Başgaça aýdanyňda, hamala Hudaýyň işleri bereket däl-de, olara ýük bolýan ýalydy. Olar Hudaýyň Sözüni okamagyny, ýygnak duşuşyklaryna barmagyny we wagyz etmegini bes edip, Şeýtanyň islegini amala aşyrdylar.

3. a) Biz Şeýtanyň maksadyny nädip puja çykaryp bileris? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Iblis ruhy işleriň güýç berýändigini gaty gowy bilýär. Şol sebäpli ol bizi ruhy taýdan gowşatjak bolýar. Eger siz beden we duýgy taýdan ýadawlyk duýsaňyz, onda Ýehowadan daşlaşmaň. Gaýtam, oňa ýakynlaşyň, sebäbi «ol sizi berkider, güýçlendirer» (1 Pet. 5:10; Ýak. 4:8). Biz şu makalada Hudaýa edýän gullugymyzy gowşadýan iki ýagdaýa serederis we Ýazgylardaky prinsipleriň kömegi bilen olara nädip hötde gelip biljekdigimiz barada gürrüň ederis. Geliň, ilki Işaýa 40:26—31-nji aýatlarda görkezilişi ýaly, Ýehowanyň bizi güýçlendirip bilýändigine seredeliň.

«REBBE UMYT BAGLAÝANLAR TÄZEDEN GÜÝÇ TOPLARLAR»

4. Işaýa 40:26-daky sözlerden näme öwrenýäris?

4 Işaýa 40:26-ny okaň *. Älem-jahandaky ýyldyzlaryň sanyny hiç kim bilmeýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, Akmaýanyň ýoly galaktikasynda 400 milliard ýyldyz bar. Emma Ýehowa olaryň hersiniň adyny we tutýan ornuny bilýär. Mundan näme öwrense bolýar? Eger Ýehowa jansyz zatlar bilen şeýle gyzyklanýan bolsa, onda Özüne robot ýaly däl-de, söýgi bilen gulluk edýän adamlara nähili garaýarka?! (Zeb. 19:1, 3, 14). Mähriban Atamyz bedenimizdäki her bir öýjügimizi bilýär. Hatda «başymyzdaky saçymyzam sanalgydyr» (Mat. 10:30). Mezmurçy: «Reb kämilleriň günlerini bilýändir» diýip ýazdy (Zeb. 37:18). Hawa, Ýehowa biziň nähili kynçylyklara uçraýandygymyzy bilýär we olara hötde gelmäge güýç berýär.

5. Ýehowanyň bizi güýçlendirip bilýändigine näme üçin ynamly bolup bileris?

5 Işaýa 40:28-i okaň *. Ýehowanyň güýjüniň çägi ýok. Geliň, onuň ýaradan asman jisimleriniň biri Günüň güýji hakda oýlanyp göreliň. Deýwid Bodanis atly alym şeýle diýdi: «Günüň her sekuntda bölüp çykarýan güýji milliard atom bombasynyň güýjüne barabar». Başga bir alym bolsa Günüň «bir sekuntda berýän güýjüni adamzadyň 200 müň ýyllap ulanyp biljekdigini» aýdýar. Eýsem, şeýle güýçli Güni ýaradan Hudaý, heý-de, kynçylyklarymyzy ýeňmäge bize güýç berip bilmezmi?!

6. Isanyň boýuntyrygy haýsy manyda ýumşak we bu size nähili täsir edýär?

6 Işaýa 40:29-y okaň *. Ýehowa gulluk etmek köp şatlyk berýär. Isa şägirtlerine: «Meniň boýuntyrygymy egniňize alyň... Şonda janyňyz dynçlyk tapar. Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:28—30). Nähili ýerlikli aýdylan sözler! Käte ýadawlyk sebäpli ýygnaga ýa-da wagza gitmek üçin özümize zor salmaly bolýarys. Ýöne öýe gelenimizden soň, özümizi nähili duýýarys? Isanyň aýdyşy ýaly, dynçlyk tapýarys we gündelik kynçylyklara döz gelmäge güýç toplaýarys. Dogrudan-da, Isanyň boýuntyrygy ýumşak!

