Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz näme üçin «köp miwe getirmeli»?

Biz näme üçin «köp miwe getirmeli»?

«Siz köp miwe getirip, meniň şägirdimdigiňizi subut etseňiz, Atam şöhratlanar». ÝAH. 15:8

AÝDYMLAR: 145, 144

1, 2. a) Isa ölmezinden biraz öň şägirtleri bilen näme barada gürrüň etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Wagyz etmegiň sebäbini ýatda saklamak näme üçin wajyp? ç) Şu makalada nämä serederis?

ISA ölüminiň öň ýanyndaky gije resullary bilen uzak wagtlap gürrüňdeş bolup, olara ýürekden söýýändigini aýdýar. Şeýle-de geçen makaladan bilşimiz ýaly, Isa olara üzüm agajy baradaky mysaly gürrüň berýär. Ol bu mysal arkaly şägirtlerini Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenlerinde, çydamly bolup, «köp miwe getirmäge» höweslendirýär (Ýah. 15:8).

2 Emma Isa şägirtlerine diňe bir näme etmelidigini däl-de, muny näme üçin etmelidigini hem aýdýar. Ol şägirtlerine haýsy sebäplere görä wagyz etmelidigini düşündirýär. Muny bilmek näme üçin wajyp? Biz hoş habary näme sebäpden wagyz edýändigimizi ýatda saklasak, «ähli milletlere» şaýatlyk edenimizde, çydamly bolmaga kömek eder (Mat. 24:13, 14). Şonuň üçin, geliň, Ýazgylar esasynda wagyz etmegiň dört sebäbine seredeliň. Şeýle-de çydamlylyk bilen miwe bermäge kömek edýän Ýehowanyň bize berýän dört sany sowgady barada gürrüň ederis.

ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRÝARYS

3. a) Ýahýa 15:8-de wagyz etmegiň haýsy sebäbi agzalýar? b) Isanyň mysalyndaky üzüm agajynyň «miwesi» nämäni aňladýar we bu deňeşdirme näme üçin ýerlikli?

3 Adamlaryň öňünde Ýehowany şöhratlandyrmak we adyny mukaddes etmek wagyz etmegiň esasy sebäbi hasaplanýar (Ýahýa 15:1, 8-nji aýatlary okaň). Üns beren bolsaňyz, Isa Atasy Ýehowany üzüm ýetişdirýän bagban ýa-da daýhan bilen deňeşdirýär. Ol özüni üzüm agajyna ýa-da baldaga, şägirtlerini bolsa şahalara meňzedýär (Ýah. 15:5). Şol sebäpli üzüm agajynyň «miweleri» Mesihiň şägirtleriniň Patyşalyk üçin edýän işlerini gowy suratlandyrýar. Isa resullaryna şeýle diýdi: «Siz köp miwe getirseňiz,.. Atam şöhratlanar». Üzüm agajynyň gowy miweleri berip, bagbana abraý getirişi ýaly, bizem Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny edenimizde, Ýehowa alkyş we şöhrat getirýäris (Mat. 25:20—23).

4. a) Biz Hudaýyň adyny nädip mukaddes edýäris? b) Siz Hudaýyň adyny mukaddes etmek hormatyna nähili garaýarsyňyz?

4 Wagyz işi Hudaýyň adyny nädip mukaddes edýär? Elbetde, biz Hudaýyň adyny has mukaddes edip bilmeýäris. Sebäbi ol eýýäm doly manyda mukaddesdir. Emma Işaýa pygamberiň bu barada näme diýendigine üns beriň: «Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň» (Iş. 8:13). Biz Ýehowanyň adyny beýleki atlardan tapawutlandyryp tutanymyzda we başgalara ony mukaddes saýmaga kömek edenimizde, Hudaýyň adyny mukaddes edýäris (Mat. 6:9). Meselem, biz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri we adamzat babatdaky üýtgewsiz maksady barada hakykaty wagyz edip, Hudaýyň adyny Şeýtanyň ýalan aýyplamalaryndan hem-de töhmetinden goraýarys (Gel. çyk. 3:1—5). Şeýle-de ýaşaýan ýerimizdäki adamlara Ýehowanyň «şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypdygyna» göz ýetirmäge kömek etmek üçin tagalla edip, Hudaýyň adyny mukaddes edýäris (Ylh. 4:11). 16 ýyl bäri pioner bolup gulluk edýän Run atly dogan şeýle diýýär: «Men älemiň Ýaradyjysy barada wagyz etmäge mümkinçiligimiň bardygyna örän begenýärin. Bu meniň wagyz etmäge bolan islegimi hasam artdyrýar».

