Biz agzybirlige nädip goşant goşup bileris?
«Mesih arkaly bütin beden özara sazlaşykly birleşýär we bedeniň her bir agzasy biri-biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek edýär». EFES. 4:16
AÝDYMLAR: 53, 16
1. Başlangyçdan bäri Hudaýyň işlerinde haýsy aýratynlyk görünýär?
ÝEHOWA ähli zady ýaradanda, ilkinji Ogly Isa bilen agzybir zähmet çekdi. Isa: «Şonda men bir ussa kimin Onuň gapdalyndadym; her gün Onuň begenjidim» diýdi (Sül. tym. 8:30). Ýehowanyň gullukçylary hem onuň tabşyran ýumşuny hemişe agzybir ýerine ýetirýärdiler. Meselem, Nuh pygamber gämini maşgalasy bilen bile gurupdy. Ysraýyl halky çölde sergezdan wagty mukaddes çadyry sökmeli we gurmaly bolanda agzybir hereket edýärdi. Olar ybadathanada hem bilelikde saz çalyp, aýdym aýdyp, Ýehowany wasp edýärdiler. Dogrudan-da, bu zatlary etmek üçin agzybirlik gerekdi (Gel. çyk. 6:14—16, 22; San. 4:4—32; 1 Ýyl. 25:1—8).
2. a) I asyrdaky mesihçiler ýygnagy barada näme diýse bolar? b) Biz haýsy soraglara serederis?
2 I asyrdaky mesihçilerem Isanyň baştutanlygynda bilelikde işleşip, ýygnagyň agzybirligini saklaýardylar. Pawlus resulyň aýtmagyna görä, mesh edilen mesihçileriň «sylaglary», «gullugy» hem-de «edýän işleri dürli-dürli» bolsa-da, olaryň «hemmesi bir bedene degişlidi» (1 Korinfliler 12:4—6, 12-nji aýatlary okaň). Biziň günlerimiz barada näme diýse bolar? Hoş habary wagyz edenimizde, dogan-uýalar bilen agzybirligimiz nädip berkeýär? Biz ýygnagymyzyň we maşgalamyzyň agzybirligine nädip goşant goşup bileris?
DOGAN-UÝALAR BILEN WAGYZ EDIP, AGZYBIRLIGIŇIZI BERKIDIŇ
3. Ýahýa resul nähili görnüş gördi?
3 I asyryň ahyrynda Ýahýa resul görnüşde surnaý çalýan ýedi perişdäni görýär. Bäşinji perişde surnaýyny çalanda, «bir ýyldyz» gökden aşak inýär. Şol ýyldyz elindäki açary bilen düýpsüz çuňlugyň agzyny açanda, ondan tüsse çykýar. Tüsseden bolsa çekirtgeler çykyp, ýer ýüzüne ýaýraýar. Göçme manydaky şol çekirtgeler ösümliklere däl-de, «maňlaýynda Hudaýyň möhüri basylmadyk adamlara zyýan ýetirýärler» (Ylh. 9:1—4). Ýahýa resul çekirtgeleriň çozmagynyň nähili weýran ediji bolýandygyny bilýärdi. Musanyň günlerinde-de Müsür halky çekirtgeler bilen jezalandyrylypdy (Müs. çyk. 10:12—15). Ýahýanyň gören göçme manydaky çekirtgeleri Ýehowanyň hökümini yglan edýän mesh edilen mesihçileri aňladýar. Ýerde ýaşamaga umyt edýän millionlarça mesihçiler hem olar bilen bilelikde bu işe gatnaşýarlar. Hawa, biz hoş habary agzybirlikde wagyz edip, adamlara ýalan dinden çykmaga we Şeýtanyň täsirinden azat bolmaga kömek edýäris.
