31-NJI MAKALA
Hudaýa doga-dileg etmegi hormat hasaplaň
«Doga-dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun» (Zeb. 141:2).
47-NJI AÝDYM Ýehowa her gün doga edeliň
MAZMUNY *
1. Ýehowa doga-dileg etmegi näme üçin uly hormat hasaplamaly?
ÄLEM-JAHANYŇ Eýesi ýeri-gögi ýaradan Allatagala biziň doga-dileglerimizi diňleýär. Biz Ýehowa ene dilimizde islendik wagty we islendik ýerde doga-dileg edip bilýäris. Ol keselhanada agyr ýatan hassalaryň hem, berk diwarly türmede oturan bendeleriniň hem doga-dileglerini diňleýär. Söýgüden doly gökdäki Atamyzyň doga-dileglerimizi diňleýändigine örän minnetdar.
2. Dawut patyşa Ýehowa doga etmegi näme bilen deňeşdirdi?
2 Dawut patyşa Ýehowa doga etmegi uly hormat hasaplapdyr. Ol: «Doga-dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun» diýdi (Zeb. 141:1, 2). Şol döwürler ruhanylar hoşboý ysly zatlary gowy garyp, Ýehowa ýaraýan tütetgini ýasapdyrlar (2 Mus. 30:34, 35). Edil şonuň ýaly, Dawut patyşa-da doga-dilegleriniň gökdäki Atasyna ýaramly bolmagyny isläpdir. Biz hem Ýehowanyň göwnüni galkyndyrýan doga-dileg etmeli.
3. Ýehowa nädip doga-dileg etmeli we näme üçin?
3 Biz Ýehowa hormat bilen ýüzlenip doga-dileg etmeli. Geliň, Işaýanyň, Hyzkylyň, Danyýaryň we Ýahýanyň gören görnüşleri hakda gürrüň edeliň. Olar dürli-dürli görnüşleri görse-de, hemmesi Beýik Patyşa Ýehowanyň şöhratly tagtda oturandygyny gördüler. Meselem, Işaýa pygamber: «Ýehowa beýik we belent tagtda otyr» diýdi (Işa. 6:1—3). Hyzkyl Ýehowanyň gökdäki tagtda oturandygyny görýär we «onuň daş-töwereginde... älemgoşara meňzeş şöhläniň bardygyny» aýdýar (Hyz. 1:26—28). Danyýar pygamber bolsa «Owaldan Bar Bolanyň tagtynda oturandygyny» we «onuň tagtynyň alawlap durandygyny» ýazýar (Dan. 7:9, 10). Ýahýa resul Ýehowanyň tagtda oturandygyny we «tagtyň daş-töwereginde zümerrede meňzeş älemgoşaryň bardygyny» aýdýar (Ylh. 4:2—4). Biz hem şan-şöhratly Ýehowa Hudaý hakda oýlansak, Oňa doga-dileg etmegi uly hormat hasaplarys. Biz näme hakda doga etmeli?
«ŞEÝLE DOGA EDIŇ»
4. Biz ilki bilen näme hakda doga etmeli? (Matta 6:9, 10).
4 Matta 6:9, 10-njy aýatlary okaň. Isa pygamber Dagdaky wagzynda şägirtlerine Hudaýa nädip doga-dileg etmelidigini öwretdi. Ol «şeýle doga ediň» diýmek bilen, ilki bilen, Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy, Patyşalygynyň gelmegi we gökde bolşy ýaly, ýerde-de isleginiň amala aşmagy hakda doga etmelidigini aýtdy. Biz Isa pygamberiň öwredişi ýaly doga-dileg etsek, Hudaýyň isleginiň wajypdygyna düşünýändigimizi görkezeris.
