2-NJI MAKALA
Siz pikiriňizi täzeleýärsiňizmi?
«Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň» (Rim. 12:2).
88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret
MAZMUNY a
1, 2. Biz suwa çümdürilenden soň hem näme etmeli? Mysal getiriň.
SIZ öýüňizi näçe wagtdan arassalap durýarsyňyz? Belki, täze öýe göçeniňizde, ähli ýerini syryp-süpürip gül pürkülen ýaly edersiňiz. Emma öýüňizi arassalap durmasaňyz näme bolar? Ähli ýerini gum basar. Diýmek, öýüňiz hemişe arassa bolar ýaly ýygy-ýygydan syryp süpürmeli.
2 Edil şonuň ýaly, aňymyzy arassalap täze häsiýetleri geýmek üçin her gün elimizde baryny etmeli. Elbetde, biz suwa çümdürilmezden öň «bedeni we ýüregi hapalaýan her bir zatdan özümizi arassalandyrys» (2 Kor. 7:1). Emma Pawlus resulyň «pikiriňizi hemişe täzeläp duruň» diýen maslahatyny unutmaly däl (Efes. 4:23). Sebäbi Şeýtanyň dünýäsi biziň aňymyzy we ýüregimizi hapalap bilýär. Biz Ýehowa arassa sežde edip biler ýaly pikirlerimizi, häsiýetlerimizi we isleg-arzuwlarymyzy barlap durmaly.
«PIKIRIŇIZI WE HÄSIÝETIŇIZI ÜÝTGEDIŇ»
3. Pikiriňi üýtgetmek nämäni aňladýar? (Rimliler 12:2).
3 Biz «pikirimizi we häsiýetimizi üýtgetmek» üçin näme etmeli? (Rimliler 12:2-ni okaň). «Pikiriňi üýtgetmek» diýen grek jümlesi «pikiriňi täzelemegi» hem aňladýar. Munuň üçin birki sany gowy häsiýetiňe guwanmak ýeterlikli däl. Biz içki dünýämizi gowy barlamaly. Ýehowa ýaramaýan gylyk-häsiýetlerimiziň bardygyny bilenimizde, ony köki bilen sogrup taşlamaly. Biz diňe bir gezek däl-de, gaýta-gaýta öz üstümizde işlemeli.
4. Şu dünýäniň pikiri aňymyzy zäherlemez ýaly näme etmeli?
4 Biz täze dünýäde kämil bolarys. Şonda her gün Ýehowa ýaraýan zatlary edip, Ony begendireris. Emma şol gün gelýänçä, Ýehowany razy etmek üçin elimizde baryny etmeli. Pawlus resul Rimliler 12:2-de Hudaýyň islegine düşünmek üçin «pikirimizi we häsiýetimizi üýtgetmelidigini» nygtap geçdi. Biz: «Iller şeýdýär, menem şeýtjek» diýmegiň deregine, Hudaýyň bizden nämä garaşýandygyna düşünmeli we şoňa görä ýaşamaly. Sebäbi adamyň etsem-goýsamy, maksat-myrady pikirinden başlanýar.
5. Ýehowanyň gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýandygymyzy nädip görkezip bileris? (Surata serediň).
5 Biz Petrus resulyň maslahatyna eýerip, «Ýehowanyň geljek gününe» sabyrsyzlyk bilen garaşmaly (2 Pet. 3:12). Şu soraglar hakda oýlanyň: «Siz soňky günleriň soňky sagatlarynda ýaşaýandygyňyza ynanýarsyňyzmy? Siz durmuşyňyzda nämäni birinji orunda goýýarsyňyz? Ýehowa sežde etmegimi, ýokary okuw jaýynda okamagymy ýa-da ýokary wezipede işlemegi? Siz gazanç etmek üçin gije-gündiz işleýärsiňizmi ýa-da Ýehowanyň gerek-ýarak zatlaryňyzy ýetirjekdigine ynanýarsyňyz?» Eger siz Ýehowany razy edip ýaşasaňyz, Ol size guwanar we buýsanar (Mat. 6:25—27, 33; Flp. 4:12, 13).
