Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI MAKALA

Ýehowanyň goldawyny görüň

Ýehowanyň goldawyny görüň

«Ýehowa Ýusuby goldaýardy. Ähli işine... bereket berýärdi» (1 Mus. 39:2, 3)

30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam

MAZMUNY a

1, 2. a) Biz näme üçin synaga düşenimizde geň galmaýarys? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?

 HUDAÝYŇ halky her gün dürli kynçylyklara döz gelýär, emma biz muňa geň galmaýarys. Mukaddes Kitapda: «Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin köp kynçylyklardan geçmelidiris» diýilýär (Res. 14:22). Biz kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýryp biljegine iman edýäris. Ýehowanyň berjek täze dünýäsinde «ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylh. 21:4).

2 Ýehowa mesihçileriň başyna gelýän synaglary aýyrmaýar, emma şol synaglara döz gelmäge güýç berýär. Muny Pawlus resulyň Rimlilere ýazan hatyndan görse bolýar. Ol rimli mesihçileriň başyna inen kynçylyklary we synaglary ýekän-ýekän sanap geçýär. Soňra ol sözüni şeýle jemleýär: «Bizi söýýäniň goldawy bilen ählisini ýeňýäris» (Rim. 8:35—37). Diýmek, Ýehowa synag döwri bize kömek edýän eken, goldaýan eken. Geliň, Ýehowanyň Ýusuby kyn gününde nädip goldandygyny we bize nädip kömek edýändigini bileliň.

DURMUŞYMYZ BIRDEN ÜÝTGÄNDE

3. Ýusubyň durmuşy nädip göz açyp-ýumasy salymda üýtgedi?

3 Ýakup pygamber ogullarynyň arasyndan Ýusuby eý görýärdi (1 Mus. 37:3, 4). Ýöne agalary inisine göriplik edip, ony ýigrenýärdi. Günlerde bir gün, olar Ýusuby täjirlere gul edip satýarlar. Midýanlaryň kerweni birnäçe günläp ýol söküp, Müsür iline barýar. Täjirler Ýusuby faraonyň köşk emeldary Potifara gul edip satýar. Ýusubyň durmuşy göz açyp-ýumasy salymda çepbe çöwrülýär. Atasynyň han ogly, ýat ýurtda gul bolýar (1 Mus. 39:1).

4. Biz nähili kynçylyklary başdan geçirýäris?

4 Mukaddes Kitapda ähli adamlaryň «garaşylmadyk ýagdaýa... duçar bolýandygy» ýazylan (Nes. 9:11). Şol sebäpli bizem ähli adamlar ýaly betbagtçylykdan we ýeter-ýetmezçilikden kösenip ýaşaýarys (1 Kor. 10:13). Üstesine-de, Isa pygamberiň şägirdi bolandygymyz üçin biziň üstümizden gülýärler, kemsidýärler we yzarlaýarlar (2 Tim. 3:12). Ýöne Ýehowanyň Ýusuby goldaýşy ýaly, bize-de kyn günlerde kömek etjegine ynamly bolup bileris.

Ýusup Potifaryň öýünde gul bolsa-da, Ýehowa ony goldaýardy (5-nji abzasa serediň).

5. Potifar Ýusuba näme üçin ynanýar? (1 Musa 39:2—6).

5 1 Musa 39:2—6-njy aýatlary okaň. Potifar Ýusubyň başarjaň we zähmetsöýer ýigitdigini bilýär. Şeýle-de Ýehowanyň Ýusuby goldaýandygyny we ähli işini ugruna edýändigini görýär. b Potifar Ýusuba şeýle bir ynanýar welin, oňa tutuş hojalygyna gözegçilik etmegi tabşyrýar. Şeýlelikde, Ýehowa Potifaryň rysgal-döwletini artdyrýar.

6. Ýusup nämäni arzuw etdikä?

6 Geliň, özümizi Ýusubyň ýerine goýup göreliň. Ýusuby Potifaryň öýüne eltenlerinde, ol nämäniň arzuw-hyýalyny etdikä? Ýusup: «Hojaýynymyň ynamyny gazanyp, sag eli bolsadym» diýip arzuw etdimikä? Ýa-da: «Meni azat etselerdi, kakamyň didaryny görsedim» diýip arzuw etdimikä? Biz muny anyk bilmeýäris. Ýusup Potifaryň ynamyny gazanan hem bolsa, gul bolup ýaşaýardy. Ýehowa Potifara Ýusuby azat etdirip bilerdi, emma beýle bolmady. Üstesine-de, Ýusubyň durmuşy has-da erbetleşdi.

