Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ähli zady yzda galdyryp, Halypamyzyň yzyna eýerýärin

Ähli zady yzda galdyryp, Halypamyzyň yzyna eýerýärin

«Wagza gidäýseň, yzyňa dolanma. Eger dolansaň, aýagyňy döwerin». Kakamyň şu sözleri gulagymda ýaňlanyp durdy. Şonuň üçin men öýden gitmek kararyna geldim. Şonda men ilkinji sapar ähli zady yzda galdyryp, Halypamyzyň yzyna eýermegiň nämedigine öz durmuşymda göz ýetirdim. Şol wagt men bary-ýogy 16 ýaşymdadym.

GELIŇ, men size bu barada giňişleýin gürrüň bereýin. Men 1929-njy ýylyň 29-njy iýulynda dünýä indim we Filippiniň Bulakan welaýatyndaky obada önüp-ösdüm. Ykdysady kynçylyklar sebäpli, ol ýeriň ýaşaýjylary gaty sada ýaşaýardy. Men heniz oglanjykkam, uruş turdy. Ýapon goşuny Filippini basyp alsa-da, biziň üstümize çozmady. Sebäbi obamyz uzakda ýerleşýärdi. Bizde radio, telewizor we gazet ýaly zatlar bolmansoň, uruş baradaky habarlary diňe adamlaryň gürrüňlerinden eşidýärdik.

Men maşgalamyzda sekiz çaganyň ikinjisidim; sekiz ýaşymdakam, babam bilen mamam meni öz ýanlaryna aldylar. Biz katolik dinine uýsak-da, babam başga dinlere erbet garamaýardy. Ol dostlarynyň berýän dini edebiýatlaryny alyp, ýygnaýardy. Onuň maňa tagalog dilinde «Gorag», «Howpsuzlyk» * atly kitapçalary we Mukaddes Ýazgylary görkezendigi henizem ýadymda. Men Mukaddes Ýazgylary, esasan-da, Injiliň dört Hoş habaryny okamagy gowy görýärdim. Bu meniň Isanyň yzyna eýermäge bolan islegimi artdyrdy (Ýah. 10:27).

HALYPAMYZYŇ YZYNA EÝERMEGI ÖWRENÝÄRIN

1945-nji ýylda Ýapon goşuny yza çekildi. Şonda ejem bilen kakam meni yzyma öýe çagyrdylar. Babamam maňa gitmegi teklip etdi. Şeýdip, men öýe dolandym.

Biraz wagtdan, ýagny 1945-nji ýylyň dekabr aýynda Ýehowanyň birnäçe Şaýatlary Angat şäherinden biziň obamyza wagyz etmäge geldiler. Bir gartaşan dogan öýümize gelip, Mukaddes Ýazgylardaky «soňky günler» diýen jümläniň näme aňladýandygyny düşündirdi (2 Tim. 3:1—5). Ol bizi golaýdaky obada geçirilýän Mukaddes Ýazgylar okuwyna çagyrdy. Kakam bilen ejem gitmese-de, men gitdim. Ol ýerde 20-ä golaý adam ýygnanyşypdy we käbiri Mukaddes Ýazgylar barada dürli soraglary berýärdi.

Men aýdylýan zatlaryň köpüsine düşünmeýändigim üçin, ol ýerden gaýtjak boldum. Emma edil şol wagt olar Patyşalyk aýdymyny aýdyp başladylar. Aýdym maňa şeýle güýçli täsir etdi welin, yzyma dolananymy hem duýmandyryn. Soňra olar doga etdiler we biziň ählimizi indiki dynç güni Angat şäherinde geçiriljek ýygnak duşuşygyna çagyrdylar.

Biziň käbirimiz takmynan sekiz kilometr ýol söküp, Kruzlaryň maşgalasynda geçirilýän ýygnaga bardyk. Men ýygnaga gelen 50 adamyň arasyndaky çagalaryň hem Ýazgylara esaslanan soraglara manyly jogap berýändiklerini görüp, gaty haýran galdym. Duşuşyga birnäçe gezek baranymdan soň, Damian Santos atly gartaşan pioner dogan öýüne ýatymlyk myhmançylyga çagyrdy. Ol öň maýor bolup işläpdir. Biz tutuş gije diýen ýaly Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüňdeş bolduk.