6. Bize imanymyzy barlamaga näme kömek edýär?
6 Biz içki dünýämizi barlap durmaly we öz üstümizde işlemäge taýyn bolmaly. Pawlus resul mesihçilere: «Imanyňyzy, özüňizi barlap duruň» diýip maslahat berdi (2 Kor. 13:5). Hawa, biz imanymyzy berkidip durmaly. Munuň üçin käte ýygnaklara barmak we käte wagyz etmek ýeterlikli däl. Biz pikirimizi, niýetimizi we isleg-arzuwymyzy barlamaly. Biz nädip aňymyzy we ýüregimizi arassalap bileris? Biz Mukaddes Kitaby her gün okamaly, Ýehowanyň isleginiň nämedigine düşünmeli we Ony razy edip ýaşamaly (1 Kor. 2:14—16).
«TÄZE HÄSIÝETLERI GEÝIŇ»
7. Efesliler 4:31, 32-nji aýatlara görä, biz näme etmeli we muny etmek näme üçin kyn bolýar?
7 Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary okaň. Biz pikirimizi üýtgetmek bilen çäklenmän, eýsem «täze häsiýetleri geýmeli» (Efes. 4:24). Elbetde, muny etmek aňsat bolmaýar. Sebäbi gahar-gazap, öýke-kine ýaly erbet häsiýetler aňymyza we ganymyza siňen. Mukaddes Kitapda: «Ynsan ýüregi ýaşlygyndan erbetlige ýykgyndyr» diýilýär (1 Mus. 8:21). Biz suwa çümdürilenimizden soň hem erbet häsiýetleri ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmak üçin tagalla etmeli. Geliň, bir waka seredeliň.
8, 9. Stiweniň wakasyndan näme öwrenýäris?
8 Stiwen Ýehowany tanamanka gödek we zalym adamdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Suwa çümdürilenimden soňam gaharymy saklamak üçin öz üstümde köp işlemeli boldum. Bir gezek öýden-öýe wagyz etmäge gitdim. Şonda bir oglan maşynymdaky radiony ogurlap barýan eken. Menem onuň yzyndan kowaladym. Ol yzyndan galmajakdygyma gözi ýetensoň, radiony taşlap gaçyp gitdi. Men şol wakany dogan-uýalara gürrüň berdim. Şonda bir ýaşuly dogan: „Stiwen, ogryny tutan bolsaň näme ederdiň?“ diýip sorady. Doganyň soragy meni çuňňur oýa batyrdy. Men entegem öz üstümde işlemelidigime düşündim». b
9 Stiweniň wakasyndan görnüşi ýaly: «Şundan-a dyndym» diýen häsiýetimiz käte ýüze çykmagy mümkin. Eger sizde-de erbet häsiýetler ýüze çykýan bolsa ruhdan düşmäň. Özüňizi dereksiz adam hasaplamaň! Pawlus resul hem: «Dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar» diýdi (Rim. 7:21—23). Öýi syryp-süpürip durmasak hapalanyşy ýaly, erbet pikirler hem aňymyzy hapalap biler. Şol sebäpli ýüregimizi we aňymyzy arassalap durmaly. Muny nädip etmeli?
10. Erbet häsiýetleri we endikleri aýyrmak üçin näme etmeli? (1 Ýahýa 5:14, 15).
10 Erbet häsiýetleriňizi, endikleriňizi aýyrmak üçin Ýehowa doga ediň we jogap berjekdigine ynanyň (1 Ýahýa 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Elbetde, Ýehowa siziň erbet häsiýetleriňizi we endikleriňizi gudrat bilen aýyrmaz, ýöne özüňize erk etmäge güýç berer (1 Pet. 5:10). Doga edeniňizden soň gol gowşuryp oturmaň, öz aýagyňyz bilen Şeýtanyň duzagyny basmaň. Erbet höwesleri oýarýan telegepleşikleri, filmleri görmäň we kitap-žurnallary okamaň. Erbet pikirleriň ýüregiňizde kök urmagyna ýol bermäň (Flp. 4:8; Kol. 3:2).