7. Matta 11:28—30-njy aýatlardaky sözleriň hakykatdygyny mysal arkaly düşündiriň.

7 Kaýla atly uýa agyr ýadawlyk, göwnüçökgünlik we çakyza keselinden ejir çekýär. Şonuň üçin käte oňa ýygnak duşuşygyna barmak aňsat bolmaýar. Emma ol bir gezek özüne zor salyp, jemagat nutugyna baransoň, şeýle diýdi: «Men gaty ruhlandym. Dogan örän mähirli çykyş etdi, men aladamyň edilýändigini duýup, göz ýaşlarymy saklap bilmedim. Bu maňa ýygnak duşuşygyna barmagyň wajypdygyny ýene bir gezek ýatlatdy». Uýamyz ýygnak duşuşygyna barmak üçin tagalla edendigine, gör, nähili begenendir!

8, 9. «Men ejiz wagtym güýçlüdirin» diýende, Pawlus nämäni göz öňünde tutdy?

8 Işaýa 40:30-y okaň *. Biz nähili ukyply bolsak-da, öz güýjümize daýanyp bilmeris. Muny hemmämiziň bilmegimiz gerek. Meselem, Pawlus resul örän ukyply bolsa-da, islän ähli zadyny edip bilmeýärdi. Ol bu babatda biynjalyk edýän zadyny aýdanda, Ýehowa oňa: «Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm doly aýan bolýandyr» diýdi. Pawlus bu sözleriň manysyna düşündi. Şol sebäpli: «Men ejiz wagtym güýçlüdirin» diýdi (2 Kor. 12:7—10). Eýsem, Pawlus nämäni göz öňünde tutduka?

9 Pawlus köp zatlary öz güýji bilen hem edip biljekdigine düşünýärdi. Emma Hudaýyň mukaddes ruhy onuň başarmajak we ömründe edip bilmejek ýumşuny berjaý etmäge güýç hem-de ukyp berdi. Biz barada-da şeýle diýse bolar. Ýehowanyň güýji bilen biz köp zatlary başararys!

10. Ýehowa Dawut patyşa kynçylyklarynda nädip kömek etdi?

10 Mezmurçy Dawut Hudaýyň mukaddes ruhunyň güýjini öz durmuşynda köp gördi. Ol: «Seniň bilen bir goşuna-da hüjüm ederin we Hudaýym bilen diwardan böküp geçerin» diýip nagma aýtdy (Zeb. 18:29). Käbir kynçylyklar edil diwar ýaly, olary öz güýjümiz bilen ýeňip bilmeris. Şol sebäpli bize Ýehowanyň güýji gerek.

11. Kynçylyklara döz gelmekde mukaddes ruhuň nähili ähmiýeti bar? Düşündiriň.

11 Işaýa 40:31-i okaň *. Bürgüt öz güýji bilen ýokaryk galyp, uzak wagtlap uçup bilmeýär. Howanyň ýyly gatlagy oňa ýokaryk galmaga we az güýç sarp etmäge kömek edýär. Bizem kynçylyga uçranymyzda, bürgüdi ýadymyza salyp bileris. «Ýokaryk galmak» üçin, biz Ýehowa doga edip, «mukaddes ruhuny» dilemeli (Ýah. 14:26). Muny günüň dowamynda islendik wagty edip bileris. Esasan-da, dogan-uýalar bilen düşünişmezlik bolanda, biz Hudaýyň kömegine has-da mätäç bolmagymyz mümkin. Eýsem, şeýle ýagdaýlar näme üçin döreýär?

12, 13. a) Mesihçileriň arasynda näme üçin düşünişmezlik döreýär? b) Ýusup bilen bolan wakadan Ýehowa barada näme öwrenýäris?

12 Biz bikämil bolandygymyz üçin aramyzda düşünişmezlik döräp biler. Şol sebäpli käte imandaşlarymyz sözi ýa-da edýän işleri bilen göwnümize degmegi mümkin. Ýa-da biziň özümiz olaryň göwnüne degip bileris. Şonda biziň imanymyz synalyp biler. Beýleki synaglarda bolşy ýaly, Ýehowa şeýle ýagdaýda-da bikämildiklerine garamazdan, söýýän gullukçylary bilen agzybir işleşip, wepalylygymyzy subut etmäge mümkinçilik berýär.