5. Biz ýene näme hakda doga-dileg edip bileris?
5 Isa pygamberiň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň islegi barada doga-dileg edenimizden soňra öz zerurlyklarymyz hakda-da aýdyp bileris. Biz Ýehowadan her günki iýjek çöregimizi bermegini, günälerimizi bagyşlamagyny, synaga düşmäge ýol bermezligini we Şeýtanyň elinden halas etmegini sorap bileris (Mat. 6:11—13). Şu zatlar hakda doga etsek, biz Ýehowa bil baglaýandygymyzy, kömegine mätäçdigimizi we Ony razy etmek isleýändigimizi görkezeris.
6. Doga-dileg edenimizde diňe nusgalyk dogadaky sözleri gaýtalamalymy? Düşündiriň.
6 Isa pygamber nusgalyk dogany ýat tutup aýtmaly diýjek bolmady, sebäbi onuň özi hem biynjalyk edýän zatlary hakda doga edipdi (Mat. 26:39, 42; ). Biz hem alada edýän zatlarymyz hakda Hudaýa doga edip bileris. Meselem, belli bir karara gelmeli bolanymyzda Allatagaladan akyldarlyk diläp bileris ( Ýah. 17:1—26Zeb. 119:33, 34). Biz kyn ýumşy ýerine ýetirmeli bolanymyzda, Ondan düşünje diläp bileris (Nak. 2:6). Ene-atalar çagalary üçin, çagalar ene-atasy üçin doga-dileg edip biler. Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän we gyzyklanýan adamlar üçin hem doga edip bileris. Biz Ýehowadan diňe kömek sorap doga etmelimi?
7. Biz näme üçin Ýehowany şöhratlandyryp doga etmeli?
7 Biz Ýehowany şöhratlandyryp hem doga etmeli. Sebäbi ol şöhrata mynasyp Hudaýdyr. Şeýle-de Ol «ýagşy, geçirimli... rehimdar, mähirli, giň göwünli, söýgä baý we wepadar Hudaý» (Zeb. 86:5, 15). Ýehowa şan-şöhratly Hudaýdyr we onuň eden ýagşylyklarynyň sany-sajagy ýokdur. Şonuň üçin Oňa alkyş aýtmaly.
8. Biz näme üçin Ýehowa şükür edip ýaşamaly? (Zebur 104:12—15, 24).
8 Biz Ýehowanyň beren bereketleri üçin müňdebir şükür edýäris. Meselem, biz hoşboý ysly al-elwan gülleri görenimizde göwnümiz galkynýar, näz-nygmatlary iýip hezil edýäris we dostlarymyz bilen dynç alyp şatlanýarys. Ýehowa biziň durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyz üçin ähli şertleri döretdi (Zebur 104:12—15, 24-nji aýatlary okaň). Şeýle-de Ol imanymyzy berkitmek üçin bilim berýär we Jennetde ýaşatmak isleýär.
9. Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny unutmaz ýaly näme etmeli? (1 Selanikliler 5:17, 18).
9 Biz Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny unutmaz ýaly näme etmeli? Biz Ýehowa näme hakda doga edendigimizi depdere ýazyp goýmaly. Ony wagtal-wagtal okasak, Ýehowanyň nädip jogap berendigine göz ýetireris. Şonda ýüregimiz minnetdarlykdan dolar we Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny hiç haçan unutmarys (1 Selanikliler 5:17, 18-nji aýatlary okaň). Biziň eden ýagşylyklarymyz üçin sag bolsun aýtsalar, özümizi bagtly duýýarys. Edil şonuň ýaly, dogalarymyza jogap berendigi üçin Ýehowa minnetdarlyk aýtsak ýüregi şatlykdan dolar (Kol. 3:15). Biz ýene-de näme üçin Ýehowa minnetdar bolmaly?
SÖWER OGLY ÜÇIN MINNETDAR BOLUŇ
10. 1 Petrus 2:21-e görä, biz näme üçin Ýehowa minnetdar bolmaly?