ÝEHOWANY WE ISANY SÖÝÝÄRIS

5. a) Ýahýa 15:9, 10-njy aýatlarda wagyz etmegiň haýsy sebäbi agzalýar? b) Isa çydamly bolmagyň wajypdygyny nädip nygtady?

5 Ýahýa 15:9, 10-njy aýatlary okaň. Biz Ýehowany we Isany ýürekden söýýändigimiz üçin Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi wajyp saýýarys (Mar. 12:30; Ýah. 14:15). Isa şägirtlerine öz söýgüsini diňe bir duýmagy däl-de, «(onuň) söýgisinde galmagy» ündedi. Näme üçin? Sebäbi Mesihiň hakyky şägirdi hökmünde galmak üçin ýyl-ýyldan çydamlylyk gerek bolýar. Isa Ýahýa 15:4—10-njy aýatlarda «galmak» sözüni öwran-öwran ulanyp, çydamly bolmagyň wajypdygyny nygtap geçdi.

6. Biz Mesihiň söýgüsinde galmak isleýändigimizi nädip görkezip bileris?

6 Biz Mesihiň söýgüsinde galmak we onuň göwnünden turmak isleýändigimizi nädip görkezip bileris? Biz muny Isanyň tabşyryklaryna gulak asyp görkezýäris. Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, Isa bize: «Maňa gulak asyň» diýýär. Ol şägirtlerine diňe özüniň eden işlerini etmegi tabşyryp: «Sebäbi men hem Atamyň tabşyryklaryny berjaý edip, onuň söýgüsinde galýaryn» diýdi. Şeýdip, Isa bu babatda görelde galdyrdy (Ýah. 13:15).

7. Gulak asmaklyk bilen söýginiň nähili baglanyşygy bar?

7 Gulak asmaklyk bilen söýginiň baglanyşyklydygyny görkezip, Isa resullaryna şeýle diýdi: «Meniň tabşyryklarymy kabul edip, olary berjaý edýän adam meni söýýändir» (Ýah. 14:21). Biz Isanyň «gidiň-de, wagyz ediň» diýen tabşyrygyna gulak asyp, Ýehowany hem söýýändigimizi görkezýäris. Sebäbi Isanyň tabşyryklary Atasynyň garaýşyny aýan edýär (Mat. 17:5; Ýah. 8:28). Biz Ýehowany we Isany söýýäris, olar hem bizi söýýär.

ADAMLARA DUÝDURÝARYS

8, 9. a) Biz ýene haýsy sebäbe görä wagyz edýäris? b) Ýehowanyň Ezekiýel 3:18, 19; 18:23-nji aýatlardaky sözleri bizi näme etmäge höweslendirýär we näme üçin?

8 Wagyz işini dowam etmegiň ýene bir sebäbi: Biz adamlara Hudaýyň höküm gününiň ýetip gelýändigini duýdurýarys. Mukaddes Ýazgylarda Nuh pygamber «wagyzçy» hökmünde tanalýar (2 Petrus 2:5-i okaň). Ol Tupandan öň wagyz edip, adamlara heläkçiligiň boljakdygy barada duýdurdy. Näme üçin şeýle diýse bolar? Isanyň sözlerine üns beriň. Ol: «Tupandan öň adamlar Nuhuň gämä giren gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Tupan turup, adamlaryň ählisini syryp äkidýänçä, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan oglunyň gelşi-de şeýle bolar» diýdi (Mat. 24:38, 39). Adamlaryň biperwaýlygyna garamazdan, Nuh pygamber özüne tabşyrylan ýumşy wepaly ýerine ýetirdi.