Ýehowa Ýusuby terk etmedi; ol sizem terk etmez (13-nji abzasa serediň)

13 Ýusup bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň synalmagyna ýol berýär. Ýusup heniz ýaşka, doganlary ony Müsüre gul edip satýarlar (Gel. çyk. 37:28). Ýehowa wepaly dosty Ýusuba erbet daraşýandyklaryny görüp, gaty gynanan bolmaly. Emma ol munuň öňüni almady. Potyparyň aýaly Ýusuba töhmet atyp, türmä basdyranda-da, Ýehowa hiç zat etmedi. Onda Hudaý ony terk etdimi? Ýok. Ýazgylarda: «Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi» diýilýär (Gel. çyk. 39:21—23).

14. «Gaharyňy saklamagyň» ruhy we beden taýdan nähili peýdasy bar?

14 Geliň, başga bir mysala seredeliň. Käbir adamlar Dawuda erbet daraşýardylar. Muňa garamazdan, Hudaýyň dosty Dawut kynçylykda ruhdan düşmedi. Gaýtam, ol: «Gahardan saklan, gazaby taşla; ýamanlyk etmek üçin asla özüňi ýakma» diýip ýazdy (Zeb. 37:8). Gaharyňy «saklamak» üçin «günälerimize laýyk iş etmeýän» Ýehowadan görelde almaly (Zeb. 103:10). Emma «gahardan saklanmagyň» başga-da peýdaly taraplary bar. Adam gaharlananda, gan basyşy ýokary galyp, dem almasy kynlaşýar. Bu bolsa bagra we aşgazan asty mäze erbet täsir edip, iýmit siňdiriş organynyň kadaly işlemegine päsgel berýär. Mundan başga-da ol hemişe aýdyň pikirlenip bilmeýär. Köplenç adamyň gahary uzak wagt dowam edýän göwnüçökgünlige eltýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Asuda ýürek bedene ýaşaýyşdyr» diýilýär (Sül. tym. 14:30). Onda biz duýgularymyza erk edip, doganymyzy nädip gazanyp bileris? Munuň üçin Mukaddes Ýazgylardaky paýhasly maslahata eýermeli.

DÜŞÜNIŞMEZLIK DÖRÄNDE...

15, 16. Biz göwnümize degen imandaşymyzy nädip gazanyp bileris?

15 Efesliler 4:26-ny okaň. Biz dünýädäki adamlar tarapyndan kynçylyga uçranymyzda geň galmaýarys. Emma imandaşymyz ýa-da maşgala agzalarymyz sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degse, erbet bolmagymyz mümkin. Aýdaly, biz düşünişmezligi ýatdan çykaryp bilmeýäris. Biz onuň ençeme ýyllap dowam etmegine ýol bererismi ýa-da Mukaddes Ýazgylardaky paýhasly maslahata eýerip, derrew çözeris? Biz dörän düşünişmezligi näçe uzaga çekdirsek, şonça-da doganymyz bilen parahatlygy saklamak kyn bolar.

16 Aýdaly, dogan-uýalaryň biri siziň göwnüňize degip, siz hem muny ýatdan çykaryp bilmeýärsiňiz. Onuň bilen parahatlygy dikeltmek üçin nähili ädimleri ädip bilersiňiz? Ilki bilen, Ýehowa gyzgyn doga ediň. Göwnüňize degen bilen düşünişmek üçin, Ondan kömek soraň. Onuň hem «Ýehowanyň dostudygyny» unutmaň (Ýak. 2:23). Hudaý ony söýýär. Ýehowa dostlary bilen özüni mähirli alyp barýar we sizdenem şeýle zada garaşýar (Sül. tym. 15:23; Mat. 7:12; Kol. 4:6). Soňra aýtjak zatlaryňyz hakda oýlanyň. Bilgeşleýin siziň göwnüňize degendir diýip pikir etmäň; ol hakda ýagşy niýetde boluň. Dörän ýagdaýa azda-kände özüňiziňem günäkärdigiňizi boýun alyň. Siz gürrüňdeşlige başlamak üçin şeýle diýip bilersiňiz: «Bilýäňmi, meniň özüme çekmek häsiýetim bar. Şonuň üçin düýn seniň aýdanlaryňa nädogry düşünäýdim öýdýän...». Eger gürrüňdeşlik isleýşiňiz ýaly gowy netije bermese, onda parahatlygy dikeltmegiň başga ýoluny gözläň. Meselem, onuň üçin doga ediň; Ýehowadan ony goldamagyny diläň. Onuň gowy häsiýetlerini görüp biler ýaly, Hudaýdan kömek soraň. Nähili bolaýanda-da, siz doganyňyzy, ýagny Hudaýyň dostuny gazanmak üçin ak ýürekden edýän tagallaňyzy Ýehowanyň patalajakdygyna doly ynanyp bilersiňiz.