10 1 Petrus 2:21-i okaň. Biz söwer Ogluny ýer ýüzüne iberendigi üçin Ýehowa minnetdar bolmaly. Eger biz Mukaddes Kitapdan Isa pygamber barada okap oýlansak, Ýehowanyň rehimdar, söýgüden doly Hudaýdygyny bileris we Ony razy edip ýaşarys. Isa pygamberiň töleg gurbany üçin minnetdar bolsak, Ýehowa bilen dostlaşarys (Rim. 5:1).
11. Biz näme üçin Isa pygamberiň ady arkaly doga etmeli?
11 Ýehowa biziň Ogly arkaly edýän dogalarymyzy kabul edýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin, Atam hem Ogly arkaly şöhratlanar». Biz Isa pygamber arkaly Ýehowa doga edip bilýändigimize minnetdar bolmaly (Ýah. 14:13, 14).
12. Söwer Ogluny gurban berendigine näme üçin Ýehowa minnetdar bolmaly?
12 Ýehowa Isa pygamberiň töleg gurbany esasynda biziň günälerimizi bagyşlaýar. Mukaddes Kitapda Isanyň «gökdäki Beýik Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturan baş ruhanymyzdygy» aýdylýar (Ýew. 8:1). Şeýle-de oňa «Atanyň ýanyndaky kömekçimiz» diýilýär (1 Ýah. 2:1). «Baş ruhanymyz biziň kemçiliklerimize düşünýär» we biziň üçin Ýehowa ýalbarýar (Ýew. 4:15; Rim. 8:34). Rehimdar Ogluny baş ruhany edip belländigi üçin Ýehowa minnetdar. Isa pygamber şirin janyny gurban etmedik bolsa, bikämil adamlar Ýehowa doga-dileg edip bilmezdi. Söwer Ogluny gurban berendigi üçin Ýehowa çäksiz minnetdar!
DOGAN-UÝALAR ÜÇIN DOGA-DILEG EDIŇ
13. Isa pygamber ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi näme etdi?
13 Isa pygamber ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi şägirtleri üçin Atasyna doga edýär we olary «Şeýtandan goramagyny haýyş edýär» (Ýah. 17:15). Onuň derdi başyndan agsa-da, şägirtleriniň aladasyny edip doga edýär. Isa pygamberiň şägirtlerine bildiren söýgüsi haýran galdyrýar!
14. Biz dogan-uýalary söýýändigimiz üçin näme etmeli?
14 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, dogan-uýalar üçin doga etmeli. Şonda Ýehowa biziň Isa pygamberiň tabşyrygyna gulak asýandygymyzy we dogan-uýalary söýýändigimizi görer (Ýah. 13:34). Biziň edýän doga-dilegimiz dogan-uýalara kömek edýär, sebäbi Mukaddes Kitapda: «Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär» diýilýär (Ýak. 5:16).
15. Dogan-uýalary söýýändigimizi nädip subut edip bileris?
15 Biz her gün imandaşlarymyz üçin doga etmeli. Sebäbi olar keselçilikden, tebigy betbagtçylykdan, uruşdan, yzarlamalardan we dürli kynçylyklardan ejir çekýärler. Şeýle-de janyny aýaman imandaşlaryna kömek edýän dogan-uýalar üçin hem doga-dileg etmeli. Siz kynçylyk çekýän dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Eger tanaýanyňyz bar bolsa, olaryň her biriniň adyny tutup doga ediň. Şonda olary ýürekden söýýändigiňizi subut edersiňiz.
16. Ýygnakda köp zähmet çekýän doganlar hakda näme üçin doga etmeli?
16 Ýygnakda köp işleri edýän doganlar üçin hem doga etmeli. Biziň edýän dogalarymyz olaryň güýjüne güýç goşar. Pawlus resul şeýle diýdi: «Agzymy açanymda, hoş habaryň mukaddes syry hakda batyrgaý wagyz edip biler ýaly, meniň üçin hem doga ediň» (Efes. 6:19). Şu günler Pawlus resul ýaly janyny aýaman imandaşlarynyň aladasyny edýän doganlar bar. Geliň, olaryň edýän tagallasyna Ýehowanyň ak pata bermegi üçin doga-dileg edeliň.