9 Biz hem Hudaýyň adamzat babatdaky niýetini bilmekleri üçin, adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris. Ýehowa ýaly biziňem ählimiz adamlaryň hoş habary kabul edip, «diri galmaklaryny» ýürekden isleýäris (Ezek. 18:23). Şeýle-de biz öýden-öýe we köpçülik ýerlerinde wagyz edenimizde, mümkin boldugyndan, has köp adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň geljekdigini hem-de zalym dünýäniň soňuna çykjakdygyny duýdurýarys (Ezek. 3:18, 19; Dan. 2:44; Ylh. 14:6, 7).

ADAMLARY SÖÝÝÄRIS

10. a) Matta 22:39-da wagyz etmegiň haýsy sebäbi agzalýar? b) Pawlus bilen Silasyň Filipide türmeçä nädip kömek edendigini gürrüň beriň.

10 Wagyz işini dowam etmegiň başga bir wajyp sebäbi: Biz adamlary söýýändigimiz üçin wagyz edýäris (Mat. 22:39). Şeýle söýgi adamlaryň ýagdaýy üýtgände, olaryň garaýşynyň hem üýtgeýändigine düşünip, çydamlylyk bilen wagyz etmäge höweslendirýär. Geliň, Pawlus we onuň ýoldaşy Silas bilen bolan waka seredeliň. Filipi şäherinde duşmanlar olary tussag edýärler. Soňra ýarygije birdenkä ýer titräp, türmäni sarsdyrýar we onuň ähli gapylary açylýar. Türmeçi tussaglar gaçandyr öýdüp, gorkýar we özüni öldürjek bolýar. Emma Pawlus: «Janyňa kast etme!» diýip gygyrýar. Türmeçi howsala düşüp: «Halas bolmak üçin, men näme etmeli?» diýýär. Olar hem oňa: «Halypamyz Isa iman et, şonda sen... halas bolarsyň» diýýärler (Res. iş. 16:25—34).

Ýehowa, Isa we ýakynymyza bolan söýgi hoş habary wagyz etmäge höweslendirýär (5, 10-njy abzaslara serediň)

11, 12. a) Türmeçi bilen bolan wakanyň wagyz işimiz bilen nähili baglanyşygy bar? b) Biz näme etmäge taýyn bolmaly?

11 Türmeçi bilen bolan wakanyň wagyz işimiz bilen nähili baglanyşygy bar? Şuňa üns beriň: Türmeçi garaýşyny üýtgedýär we diňe ýer titremeden soň kömek soraýar. Şonuň ýaly şu günlerem öň hoş habara seslenmedik adamlar garaýşyny üýtgetmegi we durmuşynda birden elhenç waka bolanda kömek soramagy mümkin. Meselem, ýaşaýan ýerimizdäki käbir adamlar duýdansyz ençeme ýyldan bäri işläp ýören kärini ýitirip, göwnüçökgünlige düşmegi mümkin. Käbirlerine bolsa maşgalasynyň dargamagy güýçli urgy bolup biler. Başgalar bolsa agyr kesele uçrandygy ýa-da ýakynlarynyň ölümi sebäpli hasrat çekýändir. Şeýle zatlardan ejir çekýän adamlaryň käbiri öň gyzyklanmasa-da, häzir durmuşyň manysy barada sorag bermekleri mümkin. Belki-de, olar: «Halas bolmak üçin, men näme etmeli?» diýýändirler. Şeýle adamlara duşanymyzda, olar biziň umyt beriji habarymyzy şol bada kabul edip biler.