4. Hudaýyň halkyna nähili iş tabşyryldy we olar muny nädip ýerine ýetirip biler?
4 Ýehowanyň halkyna ägirt uly iş, ýagny dünýäniň soňy gelýänçä, bütin ýer ýüzünde «hoş habary» wagyz etmek tabşyryldy (Mat. 24:14; 28:19, 20). Olar «suwsan adamlary» «ýaşaýyş suwundan» mugt içmäge çagyrýarlar (Ylh. 22:17). Biz bu işi ýygnakdaky dogan-uýalar bilen nädip üstünlikli ýerine ýetirip bileris? Munuň üçin «özara sazlaşykly birleşip... biri-birimiziň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek etmeli» (Efes. 4:16).
5, 6. Hoş habary wagyz edenimizde dogan-uýalar bilen agzybirligimiz nädip berkeýär?
5 Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary, mümkin boldugyndan, köp adamlara ýetirmek üçin guramaçylykly wagyz etmeli. Şol sebäpli bütin dünýädäki dogan-uýalaryň agzybir işleşmegi üçin ýygnaklarda görkezmeler berilýär. Biz wagyz duşuşygyny geçirip, hoş habary wagyz etmäge gidýäris. Adamlar bilen gürrüňdeş bolup, Mukaddes Ýazgylara esaslanan millionlarça edebiýatlar arkaly Patyşalyk habaryny ýaýradýarys. Sizem wagyz üçin geçirilýän ýörite kampaniýalara yhlasly gatnaşmaga jan edýärsiňizmi? Şeýle etmek bilen, siz Ylham 14:6-da agzalýan «asmanda uçup ýören» perişdäniň habaryny agzybirlikde wagyz edýän millionlarça dogan-uýalara goşulýarsyňyz.
6 «Ýyllyk kitabyndan» wagzyň gowy netije berýändigi barada okanymyzda göwnümiz göterilýär. Şeýle-de welaýat, ýörite we halkara kongreslerine çakylyk paýlanymyzda nähili agzybir işleşýändigimiz barada oýlanyp görüň. Şol duşuşyklarda Hudaýyň Sözüne esaslanan ruhlandyryjy nutuklary diňleýäris, dramalary we sahnalary görýäris. Olar bizi bar güýjümiz bilen Ýehowa gulluk etmäge höweslendirýär. Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamy hem biziň agzybirligimizi berkidýär. Biz Hudaýyň çäksiz merhemetine minnetdarlygymyzy görkezmek we Isanyň tabşyrygyna gulak asmak üçin, her ýyl 14-nji nisanda gün ýaşandan soň ählimiz ýygnanyşyp, şol ähmiýetli wakany belleýäris (1 Kor. 11:23—26). Emma bu duşuşyga diňe Ýehowanyň Şaýatlary gelmeýär. Ýatlama agşamynyň öň ýanyndaky hepdelerde biz ýygnagymyzyň territoriýasynyň, mümkin boldugyndan, köp ýerlerinde wagyz edip, adamlary şol duşuşyga çagyrmaga jan edýäris.
7. Dogan-uýalar bilen agzybir wagyz etmegiň nähili peýdasy bar?
7 Ýekeje çekirtge kän bir zyýan ýetirip bilmeýär. Şonuň ýaly-da, biziň ýeke özümiz hoş habary ähli adamlara wagyz edip bilmeýäris. Emma dogan-uýalar bilen agzybir işleşip, millionlarça adamlara Ýehowany tanamaga we ony şöhratlandyrmaga kömek edýäris. Hudaýyň halky agzybirligini ýene nädip berkidip biler?
ÝYGNAKDA AGZYBIRLIGI SAKLAŇ
8, 9. a) Pawlus resul mesihçileriň agzybir bolmalydygyny haýsy mysal arkaly düşündirdi? b) Biz ýygnakda nädip agzybirligi saklap bileris?
