MUKADDES KITABYŇ HAKYKATY
Töleg tölenmänkä günäsi geçilen adamlar
Allatagala günämizi bagyşlar ýaly, biz Isa pygamberiň beren töleg gurbanyna iman etmeli (Efes. 1:7). Emma Mukaddes Kitapda: «Hudaý... adamlaryň (Isa pygamber ýer ýüzünde gelmänkä ýaşap, dünýäden öten adamlar göz öňünde tutulýar) geçmişde eden günälerini sabyrlylyk bilen bagyşlady» diýilýär (Rim. 3:25). Ýehowa adalatly kada-kanunlaryny bozman, heniz töleg tölenmänkä nädip adamlaryň günäsini bagyşlady?
Ýehowa gulak asýan adamlary halas etjek «nesliň» geljekdigini wada berdi. Ol wadany beren güni töleg eýýäm tölenen hasaplady (1 Mus. 3:15; 22:18). Hak Alla bellän wagtynda Isa pygamberiň janyny gurban berjekdigine doly ynanýardy (Gal. 4:4; Ýew. 10:7—10). Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda, heniz töleg tölenmedik hem bolsa, Hudaýyň wekili hökmünde adamlaryň günäsini bagyşlap bilýärdi. Ol janyny gurban berende, töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň günäsiniň bagyşlanjakdygyny bilýärdi (Mat. 9:2—6).