12 Şol sebäpli wagyz işini wepalylyk bilen dowam etsek, adamlaryň hoş habary kabul etmek isleýän wagty olara gerekli tesellini bermäge taýyn bolarys (Iş. 61:1). 38 ýyl bäri uzak wagtly gulluk edýän Şarlotta uýa şeýle diýýär: «Şu günler adamlar çykalgasyz ýagdaýda bolandygy üçin, olar hoş habara mätäç». 34 ýyl bäri pioner bolup gulluk edýän Eýwor uýa bolsa şeýle diýýär: «Şu günler adamlaryň köpüsi özlerini hasam lapykeç duýýarlar. Meniň olara ýürekden kömek edesim gelýär. Bu bolsa wagyz etmäge höweslendirýär». Görşümiz ýaly, ýakynymyza bolan söýgi wagyz işini dowam etmegiň wajyp sebäpleriniň biri hasaplanýar.

ÇYDAMLY BOLMAGA KÖMEK EDÝÄN SOWGATLAR

13, 14. a) Ýahýa 15:11-de haýsy sowgat barada agzalýar? b) Biz Isanyňky ýaly şatlygy nädip özümizde duýup bileris? ç) Şatlyk duýgusy gullugymyza nähili täsir edýär?

13 Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije resullaryna çydamlylyk bilen hasyl bermäge kömek edýän birnäçe sowgatlar barada aýtdy. Bu sowgatlar näme we biz olardan nädip peýdalanyp bileris?

14 Şatlyk duýgusy. Isanyň wagyz etmek babatda beren tabşyrygyna gulak asmak kynmy? Elbetde, ýok. Isa üzüm agajy baradaky mysalyny gürrüň berensoň, Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde şatlanjakdygymyzy aýtdy (Ýahýa 15:11-i okaň). Aslynda, Isa özündäki şatlygyň bizde-de boljakdygyna ynandyrdy. Nädip? Ýokarda aýdylyşy ýaly, Isa özüni üzüm agajyna, şägirtlerini bolsa şahalara meňzetdi. Dogrudan-da, agaç şahalaryň ösmegine ýardam edýär. Sebäbi şahalar agaja sepleşip, ondan ösmek üçin zerur bolan ýokumly maddalary we çyglylygy özüne sorup alýar. Şonuň ýaly bizem Mesihiň yzyna eýerip, onuň bilen birlikde galsak, Isanyň Atasynyň islegini berjaý edip alýan şatlygyny özümizde duýup bileris (Ýah. 4:34; 17:13; 1 Pet. 2:21). 40 ýyldan gowrak pioner bolup gulluk edýän Hanna uýamyz şeýle diýýär: «Men hemişe wagyzdan şatlyk tapýaryn. Bu maňa Ýehowa edýän gullugymy dowam etmäge güýç berýär». Dogrudan-da, kalbymyzdaky şatlyk nähili kynçylyk bolaýanda-da, wagyz işini dowam etmäge güýç berýär (Mat. 5:10—12).

15. a) Ýahýa 14:27-de haýsy sowgat barada agzalýar? b) Parahatlyk bize miwe bermäge nädip kömek edýär?

15 Kalbymyzdaky parahatlyk (Ýahýa 14:27-ni okaň). Ölmezinden biraz wagt öň, Isa resullaryna: «Size öz parahatlygymy berýärin» diýdi. Bu sowgat bize miwe getirmäge nädip kömek edýär? Biz çydamly bolsak, Ýehowany we Isany razy edip, kalbymyzda tükeniksiz parahatlygy duýarys (Zeb. 149:4; Rim. 5:3, 4; Kol. 3:15). 45 ýyl bäri uzak wagtly gulluk edýän Ulf atly dogan şeýle diýýär: «Käte wagyzdan soň, özümi ýadaw duýsam-da, ol kalbyma rahatlyk berýär we durmuşymy manyly edýär». Biz kalbymyza tükeniksiz rahatlyk berýän bu sowgada diýseň minnetdar!

16. a) Ýahýa 15:15-de haýsy sowgat barada agzalýar? b) Resullara Isa bilen dostlugyny goramaga näme kömek etdi?