8 Pawlus resul efeslilere ýazan hatynda ýygnagyň guramaçylykly hereket etmelidigini we mesihçileriň «ähli zatda... ýetişen adam bolmalydygyny» belläp geçdi (Efesliler 4:15, 16-njy aýatlary okaň). Biz muny nädip edip bileris? Pawlus ynsan bedenini mysal getirip, Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda ýygnakda agzybirligi saklamagyň wajypdygyny nygtady. Ol «bedeniň her bir agzasynyň biri-biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek edýändigini» aýtdy. Biz gujur-gaýratly ýa ejizdigimize, ýaş ýa-da gartaşandygymyza garamazdan, ýygnagyň agzybirligine nädip goşant goşup bileris?
9 Munuň üçin, ilki bilen, Isanyň ýygnakda gözegçi edip bellän ýaşulularyna hormat goýup, tabyn bolmaly (Ýew. 13:7, 17). Bu bize käte kyn bolsa-da, Ýehowadan kömek sorasak, mukaddes ruh ýygnakda berilýän görkezmelere ýürekden eýermäge höweslendirer. Käbir ýagdaýlarda berilýän görkezmä eýermek aňsat düşmese, kiçigöwünli bolup, ýaşulular bilen hyzmatdaşlyk etsek, ýygnagyň agzybirligine goşant goşýandygymyz barada oýlanmaly. Şeýle-de dogan-uýalar bilen işleşsek, olara bolan söýgimiz artar.
10. Hyzmatçy doganlar ýygnagyň agzybirligine nädip goşant goşýarlar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
10 Ýygnagyň hyzmatçylary agzybirlige uly goşant goşýarlar. Olar ýaşyna garamazdan, dogan-uýalara kömek etmek üçin janyny aýaman zähmet çekýärler. Meselem, olar wagyz üçin gerekli edebiýatlaryň bolmagynyň aladasyny edip, ýaşululara kömek edýärler. Şeýle-de Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna we bejeriş işlerine gatnaşýarlar hem-de ýygnak duşuşyklaryna gelýän adamlary mähir bilen garşy alýarlar. Bizem şol doganlar bilen hyzmatdaşlyk etsek, ýygnagyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam ederis (Resullaryň işleri 6:3—6-njy aýatlary deňeşdiriň).
11. Ýaş doganlar ýygnagyň agzybirligine nädip goşant goşup biler?
11 Ruhy taýdan ýetişen doganlaryň köpüsi ýygnakda ençeme ýyldan bäri jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärler. Olaryň ýaşy bir çene barandygy üçin öňküsi ýaly gulluk edip bilmeýärler. Şol sebäpli käbir özgerişleri etmeli bolýar. Bu babatda ýaş doganlar gowy kömek edip biler. Olar tejribesiz bolsa-da, tälim alyp, ýygnakda köp jogapkärçilikleri ýerine ýetirip bilýärler. Ýygnagyň hyzmatçylary ruhy taýdan ösüp, ýaşuly bolanda diýseň begenýäris (1 Tim. 3:1, 10). Ýygnak ýaşulularynyň käbiri ýaş bolsa-da, köp ýygnaklarda dogan-uýalara hyzmat etmek üçin tälim alyp, etrap gözegçisi bolýarlar. Eýsem, biz şol doganlaryň jan aýaman çekýän zähmetine minnetdar bolmaly dälmi näme?! (Zebur 110:3; Wagyz kitaby 12:1-nji aýatlary okaň *).
MAŞGALADA AGZYBIR BOLUŇ
12, 13. Maşgalanyň agzybirligini berkitmäge näme kömek edýär?
12 Geliň, indi maşgalamyzda agzybirligi saklamak üçin näme edip biljekdigimize seredeliň. Köpler maşgala okuwyny her hepde yzygiderli geçirmegiň ene-atalary we çagalary biri-birine ýakynlaşdyrýandygyna göz ýetirdiler. Maşgala okuwynda ruhy zatlar barada gürrüň edip, agzybirligimizi has-da berkidýäris. Maşgala okuwyny geçirenimizde wagyz gullugyna taýýarlansak, ökdelik bilen wagyz edip bileris. Biz maşgala okuwynda Mukaddes Ýazgylar barada pikir alşyp ruhlanýarys we maşgala agzalarymyzyň Hudaýy söýýändigini hem-de onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek isleýändigini görüp, biri-birimize has-da ýakynlaşýarys.