11. Täze häsiýetleri geýmek üçin näme etmeli?
11 Biz öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarmak bilen çäklenmän, täze häsiýetleri hem geýmeli. Muny nädip etmeli? Biz Ýehowanyň göreldesine eýermeli we onuň häsiýetlerini ösdürmek üçin jan etmeli (Efes. 5:1, 2). Aýdaly, biz Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň geçirimliligi hakdaky bir wakany okaýarys. Şonda: «Men dogan-uýalary ýürekden bagyşlaýarynmy?» diýen sorag hakda oýlanmaly. Ýa-da Ýehowanyň kyn güne düşen wepaly bendelerine duýgudaşlyk bildirýändigi hakda okaýarys. Soňra: «Men mätäç dogan-uýalaryň aladasyny edip, gerekli kömegi berýärinmi?» diýen sorag hakda oýlanmaly. Biz pikirimizi arassalap, täze häsiýetleri geýmek üçin jan etmeli, emma özümizden köp zada garaşmaly däl.
12. Stiwene özüne erk etmäge näme kömek etdi?
12 Stiwen doganyň tagallasy ýerine düşdi. Ol täze häsiýetleri ösdürip bildi. Stiwen şeýle diýýär: «Suwa çümdürilenimden soň gaharymy getirýän ýagdaýlar köp boldy. Emma ýagdaý beterleşmez ýaly şol ýerden gaýdýardym we gaharymy getirýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşmaýardym. Mähriban aýalym we dost-ýarlarym gaharyma erk edip bilýändigime guwanýandyklaryny aýdýarlar. Hudaýa şükür! Men indi öňkim ýaly ganygyzma adam däl. Şu erbet häsiýeti öz güýjüm bilen taşlandyryn öýdýärsiňizmi? Ýok, maňa Mukaddes Kitabyň maslahatlary kömek etdi».
ERBET PIKIRLER BILEN GÖREŞIŇ
13. Erbet pikirleri ýeňmäge näme kömek eder? (Galatýalylar 5:16).
13 Galatýalylar 5:16-ny okaň. Ýehowa bize erbet pikirleri ýeňer ýaly mukaddes ruhuny berýär. Biz Hudaýyň Sözüni okanymyzda mukaddes ruh aňymyzy we pikirlerimizi täzeleýär. Şeýle-de Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly mukaddes ruhuny berýär. Ýygnak jaýynda Ýehowany razy edip ýaşamak üçin elinde baryny edýän dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýarys we biri-birimiziň imanymyzy berkidýäris (Ýew. 10:24, 25; 13:7). Ýehowa ýalbaryp doga etsek, Ol bize ejizliklerimiz we erbet endiklerimiz bilen göreşer ýaly mukaddes ruhuny berer. Elbetde, erbet endiklerimiz we häsiýetlerimiz bir günde aýrylmaz, ýöne Mukaddes Kitaby okasak, ýygnak duşuşyklaryna barsak hem-de Ýehowa ýalbaryp doga etsek, olaryň guly bolmarys. Galatýalylar 5:16-da: «Mukaddes ruha görä ýaşaň, şonda ten höweslerine eýermersiňiz» diýilýär.
14. Biz näme üçin hemişe ýagşy zatlar hakda oýlanmaly?
14 Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmek üçin gün tertibini düzmeli we oňa hemişe eýermeli. Şeýle-de imanyňy berkidýän we ruhlandyrýan zatlar hakda oýlanmaly. Ganym duşman ýaly erbet endikler bizi gul etjek bolýar. Şonuň üçin suwa çümdürilenimizden soň hem arkaýynlaşmaly däl. Pully oýunlary oýnamak, spirtli içgileri köp içmek we pornografiýa görmek ýaly erbet endikler bizi duzaga düşürip biler (Efes. 5:3, 4). Ýaş dogan şeýle gürrüň berýär: «Men gyzlara däl-de, oglanlara göwün berýärdim. Şeýle duýgular sähel salymyň içinde geçip gider öýdýärdim, ýöne gün-günden möwjeýärdi». Erbet pikirleri aňyňyzdan hiç aýryp bilmeýän bolsaňyz, size näme kömek eder?
