Şuny bilýäňizmi?
Gadymy döwürde ýyllary we aýlary nädip anyklapdyrlar?
ÝEWREÝLER Wada edilen ýurtda ýaşaýarkalar täze ýyl sürüm we ekiş döwründe başlanýar diýip hasaplapdyrlar. Şol wagt sentýabr we oktýabr aýlaryna düşýär.
Aý senenamasy 12 aýdan (her aý 29, 30 gün) ybarat bolupdyr. Emma Aý senenamasy Gün senenamasyna garanyňda has gysga bolupdyr. Ysraýyllar iki senenamany deň ýa-da gabat getirmek üçin dürli usullary ulanypdyrlar. Olar Aý senenamasyna goşmaça günleri, hatda tutuş bir aýy goşupdyrlar. Şeýlelikde, senenama ekiş we orak döwrüne gabat gelipdir.
Musa pygamberiň döwründe Hudaý halkyna dini senenamanyň abyp ýa-da nisan aýynda (mart, aprel aýlary) başlamalydygyny aýdypdyr (2 Mus. 12:2; 13:4). Nisan aýynda ysraýyllar baýramçylyk belläpdirler we arpa hasylynyň ilkinji miwesini Hudaýa sadaka getiripdirler (2 Mus. 23:15, 16).
Alym Emil Şürer şeýle diýýär: «Ysraýyllara senenama 13-nji aýy goşmalymy ýa-da goşmaly däldigini anyklamak kyn bolmandyr. Ysraýyllar her ýyl Pasha baýramyny ýazda gije-gündiz deňleşenden soň we aý dolanda (14-nji nisanda) bellemelidiler. Eger senenama görä, Pasha baýramy gije-gündiziň deňleşýän gününe gabat gelmese, ysraýyllar ýene bir aý (13-nji aýy) goşupdyrlar» *.
Ýehowanyň Şaýatlary hem Isa Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamyny haçan bellemelidigini anyklamak üçin şu usuly ulanýarlar. Ýatlama agşamy ýewreý senenamasy boýunça 14-nji nisanda bahar paslynda bellenýär. Bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara bolsa Ýatlama agşamynyň senesi öňünden habar berilýär *.
Ýewreýler täze aýyň başlanýan wagtyny nädip anyklapdyrlar? Elbetde, şu günler kalendara seredip täze aýyň haçan başlanýandygyny bilse bolýar. Emma Mukaddes Kitabyň ýazylan döwründe muny anyklamak kyn bolupdyr.
Nuh pygamberiň döwründe aýlaryň hemmesi 30 günden ybarat bolupdyr (1 Mus. 7:11, 24; 8:3, 4). Emma ýewreýleriň döwründe her aý 30 gün bolmandyr. Ýewreý senenamasyna görä, her aý täze Aý doganda başlapdyr we 29, 30 gün dowam edipdir.
Bir gezek Dawut hem, Ýonatan hem «ertir Täze aý baýramy» diýdiler. Olar şeýle diýmek bilen ertir täze aýyň başlanjakdygyny göz öňünde tutdylar (1 Şam. 20:5, 18). Diýmek, ysraýyllar b. e. öň XI asyrda täze aýyň haçan başlaýandygyny öňünden bilipdirler. Nädip? Mişnada, ýagny ýehudylaryň dilden aýdan kanunlarynyň we däp-dessurlarynyň ýygyndysynda bu barada käbir maglumatlar bar. Mişnada aýdylmagyna görä, ýehudylar Wawilon ýesirliginden azat bolandan soň täze aýyň haçan başlaýandygyny Mejlis (ýehudylaryň ýokary kazyýeti) anyklapdyr. Mejlisiň agzalary ýylyň ýedi aýynda her aýyň 30-ynda täze aýyň haçan başlaýandygyny anyklamak üçin ýygnanyşypdyrlar. Emma olar täze aýy nädip anyklapdyrlar?
Iýerusalimiň töweregindäki depelerde täze dogan Aýy görmek üçin ýörite garawullary goýupdyrlar. Garawullar täze Aý dogan badyna Mejlise habar beripdirler. Mejlisiň agzalary täze Aýyň dogandygyna ýeterlik subutnamalaryň bardygyna göz ýetirenden soňra täze aýyň başlandygyny yglan edipdirler. Eger asman bulutly ýa-da
ümürli bolup täze dogan Aý görünmese näme? Şeýle ýagdaýda Mejlisiň agzalary şu aýyň 30 günden tamamlanjakdygyny, soňra täze aýyň başlanjakdygyny aýdypdyrlar.Mişnada aýdylmagyna görä, Mejlisiň gelen kararyny halka habar bermek üçin Iýerusalimiň golaýyndaky Zeýtun dagynda ot ýakypdyrlar. Täze aýyň başlandygyny tutuş Ysraýyla habar bermek üçin beýleki beýik ýerlerde ot ýakypdyrlar. Soňra beýleki şäherlere ýörite çaparlary ýollapdyrlar. Şeýlelikde, ysraýyllar nirede ýaşasalar-da täze aýyň haçan başlaýandygyny bilipdirler we her ýyl geçirilýän baýramçylyklary bir wagtda belläpdirler.
Ýewreý senenamasy, aýlary we baýramçylyklary hakda köpräk bilmek üçin çarçuwa seredip bilersiňiz.