7-NJI MAKALA
51-NJI AÝDYM Biz ömrümizi Hudaýa bagyş etdik
Nezirleriň göreldesine eýereliň
«Nezirlik döwri ol Ýehowa üçin mukaddesdir» (4 Mus. 6:8).
ESASY PIKIR
Gadym döwürde ýaşan nezirleriň göreldesine eýerip, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin öz islegiňizden geçmäge taýyn boluň we adamlardan gorkmaň.
1. Hudaýhon adamlary öz isleginden geçmäge näme höweslendirdi?
SIZ Ýehowany janyňyz-teniňiz bilen söýýärsiňizmi? Elbetde, söýýänsiňiz. Gadym döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem Ýehowany ýürekden söýüpdirler (Zeb. 104:33, 34). Olar Ýehowa arassa sežde etmek üçin köp zatlaryndan geçipdirler. Şeýle hudaýhon adamlaryň arasynda nezirler hem bardy. Nezir bolan adamlar näme etmelidi? Biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris?
2. a) Kimler nezir bolup bilýärdi? (4 Musa 6:1, 2). b) Näme üçin käbir ysraýyllar nezirlik wadasyny berýär?
2 «Nezir» diýen ýewreý sözi «saýlanan», «bagyş edilen», «aýratyn goýlan» diýmegi aňladýar. Gadymy ysraýylda nezir bolan adam Ýehowa ýörite gulluk etmek üçin köp zadyndan geçýärdi. Musanyň kanunyna görä, erkek adam-da, aýal maşgala-da belli bir döwürde Ýehowa nezir hökmünde gulluk etmek üçin wada berip bilýärdi a (4 Musa 6:1, 2-nji aýatlary okaň). Nezir bolan adama käbir zatlar gadagan edilýärdi, emma bu kanun ähli ysraýyllara degişli däldi. Olar näme üçin nezirlik wadasyny berýär? Sebäbi olar Ýehowany ýürekden söýýär we Onuň eden ýagşylyklaryna minnetdar bolýar (5 Mus. 6:5; 16:17).
3. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary bilen nezirleriň nähili meňzeşligi bar?
3 Şu günler biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys we bizden nezirlik wadasyny bermek talap edilmeýär. Sebäbi biz «Mesihiň kanunyna» görä ýaşaýarys (Gal. 6:2; Rim. 10:4). Emma biz nezirler ýaly «Ýehowa Hudaýy bütin ýüregimiz, bütin janymyz, bütin aň-düşünjämiz we bütin güýjümiz bilen söýýäris» (Mar. 12:30). Bizem ömrümizi Ýehowa bagyş edip, onuň islegini birinji orunda goýmagy wada berdik. Eger biz nezirleriň durmuşy barada gowy bilsek, Ýehowa beren wadamyzda durup bileris b (Mat. 16:24).
ÝEHOWA JANAÝAMAZLYK BILEN GULLUK EDIŇ
4. 4 Musa 6:3, 4-nji aýatlara görä, nezirler näme zatlardan geçipdirler?
4 4 Musa 6:3, 4-nji aýatlary okaň. Adam nezirlik döwri şerap içmeýärdi, hatda çig üzümi-de, kişmişi-de iýmeýärdi. Üzüm adam saglygyna hiç hili zyýan ýetirmeýär. Gadymy döwürde adamlar her gün diýen ýaly üzümden taýýarlanan zatlary iýip içipdirler. Mukaddes Kitapda şerabyň «göwnüňi göterýändigi», Ýehowanyň sowgadydygy aýdylýar (Zeb. 104:14, 15). Emma nezirler öz islegine görä üzümden ýasalan zatlary agzyna-da almandyrlar c.
5. Är-aýal nämelerden geçdi we näme üçin?
5 Dogan-uýalar nezirler ýaly Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin käbir zatlardan geçdiler. Geliň, är-aýal Madian bilen Marsela d hakda gürrüň edeliň. Olar owadan jaýda ýaşaýardy, gowy gazanç edýärdi. Emma olar Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin käbir zatlaryndan geçmelidigine göz ýetirdiler. Olar şeýle gürrüň berýär: «Biz kiçiräk jaýa göçdük, ulagymyzy satdyk, puly tygşytly sowup başladyk». Är-aýaly şeýle karara gelmäge hiç kim mejbur etmedi. Olaryň özi Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin şeýle durmuşy saýlady. Olar gelen kararyna hiç hili ökünmeýärler we bagtly ýaşaýarlar.