Şol günler biziň köpümiz Mukaddes Ýazgylardaky hakykata laýyk geler ýaly, durmuşymyzy çalt özgertdik. Bary-ýogy birnäçe hepdeden doganlar bizden: «Siz suwa çümdürilmek isleýärsiňizmi?» diýip soranlarynda, men: «Hawa» diýip, jogap berdim. Sebäbi men «Hojaýynymyz bolan Mesihe gul ýaly hyzmat etmek» isleýärdim (Kol. 3:24). Biz golaýdaky derýa baryp, men we ýene bir dogan 1946-njy ýylyň 15-nji fewralynda suwa çümdürildik.

Biz suwa çümdürilendigimiz üçin Isanyň göreldesine eýerip, yzygiderli wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýärdik. Bu meniň kakama ýaramady. Ol: «Sen wagyz ederden entek ýaş, derýa girip çykanyň bilen sen wagyzçy bolandyryn öýdýärmiň?» diýdi. Men kakama Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin, Onuň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmelidigini düşündirdim (Mat. 24:14). Şeýle-de: «Men Hudaýa beren wadamy berjaý etmeli» diýdim. Şonda kakam maňa makalanyň başynda gürrüň beren sözlerimi aýtdy. Hawa, ol maňa wagyz etmegimi bes etdirjek bolýardy. Bu meniň ilkinji sapar ähli zady yzda galdyryp, ruhy maksatlara ymtylyp başlan wagtlarymdy.

Kruzlaryň maşgalasy meni öz öýlerinde Angatda ýaşamaga çagyrdylar. Şeýle-de olar meni we iň kiçi gyzy Norany pioner bolmaga höweslendirdiler. Şeýdip, biz 1947-nji ýylyň 1-nji noýabrynda pioner gullugyna başladyk. Men Angat şäherinde wagyz edýärdim, ol bolsa başga şäherde gulluk edýärdi.

ÄHLI ZADY TAŞLAMAGA ÝENE BIR SEBÄP

Pioner gullugyna başlanyma üç ýyl bolanda, Beýtelde gulluk edýän Erl Stýuart dogan Angat şäheriniň meýdançasynda 500-den gowrak adamyň öňünde iňlis dilinde nutuk bilen çykyş etdi. Men bolsa onuň aýdanlaryny tagalog diline gysgaça terjime etdim. Meniň bary-ýogy ýedi klas bilimim bardy, emma mugallymlarymyz hemişe iňlisçe gepleýärdi. Iňlis dilini öwrenmäge kömek eden zatlaryň ýene biri bizde tagalog dilinde sanlyja edebiýatlar bardy. Şonuň üçin edebiýatlarymyzyň köpüsini iňlis dilinde öwrendim. Bu maňa ýokarda aýdyşym ýaly, Erl doganyň nutugyny we başga-da ruhy çärelerde aýdylýan zatlary terjime etmäge kömek etdi.

Bir gezek men Stýuart doganyň aýdýanlaryny terjime edip durkam, ol Beýtelde gulluk etmek üçin ýerli ýygnakdan bir-iki pioner doganyň gerekdigini aýtdy. Sebäbi 1950-nji ýylda missionerler ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine kongrese gidipdiler. Men şol çagyrylan doganlaryň biridim. Ine, men ýene-de ähli zatlary, ýagny tanyş ýerimi we dogan-uýalary yzda galdyryp, Beýteliň işlerine kömek etmäge gitdim.

Men 1950-nji ýylyň 19-njy iýunynda Beýtele baryp, şol ýerde gulluk edip başladym. Beýtel uludy; meýdany bir gektar bolan we töweregini uly agaçlar gurşap alýan köne jaýdy. Ol ýerde birnäçe sallah doganlar gulluk edýärdi. Irden men aşhanada kömek edýärdim, soňra sagat 9 töweregi egin-eşik ýuwulýan we ütüklenýän bölümde işleýärdim. Öýlänleri hem şeýle gün tertibe eýerýärdim. Hatda missionerler halkara kongresinden dolanyp gelenlerinde-de, men Beýtelde kömek edýärdim. Men žurnallary sahaplaýardym, olara ýazylan adamlary hasaba alýardym we kabulhanada işleýärdim. Aý, garaz näme iş tabşyrsalar, şonam edýärdim.