KÖPÇÜLIGIŇ ÖŇÜNDE DOGA EDENIŇDE NÄMÄNI UNUTMALY DÄL?
17, 18. Doga etmegi haýyş edenlerinde nämäni unutmaly däl?
17 Aýdaly, wagyzçy sizi Mukaddes Kitap okuwyna çagyrýar we sizden doga etmegi haýyş edýär. Belki, siz okuw geçýäni gowy tanaýan dälsiňiz, şol sebäpli sapagyň soňunda doga etseňiz gowy bolar. Şonda okuw geçýäniň kynçylyklaryny, aladalaryny bilip, şolar hakda Ýehowa doga edip bilersiňiz.
18 Belki-de, doganlar sizden wagyz duşuşygynda ýa-da ýygnakda doga etmegi haýyş ederler. Şonda nämäni unutmaly däl? Ilki bilen, doga-dileg etmegiň maksadyny unutmaly däl. Şeýle-de edýän dogaň maslahat ýa-da bildiriş ýaly bolmaly däl. Ýygnak duşuşygynda aýdym we doga üçin bäş minut berilýär. Esasan-da, ýygnagyň başynda doga edýän dogan uzyn doga etmeli däl (Mat. 6:7).
DOGA-DILEG ETMEGI ULY HORMAT HASAPLAŇ
19. Ýehowanyň höküm gününe taýýar bolar ýaly näme etmeli?
19 Ýehowanyň höküm gününiň golaýlaşdygy saýyn, has-da erjellik bilen doga etmeli. Isa pygamber şeýle diýdi: «Oýa boluň! Boljak zatlardan gaçyp gutulyp... biler ýaly, hemişe doga-dileg ediň» (Luka 21:36). Hawa, biz hemişe doga-dileg etsek imanymyz berk bolar we uly betbagtçylyga taýýar bolarys.
20. Edýän dogalarymyz Ýehowanyň göwnünden turar ýaly näme etmeli?
20 Şu makalada Ýehowa doga-dileg etmegiň uly hormatdygy hakda gürrüň etdik. Esasan-da, biz Ýehowanyň isleginiň amala aşmagy üçin doga etmeli. Şeýle-de söwer Ogluny berendigi üçin, Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde höküm sürmegi we imandaşlarymyz üçin doga etmeli. Biz her günki iýjek çöregimizi ýetirip durmagy we imanymyzy berkitmegi üçin Ýehowa ýalbarmaly. Biz aýtjak sözlerimiz hakda oýlansak, Ýehowa doga-dileg etmegi uly hormat hasaplaýandygymyzy görkezeris. Şonda biziň doga-dileglerimiz hoşboý ysly tütetgi kimin Ýehowanyň göwnünden turar (Nak. 15:8).
45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri
^ Biz Ýehowa doga-dileg edip bilýändigimize örän begenýäris. Biziň dogalarymyz hoşboý ysly tütetgi ýaly Ýehowa üçin ýakymly bolmaly. Şu makalada biz Ýehowa nämeler barada doga-dileg edip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de köpçüligiň öňünde doga etmeli bolanymyzda nämeleri göz öňünde tutmalydygyny bileris.
^ SURAT: dogan aýaly bilen doga edýär. Ol gyzy üçin, gaýynatasynyň sag-aman gutulmagy we aýalynyň okuw geçýäniniň imanynyň berkemegi üçin doga-dileg edýär.
^ SURAT: dogan Isa pygamberiň töleg gurbany, ýer ýüzünde boljak Jennet we ýokumly iýmitler üçin Ýehowa minnetdarlyk aýdýar.
^ SURAT: uýa Ýolbaşçylyk maslahatyndaky doganlar üçin, tebigy betbagtçylykdan we yzarlamalardan kösenýän imandaşlary üçin doga edýär. Ýehowanyň olara güýç-kuwwat bermegini we mukaddes ruhy arkaly goldamagyny soraýar.