6. Dogan-uýalar näme üçin käbir zatlaryndan geçýärler? (Surata serediň).
6 Şu günler dogan-uýalar guramanyň işlerine köp goşant goşmak üçin käbir zatlaryndan geçýärler (1 Kor. 9:3—6). Meselem, olaryň kaşaň jaýda ýaşamaga, köp gazanç etmäge mümkinçiligi bolsa-da, sada ýaşamagy saýladylar. Käbir sallah doganlar ýa-da durmuşa çykmadyk uýalar belli bir ýaşa çenli maşgala gurmaýarlar. Maşgalaly dogan-uýalar bolsa çaga etmeýärler. Käbirleri bolsa wagyzçylaryň az ýerine göçüp, dost-ýarlaryndan, dogan-garyndaşlaryndan uzakda ýaşaýarlar. Elbetde, amatly şertlerde ýaşamagyň, maşgala gurmagyň we çaga etmegiň hiç hili erbetligi ýok. Ýehowa-da şeýle zatlardan geçmegi talap etmeýär. Emma dogan-uýalar Ýehowa iň gowy zadyny bermek isleýändikleri üçin şeýle karara gelýär. Mähriban dogan-uýalar, Ýehowa siziň uly bolsun, kiçi bolsun, ähli bagyş eden zadyňyzy gymmat saýýar (Ýew. 6:10).
KÖPÇÜLIKDEN SAÝLANMAGA ÇEKINMÄŇ
7. Nezirler näme üçin batyrgaý bolmalydylar? (4 Musa 6:5; surata serediň).
7 4 Musa 6:5-i okaň. Musanyň kanunyna görä nezir bolan adamlar saçyny syrmaly däldi. Olar saçyny ösdürmek bilen Ýehowa doly tabyn bolýandygyny görkezýärdi. Uzak wagtlap nezir bolan adamyň saçy has-da ösýärdi. Ildeşleri onuň uzyn saçyny görende, nezirlik wadasyny berendigini bilýärdi. Ysraýyl halky Ýehowa wepaly bolanda, nezir bolan adamlary sylaýardylar, hormat goýýardylar we öwýärdiler. Şonuň üçin nezirler köpçülikden saýlanmaga utanmaýardylar. Gynansak-da, Amos pygamberiň döwründäki imandan dänen ysraýyllar nezirleri äsgermeýärdi, sylamaýardy, «şerap içirip» nezirlik wadasyny bozdurjak bolýardy (Amos 2:12). Şol döwürde ýaşan nezirlere başgalardan saýlanmak we Ýehowa beren wadasyny doly berjaý etmek üçin batyrgaýlyk gerekdi.
8. Benjamin bilen bolan waka sizi näme etmäge höweslendirýär?
8 Biz çekinjeň bolsagam Ýehowanyň kömegi bilen köpçülikden saýlanyp bileris. Geliň, Norwegiýada ýaşaýan on ýaşly Benjamin hakda gürrüň edeliň. Bir gün onuň mekdebinde Ukrainany goldamak üçin çäre geçirilýär. Okuwçylar Ukraina döwletiniň baýdagynyň reňkinde eşik geýip, aýdym aýtmalydylar. Benjamin paýhasly hereket edip, çäräniň geçirilýän ýerinden uzakda durýar. Mugallymy ony görüp: «Benjamin, bärik gel! Biz saňa garaşýarys» diýip gygyrýar. Benjamin mugallymynyň ýanyna baryp, batyrgaýlyk bilen: «Men syýasy çärelere gatnaşmaýaryn, bitaraplygy saklaýaryn. Ýehowanyň Şaýatlary urşa gitmändikleri üçin türmede otyr» diýýär. Şonda mugallym ony aýdym aýtmaga mejbur etmeýär. Muny gören synpdaşlary Benjamine sorag baryny ýagdyrýar. Şonda ol aljyrap, el-aýagyny ýitirýär we damagy dolýar. Soňra ol özüni dürseýär we mugallymyna aýdan zatlaryny synpdaşlaryna-da aýdýar. Soňra Benjamin bolan zatlaryň ählisini ene-atasyna gürrüň berýär we Ýehowanyň kömegi bilen imany hakda batyrgaýlyk bilen wagyz edendigini aýdýar.
9. Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak üçin näme etmeli?
9 Biz Ýehowany razy edip ýaşaýandygymyz üçin bu dünýädäki adamlardan düýbünden tapawutlanýarys. Işdeşlerimize, synpdaşlarymyza Ýehowanyň Şaýadydygymyzy aýtmak üçin batyrgaýlyk gerek bolýar. Şu günler adamlaryň gylyk-häsiýeti gün-günden erbetleşýär. Şonuň üçin bize Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak we adamlara hoş habary wagyz etmek barha kynlaşýar (2 Tim. 1:8; 3:13). Mähriban dogan-uýalar, unutmalyň, şu dünýäniň akymyna gitmesek, köpçülikden saýlanmaga gorkmasak, Ýehowanyň «ýüregini şatlandyrarys» (Nak. 27:11; Mel. 3:18).
ÝEHOWANYŇ ISLEGINI BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ
10. Nezirlere 4 Musa 6:6, 7-nji aýatlardaky kanuna eýermek näme üçin kyn bolandyr?
10 4 Musa 6:6, 7-nji aýatlary okaň. Musanyň kanunyna görä, nezirler jesediň ýanyna barmaly däldi. Elbetde, muny etmek aňsat däl. Gadymy ysraýylda merhum tä jaýlanýança, onuň dogan-garyndaşlary ýanynda oturypdyr (Ýah. 19:39, 40; Res. 9:36—40). Nezirler şu adaty berjaý edip bilmeýärdi. Olara ýas tutulýan döwri nezirlik wadasyny berjaý etmek üçin berk iman gerekdi. Elbetde, Ýehowa olary ýeke goýan däldir, gaýgy-hasratyna döz gelmäge güýç berendir.
11. Mesihçi maşgala bilen bagly meselelerde nähili karara gelmeli? (Surata serediň).
11 Biz Ýehowa özümizi bagyş edenimizde beren wadamyza sowuk-sala garamaýarys. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip, maşgala borçlarymyzy gowy ýerine ýetirmek üçin jan edýäris. Biz maşgala ojagymyzda agzybirlik höküm sürer ýaly elimizde baryny edýäris we dogry kararlara gelmäge çalyşýarys. Emma maşgala agzalarymyzyň islegi Ýehowanyň islegine garşy gelse näme? Şeýle ýagdaýda Ýehowa gulak asýarys (Mat. 10:35—37; 1 Tim. 5:8). Biz Ýehowany razy edip ýaşaýandygymyz üçin, maşgala agzalarymyzyň öýkelemegi mümkin.
12. Alehandro kynçylyk dörände näme etdi we näme etmedi?
12 Geliň, är-aýal Alehandro bilen Darina hakda gürrüň edeliň. Olar Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Bir ýyldan soňra Darina okuwyny goýýar we ärine-de okatmajak bolýar. Ýöne Alehandro aýalyna mähir bilen okuwyny dowam etjekdigini aýdýar. Şonda Darinanyň gahary gelýär, ärine azar ýamanyny berýär. Alehandro aýalynyň ýagdaýyna düşünjek bolýar, ýöne aňsat bolmaýar. Käte Darina ärine gödek jogap berýär, göwne degiji sözleri aýdýar. Şonuň üçin Alehandro aýalynyň bolşuna çydaman, okuwymy goýaýsammykam diýip pikir edýär. Emma ol Hudaýyň islegini birinji orunda goýýar, aýalyny hem söýýär, hem hormat goýýar. Soňra Darina äriniň ýagşy häsiýetlerini görüp, ýene-de Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we suwa çümdürilýär (jw.org saýtyndan «Alehandro we Darina Wakar: Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir» diýen wideony görüň).
13. Biz Ýehowany we maşgala agzalarymyzy söýýändigimizi nädip görkezip bileris?
13 Hawa, maşgala ojagyny Ýehowa döretdi. Ol her bir maşgalanyň bagtly bolmagyny isleýär (Efes. 3:14, 15). Eger bizem maşgalamyzyň agzybir we bagtly bolmagyny islesek, Ýehowany razy edip ýaşamaly. Geliň, Ýehowa arassa sežde etmek üçin elimizde baryny edeliň, maşgala agzalarymyzy söýüp, olara hormat goýalyň. Ýehowa hem tagallamyza ak pata berer (Rim. 12:10).