16 Dostlukly gatnaşyk. Isa resullarynyň «doly şatlanmagyny» isleýändigini aýdandan soň, olara janaýamaz söýgini bildirmegiň wajypdygyny düşündirdi (Ýah. 15:11—13). Soňra ol: «Men size dostlarym diýýärin» diýdi. Isanyň dosty bolmak örän gymmatly sowgat! Resullar Isa bilen dostlugyny goramak üçin näme etmelidi? Olar «miwe getirmelidiler» (Ýahýa 15:14—16-njy aýatlary okaň). Şondan takmynan iki ýyl öň Isa resullaryna şeýle görkezme beripdi: «Ýolda barýarkaňyz: „Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň» (Mat. 10:7). Ölüminiň öň ýanyndaky gije bolsa, olary başlan işlerini çydamlylyk bilen dowam etmäge höweslendirdi (Mat. 24:13; Mar. 3:14). Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek aňsat bolmasa-da, olar bu işde üstünlik gazanyp, onuň bilen dostlugyny gorap bildiler. Nädip? Olar muny başga bir sowgadyň kömegi bilen başardylar.

17, 18. a) Ýahýa 15:16-da haýsy sowgat barada agzalýar? b) Bu sowgat Isanyň şägirtlerine nädip kömek etdi? ç) Haýsy sowgatlar bize güýç berýär?

17 Dogalarymyza jogap almak. Isa: «Meniň adym bilen Atamdan näme sorasaňyz, ol size berer» diýdi (Ýah. 15:16). Isanyň bu wadasy resullaryny, gör, nähili berkidendir! * Ýöne olar Isanyň sözlerine başda doly düşünmediler. Sebäbi Isanyň ýerdäki ýaşaýşy tamamlanyp barýardy. Emma şonda-da olar goldawsyz galmazdylar. Ýehowa olaryň Patyşalyk habaryny wagyz etmek tabşyrygyny berjaý eder ýaly, kömek sorap edýän islendik dogasyna jogap bermäge taýyndy. Dogrudan-da, şondan biraz wagt geçenden soň, resullar edýän dogalaryna Ýehowanyň jogap berendigine göz ýetirdiler (Res. iş. 4:29, 31).

Biz edýän dogalarymyza Ýehowanyň jogap berýändigine ynanyp bileris (18-nji abzasa serediň)

18 Şu günler hem şeýle diýse bolýar. Biz çydamlylyk bilen miwe bersek, Isanyň dosty bolmakdan köp şatlyk taparys. Şeýle-de biz Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edenimizde, duş gelýän kynçylyklara döz gelmek üçin edýän dogalarymyza Ýehowanyň jogap berjekdigine ynamly bolup bileris (Flp. 4:13). Eýsem, Hudaýyň dogalarymyza jogap berýändigi we Isa bilen dostlaşyp bilýändigimiz göwnümizi götermeýärmi näme?! Ýehowanyň bu sowgatlary bize miwe getirmäge güýç berýär (Ýak. 1:17).

19. a) Biz näme üçin wagyz edýäris? b) Hudaýyň tabşyran işini soňuna çenli berjaý etmäge bize näme kömek eder?

19 Şu makalada aýdylyşy ýaly, biz Ýehowany şöhratlandyrmak we adyny mukaddes etmek, Ýehowa bilen Isany söýýändigimizi görkezmek, adamlara duýdurmak hem-de ýakynymyza bolan söýgimizi görkezmek üçin hoş habary wagyz edýäris. Şeýle-de şatlyk, parahatlyk, dostluk we dogalarymyza jogap almak ýaly sowgatlar Hudaýyň tabşyran işini soňuna çenli berjaý etmäge güýç berýär. Biziň «köp miwe bermek» üçin ýürekden edýän tagallamyzy görüp, Ýehowa örän begenýär!

^ abzas 17 Isa resullary bilen gürrüňdeş bolanda, olaryň dogalaryna jogap aljakdyklaryny gaýta-gaýta aýtdy (Ýah. 14:13; 15:7, 16; 16:23).