Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gözleg geçiriň

Gözleg geçiriň

Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada gözleg geçiriň

Mukaddes Kitapdaky wakalar hakda gözleg geçirmek üçin dürli usullar bar. Emma biziň maksadymyz diňe bir Hudaý hakda bilim almak däl-de, Onuň ajaýyp häsiýetlerini öwrenip, ýürekden söýmeli. Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda: «Şu wakadan Ýehowa barada näme öwrendim?» diýen sorag hakda oýlanmaly.

Meselem, biz Ýehowanyň esasy häsiýetleri, ýagny söýgüsi, akyldarlygy, adalatlylygy we güýji hakda gözleg geçirip bileris. Emma Ýehowanyň başga-da köp häsiýetleri bar. Şol häsiýetler hakda nädip gözleg geçirmeli?

«Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksiniň» «Ýehowa» diýen bölüminiň «Dürli-dürli häsiýetleri» diýen sözbaşysynda 50-den gowurak Hudaýyň häsiýetleri düşündirilýär. Mukaddes Kitaby okanyňyzda Ýehowanyň häsiýetleriniň biri hakda gözleg geçiriň. (Siziň diliňizde «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» ýok bolsa, onda «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasynyň» «Ýehowa Hudaý» diýen bölüminiň «Ýehowanyň häsiýetleri» diýen sözbaşysyndan gözleg geçirip bilersiňiz).