ŞU GÜNKI «NEZIRLERI» GOLDALYŇ
14. Biz kimleri ruhlandyrmaly?
14 Dogan-uýalar Ýehowany söýýändikleri üçin köp zadyndan geçýär. Elbetde, muny etmek aňsat däl. Şonuň üçin janyny aýaman Ýehowa wepaly gulluk edýän dogan-uýalary ruhlandyrmaly (Eýp. 16:5). Belki, siz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin baýlyga kowalaşman, sada ýaşaýan dogan-uýalary tanaýansyňyz. Ýa-da mekdepde deň-duşlarynyň täsirine düşmän, Ýehowanyň Şaýadydygyny çekinmän aýdýan ýaşlary bilýänsiňiz. Belki-de, siz dogan-garyndaşlarynyň garşylygyna garamazdan, Ýehowany razy edip ýaşaýan dogan-uýalary we okuw geçýänleri tanaýansyňyz. Geliň, Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk edýän dogan-uýalary her mümkinçilikden peýdalanyp öweliň (Flm. 4, 5, 7).
15. Şri-Lankada ýaşaýan garry uýa imandaşlaryny nädip goldady?
15 Biz Ýehowa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalary goldamak isleýäris (Nak. 19:17; Ýew. 13:16). Şri-Lankada ýaşaýan garry uýa hökümet tarapyndan pensiýa alýardy. Onuň pensiýasy köpeldilýär. Ol pulsuzlykdan kösenýän iki ýaş pioner uýa kömek etmek isleýär we her aý pensiýasyndan olaryň telefonuna pul geçirýär. Gör, nähili ajaýyp görelde!
16. Biz gadymy döwürde ýaşan nezirlerden näme öwrenýäris?
16 Gadymy döwürde ýaşan nezirler bize ajaýyp görelde galdyrdy. Nezirlere berlen kanun Ýehowa hakda-da köp zatlary öwredýär. Ýehowa biziň nämedir bir zatdan geçmegimizi talap etmeýär. Emma biziň beren wadamyza görä ýaşamak üçin köp zadymyzdan geçmäge taýyndygymyzy bilýär. Ýehowa biziň janymyzy aýaman gulluk etjekdigimize we Ony ýürekden söýjekdigimize ynanýar (Nak. 23:15, 16; Mar. 10:28—30; 1 Ýah. 4:19). Hawa, Ýehowa biziň köpräk gulluk etmek üçin edýän tagallamyzy gymmat saýýar. Geliň, hiç zadymyzy gaýgyrman, Ýehowa elimizde baryny edip gulluk etmegi ýüregimize berk düweliň!
SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?
-
Gadymy döwürde ýaşan nezirler näme üçin janaýamaz we batyrgaý bolmalydy?
-
Biz şu günki «nezirleri» nädip goldap bileris?
-
Nezirlere berlen kanundan Ýehowa hakda näme öwrenýäris?
124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň
a Ýehowa käbir adamlary nezir edip belledi. Emma ysraýyllar öz islegi bilen hem nezirlik wadasyny berip bilýärdi (« Ýehowanyň bellän nezirleri» diýen çarçuwa serediň).
b Köplenç edebiýatlarda Ýehowa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar nezirlere meňzedilýär. Emma şu makalada ömrüni Ýehowa bagyş eden her bir dogan-uýanyň nezirleriň göreldesine eýerip bilýändigi hakda gürrüň edilýär.
c Adatça, nezirler beren wadasyna görä ýaşamalydy. Olardan başga bir işi ýa-da borjy ýerine ýetirmek talap edilmeýärdi.
d JW.ORG saýtynyň «Ýehowanyň Şaýatlarynyň başdan geçirenleri» bölüminden «Sada ýaşamagy ýüregimize düwdük» diýen makalany okap bilersiňiz.
e SURATYŇ BEÝANY: nezir öýüniň üçeginde aglap otyr. Adamlar aradan çykan garyndaşyny jaýlamaga barýar. Nezir şu çärä gatnaşyp bilmeýärdi.