15. Erbet höwesler bilen göreşde bizi näme ruhlandyryp biler? (Surata serediň).
15 Erbet höwesler bikämil adamlaryň ganym duşmany, emma biziň ýeke özümiz söweşmeýäris. Mukaddes Kitapda: «Siziň başyňyza inen synaglar başgalaryň-da başyna inýändir» diýilýär (1 Kor. 10:13a). Başga bir terjimede bolsa: «Adamlaryň başyna inmedik kynçylyk, siziň hem başyňyza inmez» diýilýär. Pawlus resul şu sözleri Korinfdäki dogan-uýalara ýazypdy. Olar Isa Mesihiň şägirdi bolmazdan öň arakhordylar, azgynçylyk we ahlaksyzlyk edýärdiler (1 Kor. 6:9—11). Korinfdäki mesihçiler suwa çümdürilenden soň hem erbet pikirler we ahlaksyz höwesler bilen göreşmeli bolandyr. Olar saýlanan mesihçi bolsalar-da bikämil adamlardy. Şol sebäpli käte isleseler-de, islemeseler-de erbet höwesler olaryň aňynda oýanandyr. Emma olar göreşmegi bes etmediler. Olaryň göreldesi örän ruhlandyrýar, sebäbi biziň göreşýän erbet pikirlerimizi we höweslerimizi ýeňip geçdiler. «Şonuň üçin... imanda berk bolalyň, sebäbi bütin dünýädäki doganlarymyz hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýärler» (1 Pet. 5:9).
16. Biz nämeden seresap bolmaly we näme üçin?
16 Belki, biz: «Hiç kim meniň ýagdaýyma, duýgularyma we göreşýän kynçylyklaryma düşünmeýär» diýip ruhdan düşýändiris. Emma şeýle pikir etmek örän howply. Sebäbi synaga düşenimizde göreşmegiň deregine: «Men hiç haçan düzelmerin, maňa hiç kim kömek edip bilmez» diýip, gol gowşuryp oturarys. Emma Mukaddes Kitapda: «Hudaý beren sözünde durup, siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez. Synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar» diýilýär (1 Kor. 10:13b). Erbet höwesleriňiz näçe güýçli bolsa-da, siz özüňize erk edip bilersiňiz. Ýehowa size aldym-berdimli söweşde ýeňiş gazanmaga kömek eder.
17. Erbet pikirleriň guly bolmaz ýaly näme etmeli?
17 Biz bikämil adamlar. Şol sebäpli käte aňymyzda erbet pikirler ýa-da höwesler döräp biler. Şeýle ýagdaýda Potifaryň aýalyndan gaçyp giden Ýusubyň göreldesine eýereliň we aýgytly hereket edeliň (1 Mus. 39:12). Şonda erbet pikirleriň guly bolmarys.
SOŇUNA ÇENLI GÖREŞIŇ!
18, 19. Pikirimizi täzelemek üçin haýsy soraglar hakda oýlanmaly?
18 Biziň oý-pikirlerimiz we edýän işlerimiz Ýehowanyň göwnünden turar ýaly her gün pikirimizi täzeläp durmaly. Özümizi barlamak üçin şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: «Meniň gelýän kararlarymdan Ýehowanyň gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýandygym görünýärmi? Men täze häsiýetleri ösdürmek üçin tagalla edýärinmi? Men erbet pikirlere we höweslere garşy durmak üçin Ýehowanyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerýärinmi?»
19 Eger düzetmeli häsiýetleriňiz bar bolsa ruhdan düşmäň, bikämil adamdygyňyzy unutmaň we edýän ösüşleriňize begeniň. Şeýle-de Filipililer 3:16-daky: «Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň» diýen maslahata ýürekden eýeriň. Şonda Ýehowanyň edýän her bir tagallaňyza bol bereket berjegine ynamly bolup bilersiňiz.
36-NJY AÝDYM Ýüregimizi goralyň
a Pawlus resul I asyrdaky imandaşlaryna şu dünýäniň täsirine düşmezligi maslahat berdi. Onuň maslahaty bize-de degişli. Sebäbi seresap bolmasak, Şeýtanyň dünýäsindäki adamlaryň azgyn pikirleri biziň hem aňymyzy zäherläp biler. Biz özümizi barlap durmaly. Eger Hudaýa ýaramaýan zatlar hakda oýlanýan bolsak, onda derrew aňymyzy arassalamaly. Makalada muny nädip edip bolýandygy hakda gürrüň ederis.
b «Durmuşym dargap barýardy» diýen makalany okaň (w15-U 1/7).
c SURAT: Dogan: «Ýokary bilim alyp, wezipeli işde işlemelimi ýa-da uzak wagtly gulluk etmeli?» diýip oýlanýar.