FILIPPINI YZDA GALDYRYP, GILEAD MEKDEBINE GIDÝÄRIN

1952-nji ýylda men we filippinli alty dogan Gilead mekdebiniň 20-nji klasynda okamaga çagyryldyk. ABŞ-da görüp-eşiden zatlarymyzyň köpüsi biziň üçin täzelikdi we geňdi. Dogrudanam, ol ýeri biziň kiçijik obamyz bilen deňeşdireniňde, ýer bilen gök ýalydy.

Gilead mekdebiniň talyplary bilen

Meselem, biz tanyş bolmadyk gurallary nädip ulanmalydygyny öwrendik. Ol ýeriň howasy hem tiz-tizden üýtgäp durýardy. Bir gezek irden tursam, daş-töwerek ak dona bürenipdir. Şonda men ilkinji sapar gar gördüm we gyş paslynyň juda sowuk bolýandygyna düşünip galdym.

Emma şeýle täsinlikler Gilead mekdebinde berilýän ajaýyp bilim bilen deňeşdireniňde, hiç zat bolup galýar. Mugallymlar ökdelik bilen tälim berýärdi. Biz çuňňur gözleg geçirmegi we bilen zatlarymyzy özleşdirmegi öwrendik. Gilead mekdebinde alan bilimim maňa ruhy taýdan ösmäge kömek etdi.

Mekdebi tamamlanymdan soňra, meni Nýu-Ýorkdaky Bronks şäherine ýörite pioner edip bellediler. Şonda 1953-nji ýylyň iýulynda «Täze dünýä jemgyýeti» atly kongres geçirildi. Men oňa başga bir kiçiräk şäherde gatnaşdym. Soňra Filippinde gulluk etmäge dolandym.

GOWY ŞERTLI ŞÄHERI TAŞLAP GIDÝÄRIN

Beýteldäki doganlar maňa: «Sen etrap gözegçisi bolup gulluk edersiň» diýdiler. Şeýdip, maňa Halypamyz ýaly Ýehowanyň goýunlaryny idemek üçin uzak şäherlere we obalara syýahat edip, onuň yzyna eýermäge täze mümkinçilik berildi (1 Pet. 2:21). Men Filippindäki iň uly adada ýerleşýän merkezi Luzanyň köp böleginde gulluk etmäge bellendim. Oňa Bulakan, Nuewa-Esiha, Tarlak we Zambales degişlidi. Bu şäherleriň käbirine barmak üçin Siýerre Madreniň daglyk ýerlerinden geçmeli bolýardy. Ol ýerden diňe ýük maşynlar geçýändigi üçin, sürüjilerden haýyş edip, uly ýük maşynyň üstünde oturyp gidýärdim. Olar razy bolsalar-da, şeýle ulagda syýahat etmek oňaýsyzdy.

Ýygnaklaryň köpüsi kiçidi we ýaňy-ýakynda döräpdi. Şol sebäpli doganlar ýygnak duşuşyklarynyň we wagyz gullugynyň has netijeli geçirilmegi üçin berýän kömegimi gymmat saýýardy.

Soňra men Bikol welaýatynda etrap gözegçisi bolup gulluk etdim. Ol ýerde heniz wagyz edilmedik territoriýalara bellenen ýörite pionerleriň toparlary köpdi. Olaryň birini ideg edenimde, aýak ýoluna gitjek boldum. Hajathana ulurak çukur gazylyp, arasynda iki agaç goýlup ýasalan eken. Agaja basanymda, ol döwlüp, men çukuryň içine gaçdym. Ertirlik iýilýän wagta çenli ýuwnup-ardynmaga maňa köp wagt gerek boldy.

Şol döwürlerde Bulakanda pioner gullugyna başlan Nora uýa ýadyma düşýärdi. Emma şol wagt ol Dumagete şäherinde ýörite pioner bolup gulluk edýärdi we men ony görmäge bardym. Şondan soň biz ýakyndan gatnaşyp başladyk we 1956-njy ýylda durmuş gurduk. Toýumyzdan bir hepde geçensoň, biz Rapu-Rapu adasyndaky ýygnaga bardyk. Munuň üçin biz daglyk ýerlerden köp ýol sökmeli bolduk. Emma Nora ikimize uzak ýerlerdäki doganlary idemek diýseň ýakymlydy.