KYNÇYLYKLAR ÜSTI-ÜSTÜNE BOLSA

7. Ýusubyň durmuşy nädip erbetleşdi? (1 Musa 39:14, 15).

7 Potifaryň aýaly daýaw, görmegeý Ýusuba aşyk bolup, göwün berýär. Ol ençeme sapar: «Meniň bilen ýat» diýip, Ýusuby yrjak bolýar, emma ol yrylmaýar. Şonda Potifaryň aýalynyň gahary gelip: «Ýewreý guly meni zorlap, ile-güne masgara etjek boldy!» diýip töhmet atýar (1 Musa 39:14, 15-nji aýatlary okaň). Potifaryň gany depesine urýar we ol ýagdaýyň anygyna-şänigine ýetmän Ýusuby zyndana atýar (1 Mus. 39:19, 20). Mukaddes Kitapdaky zyndan diýen söz «guýyny» ýa-da «çukury» aňladýar (1 Mus. 40:15, çykgyt). Şol tüm-garaňky zyndana düşen adamlar ýaşaýyşdan umydyny üzüp: «Indi men ýagty jahany görmerin» diýip, pikir eden bolmaly. Zebur kitabynda aýdylmagyna görä, Ýusubyň «aýagyna zynjyr baglaýarlar, boýnuna demir halka salýarlar» (Zeb. 105:17, 18). Hawa, Ýusup indi gül ömrüni kül edip, birnäçe ýylyny zyndanda geçirmeli bolýar.

8. Kynçylyklaryň yzy üzülmese nämä ynamly bolup bileris?

8 Belki, Ýusup ýaly siziň hem gözüňiz kynçylykdan açylýan däldir. Siz aglap Ýehowa doga edensiňiz, emma üýtgeýän zat ýokdur, gaýtam ýagdaýyňyz hasam beterleşýändir. Şeýtanyň dünýäsinde Ýehowa kynçylyklarymyzy we synaglarymyzy gudrat bilen aýyrmaýar (1 Ýah. 5:19). Ýöne Ol biziň çekýän derdimizi görýär we aladamyzy edýär (Mat. 10:29—31; 1 Pet. 5:6, 7). Ýehowa: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýip söz berýär (Ýew. 13:5). Siz: «Mundan artyk çydamok» diýen wagtyňyz Ýehowa dadyňyza ýetişer. Geliň, Allatagalanyň Ýusuby nädip goldandygy hakda gürrüň edeliň.

Ýehowa Ýusuby türmede goldaýardy, türmäniň başlygy ony tussaglaryň üstünden gözegçi edip belleýär (9-njy abzasa serediň).

9. Ýehowa Ýusuby zyndanda nädip goldaýardy? (1 Musa 39:21—23).

9 1 Musa 39:21—23-nji aýatlary okaň. Ýehowa Ýusuby zyndanda goldaýardy. Ýusup Potifaryň ynamyny gazanyşy ýaly, türmäniň başlygynyň hem göwnünden turýar. Ol Ýusuby tussaglaryň üstünden gözegçi edip belleýär we onuň edýän işlerini barlajak hem bolmaýar. Indi Ýusup durmuşdan doýup, gama batyp oturmaýardy. Ol tussaglara iş paýlaýardy we yhlas bilen zähmet çekýär. Şeýdip, wagtynyň nädip geçendigini bilmeýärdi. Türmäniň başlygy agyr günäde aýyplanan Ýusuby näme üçin gözegçi edip belledikä? 1 Musa 39:23-de şeýle diýilýär: «Ýehowa Ýusuby goldaýardy, haýsy işiň başyna barsa-da, Ýehowa edenini ugruna edýärdi».

10. Ýusup türmedekä näme hakda oýlanan bolmaly?