ÖŇKI ÝALŇYŞLYKLARYMYZ SEBÄPLI RUHDAN DÜŞENIMIZDE...

17. Agyr günä edenimizde, Ýehowa nädip kömek edýär we biz berilýän kömegi näme üçin kabul etmeli?

17 Käbir mesihçiler eden agyr günäsi sebäpli özlerini Ýehowa gulluk etmäge mynasyp görmeýärler. Özüňi günäkärlemek duýgusyny zalym hojaýyna meňzetse bolýar. Şeýle duýgudan ejir çeken Dawut patyşa: «Men dymanymda bütin gün iňňildimden süňklerim garrady. Çünki gije-gündiz Seniň eliň maňa agram saldy» diýdi. Emma ol ruhy taýdan ösen adam bolandygy üçin, muny ýeňmegi başardy. Ol: «Men günämi saňa äşgär etdim... Sen günämi, ýazygymy bagyşladyň» diýip ýazdy (Zeb. 32:3—5). Eger agyr günä eden bolsaňyz, Ýehowa size kömek etmäge taýyn. Ýöne munuň üçin onuň ýygnak arkaly berýän kömegini kabul etmeli (Sül. tym. 24:16; Ýak. 5:13—15). Ebedi gelejegiňize atanak çekmäň! Şol sebäpli berilýän kömege derrew sesleniň. Emma günäňiz bagyşlanandan soň hem, ynsabyňyz köseýän bolsa näme?

18. Eden ýalňyşlygy sebäpli özüni günäkärleýän mesihçilere Pawlusyň mysaly nädip kömek edip biler?

18 Pawlus resul hem öňki eden ýalňyşlyklary sebäpli lapykeç bolandyr. Ol: «Men resullaryň iň kiçisi, hatda resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin, sebäbi men Hudaýyň ýygnagyny yzarlapdym» diýip ýazdy. Muňa garamazdan, Pawlus: «Emma men bu gullugy Hudaýyň merhemeti bilen ýerine ýetirip bilýärin» diýdi (1 Kor. 15:9, 10). Ýehowa Pawlusyň bikämildigini bilýärdi, ýöne şonda-da ony kabul etdi we aýratyn ýumuş tabşyryp, hormat bildirdi. Ýehowa Pawlusy söýýärdi we muny onuň bilmegini isleýärdi. Eger öňki eden günäleriňize ýürekden toba edip, olary gaýtalamazlyk üçin gerekli ädimleri äden bolsaňyz, Ýehowanyň rehimdarlyk bildirjekdigine asla şübhelenmäň. Şonuň üçin Ýehowanyň aýdýanlaryna eýeriň we onuň bagyşlandygyna ynanyň (Iş. 55:6, 7).

19. 2018-nji ýyl üçin haýsy aýat saýlandy we ol näme üçin ýerlikli?

19 Bu dünýäniň soňy ýetip gelýär. Şonuň üçin kynçylyklaryň has-da köpeljekdigi ikuçsuzdyr. Emma «ejizleri kuwwatlandyryp, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýan» Ýehowa Hudaýyň olaryň hötdesinden gelmäge kömek etjekdigine şübhelenmän bileris (Iş. 40:29; Zeb. 55:22; 68:19). 2018-nji ýylda biz ýyllyk aýadyndaky wajyp hakykaty özümize ýatladyp durarys. Onda şeýle diýilýär: «Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar» (Iş. 40:31).

^ abzas 4 Işaýa 40:26 «Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär».

^ abzas 5 Işaýa 40:28 Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb — ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.

^ abzas 6 Işaýa 40:29 Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar.

^ abzas 8 Işaýa 40:30 Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.

^ abzas 11 Işaýa 40:31 Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.