ÝENE-DE BEÝTELDE GULLUK ETMÄGE ÇAGYRYLÝARYN

Aýalym bilen dört ýyl etrap gözegçisi bolup gulluk edenimden soň, biz Beýtelde gulluk etmäge çagyryldyk. Şeýdip, 1960-njy ýylyň ýanwarynda indi Beýtelde uzak wagtly gullugymyza başladyk. Ýyllaryň dowamynda men jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlar bilen işleşip, olardan köp zady öwrendim. Nora hem Beýtelde dürli borçlary ýerine ýetirýärdi.

Kongresde nutuk bilen çykyş edýärin, ýanymdaky dogan sebuan diline terjime edýär

Meniň pikirimçe, Beýtel gullugy maňa Filippindäki ruhy ösüşi öz gözüm bilen görmäge mümkinçilik berdi. Ilkinji sapar Beýtele gelenimde, men ýaş we sallahdym. Şol wagt tutuş ýurtda takmynan 10 müň wagyzçy bardy. Häzir bolsa Filippinde 200 müňden gowrak wagyzçy bar. Beýtelde bolsa ýüzlerçe dogan-uýalar wagyz işini goldamak üçin arman-ýadaman zähmet çekýärler.

Ýyllaryň dowamynda edilmeli işleriň artandygy üçin Beýteliň ýeri azlyk edýärdi. Ýolbaşçylyk maslahaty bize täze we uly binany gözlemegi tabşyrdy. Men çaphananyň gözegçisi bilen Beýteliň golaýyndaky öýlere aýlanyp, ýerini satjak adam ýokmuka diýip, soraşdyryp başladym. Ol ýerde, esasan, hytaýlar ýaşaýardy. Emma satjak adam tapylmady. Şonda bir adam bize: «Hytaýlar ýerini satmaýar. Biz satyn alýarys» diýdi.

Albert Şrýoder doganyň nutugyny terjime edýärin

Emma bir gezek duýdansyz bir adam ýerini satmakçydygyny aýtdy; ol ABŞ-a göçýän eken. Bu öň görlüp-eşidilmedik wakalaryň başlangyjy boldy. Ýene bir goňşymyz ýerini satyp, ol başgalaram şeýle etmäge höweslendirdi. Biz hatda «hytaýlar ýerini satmaýar» diýen adamyň hem mellegini satyn aldyk. Gysga wagtyň içinde Beýteliň territoriýasy üç esse ulaldy. Meniň pikirimçe, muny Ýehowanyň hut özi isledi.

1950-nji ýylda filiala baranymda, men Beýtel maşgalasynyň iň kiçisidim. Häzir bolsa aýalym ikimiz onuň gartaşan agzalarynyň biri. Men Halypamyzyň yzyna eýerendigime birjik-de ökünmeýärin. Dogrusy, ejem bilen kakam meni taşlady, emma Ýehowa özüniň uly maşgalasyna kabul etdi. Men häzirem nähili tabşyryk berilse-de, Ýehowanyň bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün edýändigine şübhelenmeýärin. Nora ikimiz Ýehowanyň eden ähli ýagşylyklary üçin, Oňa örän minnetdardyrys. Biz başgalary hem bu babatda Ýehowany synap görmegi maslahat berýäris (Mal. 3:10).

Bir gezek Isa salgytçy Mattany görüp, oňa: «Meniň şägirdim bol» diýdi. Ol muňa nähili seslendi? «Ol hem ýerinden turdy-da, hemme zatlaryny goýup, onuň yzyna düşdi» (Luka 5:27, 28). Mende-de şeýle mümkinçilikler boldy. Şonuň üçin men başgalary-da bu çagyryşy kabul edip, köp bereketleri almaga höweslendirýärin.

Filippindäki ruhy ösüşi häzirem görmek diýseň begendirýär

^ abzas 6 Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşiri, häzir çap edilmeýär.