10 Geliň, Ýusubyň düşen ýagdaýy hakda oýlanyp göreliň. Zyndana düşende Ýusup: «Ýehowa meni goldaýarmyka?» diýip oýlanan bolmaly. Ýusup nämäniň arzuwyny etdikä? Zyndanyň başlygynyň ynamyny gazanmagymy ýa-da azatlyga çykmagy? Elbetde, Ýusup aklanyp azatlyga çykmagy arzuw edendir. Şonuň üçin ol ýanynda oturan tussaga azatlyga çykansoň, özi hakda faraona gürrüň bermegi haýyş edýär (1 Mus. 40:14). Ýöne ol Ýusubyň haýyşyny unudýar. Şol sebäpli Ýusup ýene-de iki ýyldan gowrak zyndanda oturýar (1 Mus. 40:23; 41:1, 14). Tussag Ýusuby unutsa-da, Ýehowa wepaly bendesini ýatdan çykarmaýardy. Hatda zyndanda-da ony goldap, işini ugruna edýärdi.

11. Ýehowa Ýusuba nähili ukyp berdi we ol Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna nädip goşant goşdy?

11 Müsüriň faraony Hudaý tarapyn iki sany gorkunç düýş görýär. Ol düýşleriň manysyny bilmek isleýär. Faraon Ýusubyň düýşleri ýorup bilýändigini eşidip, ony zyndandan boşadýar. Ýusup faraona düýşleriň manysyny düşündirýär we oňa peýdaly maslahatlary berýär. Faraon Ýehowanyň Ýusuby goldaýandygyna düşünýär we ony tutuş Müsür iline baştutan edip belleýär (1 Mus. 41:38, 41—44). Ýusup baştutan bolan döwri akylly-başly hereket edip, ammarlary galladan doldurýar. Birnäçe ýyldan soň Müsür ilinde açlyk bolýar. Soňra Kenganda-da açlyk güýjeýär. Ol ýerde Ýusubyň kakasy we doganlary ýaşaýardy. Ýusup dogan-garyndaşlaryny açlyk döwri galla bilen üpjün edýär. Şeýlelikde, wada edilen nesil ýitip gitmeýär.

12. Ýehowa Ýusuby nädip goldady?

12 Geliň, Ýusubyň durmuşynda bolan wakalar hakda ýene oýlanyp göreliň. Ýusup Potifaryň ynamdar hyzmatkäri bolýar. Türmäniň başlygy Ýusuby tussaglaryň üstünden gözegçi edip belleýär. Ýusup faraonyň gorkunç düýşlerini ýorup berýär. Faraon Ýusuby Müsür iline baştutan edip belleýär. Şu zatlar kimiň emri bilen bolandyr öýdýärsiňiz? Elbetde, Ýehowa Hudaýyň! (1 Mus. 45:5). Ol Ýusuby goldaýardy we her bir eden işini ugruna edýärdi. Agalary Ýusuba ýamanlyk edip, ony öldürjek bolsalar-da, Ýehowa ony aman saklady we niýetini amala aşyrdy.

ÝEHOWA SIZI NÄDIP GOLDAÝAR?

13. Başymyza inýän kynçylyklary Ýehowa gudrat bilen aýyrýarmy? Düşündiriň.

13 Biz Ýusubyň durmuşyndan bolan wakalardan näme öwrenýäris? Ýehowa durmuşymyzda bolýan islendik kynçylygy we synagy gudrat bilen aýyrýarmy? Başymyza inýän ýamanlygy ýagşylyga öwürýärmi? Bize bereket bermek üçin ýörite synagdan geçirýärmi? Ýok, Mukaddes Kitapda beýle öwredilmeýär (Nes. 8:9; 9:11). Emma Ýehowa biziň ýagdaýymyza düşünýär, doga-dileglerimizi eşidýär we mertlik bilen çydamaga güýç berýär (Zeb. 34:15; 55:22; Işa. 59:1).

14. Ýehowa kyn güne düşenleri nädip goldaýar?

14 Ýehowa kyn güne düşen mesihçilere tüýs wagtynda göwünlik berip ruhlandyrýar (2 Kor. 1:3, 4). Muny Türkmenistanda ýaşaýan Eziz doganyň durmuşynda bolan waka subut edýär. Ony imany üçin iki ýyl tussag edýärler. Eziz şeýle gürrüň berýär: «Türmä basyljak günüm irden bir dogan maňa Işaýa 30:15-i okap berdi. Aýatda: „Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar“ diýilýär. Şu sözler türmede oturanymda Ýehowa bil baglamaga we göwnümi giň tutmaga kömek etdi. Men türmede şu aýat hakda her gün oýlanyp ruhlanýardym». Dogan-uýalar, Ýehowanyň size-de tüýs wagtynda göwünlik berýändigini duýan bolsaňyz gerek.

15, 16. Biz Tina uýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

15 Biz köplenç agyr günleri başdan geçirenimizde Ýehowanyň goldawyny görüp bilmeýäris. Emma kynçylyklar gutaransoň, Ýehowanyň kömegi bilen döz gelendigimize düşünip galýarys. Munuň şeýledigine Tina c uýa göz ýetirdi. Onuň ogly Meýson 6 ýyllap rak keseli bilen göreşip, aradan çykýar. Şonda gaýgy-hasratdan ýaňa Tina uýa janyna jaý tapmaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Oglumyň kösenip, ejir çekip ýatyşyny görenimde ýüregim dilim-dilim boldy. Meniň derdime ähli eneler düşünse gerek. Çagasynyň aýagyna çümen tiken, ejeleriň ýüregine çümýär».

16 Tina uýa çekip çydardan agyr kynçylygy başdan geçirdi. Ol geçen günlerini ýatlanynda, Ýehowanyň kömegi bilen döz gelendigine düşünýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Oglum hassa ýatan wagty Ýehowa maňa güýç berdi. Meýsonyň dogan-uýalary görmäge-de ýagdaýy ýokdy. Ýöne şonda-da dogan-uýalar iki sagatlyk ýol geçip, Meýsony görmäge gelerdiler. Käbirleri hemişe kömege taýyndylar, hatda hassahanadan hem gitmeýärdiler. Dogan-uýalar bize pul kömegini hem berýärdiler. Ýagdaýymyz kyn bolsa-da, Ýehowa çykalga açyp berdi». Hawa, Ýehowa Tina uýa-da, Meýsona-da güýç-kuwwat berdi (« Ýehowa gerekli kömegi berdi» diýen çarçuwa serediň).

ÝEHOWANYŇ ÝAGŞYLYKLARY HAKDA OÝLANYŇ

17, 18. Ýehowanyň synag döwri goldaw berýändigini görmek üçin näme etmeli? (Zebur 40:5).

17 Zebur 40:5-i okaň. Alpinistiň maksady dagyň çür depesine çykmak. Ýöne ol daga çykýan wagty käte durup, tebigatyň gözelligini synlaýar. Edil şonuň ýaly, bizem Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Munuň üçin her günüň ahyrynda özümize şeýle soraglary berip bileris: «Şu gün Ýehowa meni nädip goldady? Synaglar dowam edýän hem bolsa, Ýehowa maňa döz gelmäge nädip güýç berýär?» Soňra Ýehowanyň size edýän ýagşylyklarynyň iň bolmanda birini görjek boluň.

18 Belki, siz: «Ýehowa Atam, şu kynçylygy, synagy aýraý» diýip doga edensiňiz. Şeýle doga edýän adama ejiz diýip bolmaz (Flp. 4:6). Siz Ýehowanyň goldawyny görjek boluň. Ol kyn ýagdaýlarda güýç berjekdigini wada berýär. Geliň, Ýehowanyň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolalyň! Ol Ýusuby kyn günlerinde goldan bolsa, size-de güýç-kuwwat berer we işiňizi ugruna eder (1 Mus. 41:51, 52).

32-NJI AÝDYM Ýehowanyň tarapyna geçiň

a Biz agyr kynçylyklary, synaglary başdan geçirenimizden soň: «Ýehowa maňa kömek etdi» diýip begenýäris. Ýöne kynçylyklaryň yzy üzülmese, Ýehowanyň goldawyny görmek kyn bolýar. Ýusup bilen bolan waka Ýehowanyň bizi kyn ýagdaýlarda goldap, işimizi ugruna edýändigine düşünmäge kömek edýär. Makalada şu hakda gürrüň ederis.

b Ýusubyň Potifaryň öýünde gul bolandygy hakda Mukaddes Kitabyň birnäçe aýadynda aýdylsa-da, Ýusup ol ýerde köp ýyl gul bolup ýaşan bolmaly.

c Käbir atlar üýtgedildi.