13 Är-aýal Ýehowany agzybirlikde şöhratlandyrar ýaly näme edip biler? Är-aýalyň ikisem Ýehowa wepaly gulluk etse, olar biri-birine has-da ýakynlaşýar. Meselem, Ybraýym bilen Sara, Yshak bilen Rebeka, Elkana bilen Hanna biri-birine söýgi bildirýärdi. Bizem şeýle etmegi ýüregimize düwmeli (Gel. çyk. 26:8; 1 Şam. 1:5, 8; 1 Pet. 3:5, 6). Sebäbi bu är-aýalyň agzybirligini berkidip, Ýehowa Hudaýa ýakynlaşdyrýar (Wagyz kitaby 4:12-ni okaň) *.
14. Ýanýoldaşyň Ýehowa gulluk etmeýän bolsa, maşgalanyň agzybir bolmagy üçin näme edip bilersiň?
14 Mesihçiler imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmeýärler (2 Kor. 6:14). Onda maşgala agzalary Ýehowa iman etmeýän dogan-uýalar barada näme diýse bolar? Häzir Ýehowa gulluk edýän dogan-uýalaryň käbiri hakykaty bilmänkä durmuş gurandygy üçin, olaryň ýanýoldaşy Ýehowanyň Şaýady däldir. Muňa garamazdan, olar Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerse, maşgalanyň agzybir bolmagyna ýardam edip biler. Şonuň üçin maşgalada, mümkin boldugyndan, ylalaşykly ýaşajak bolmaly. Bu käte aňsat bolmasa-da, munuň gowy netije berýändigi barada oýlanmaly. Eger mesihçiniň ýanýoldaşy ýygnagy terk etse, Hudaýyň Sözündäki prinsiplere görä ýaşamak kyn bolmagy mümkin. Merýem atly uýa bilenem şeýle boldy. Ol ýoldaşy Dawut bilen Ýehowa gulluk edýärdi. Emma 25 ýyl mundan ozal Dawut ýygnaga barmagyny bes edýär. Merýem şonda-da ýygnaklardan we kongreslerden galmaýar hem-de maşgalasynda Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermäge jan edip, alty çagasyny terbiýeleýär. Çagalary ulalyp, aýry ýaşap başlanlarynda, Merýem özüni hasam ýeke duýýar. Soňra Dawut aýalynyň el ýüzde goýup giden žurnallaryny okap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol ýene-de ýygnaga dolanýar. Dawudyň alty ýaşly agtygy her gezek oňa ýygnakda ýer tutýardy. Eger Dawut ýygnaga gelmese, agtygy oňa: «Ata, men saňa şu gün ýygnakda kän garaşdym» diýýärdi. Häzir Dawut Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýär, onuň aýaly Merýem hem Hudaýa ýene-de bile gulluk edýändiklerine diýseň begenýär.
15. Gartaşan mesihçiler ýaşlara nädip kömek edip biler?
15 Şu günler Şeýtan maşgala has güýçli topulýar. Şol sebäpli Hudaýyň gullukçylarynyň ählisi maşgalada agzybirligi saklamak üçin elinde baryny etmeli. Siziň durmuş guranyňyza näçe wagt geçenem bolsa, maşgalaňyzy berkitmek üçin özüňiziň näme edip ýa-da diýip biljekdigiňiz barada oýlansaňyz gowy bolar. Gartaşan mesihçiler bu babatda ýygnakdaky ýaşlara kömek edip biler. Siz ýaş är-aýallary maşgala okuwyňyza çagyryp bilersiňiz. Şonda ýaşlar durmuş guranyňa näçe ýyl Tit. 2:3—7).
geçenem bolsa, birek-birege söýgi bildirmegiň we agzybir ýaşamagyň wajypdygyna göz ýetirerler («GELIŇ, REBBIŇ DAGYNA... ÇYKALYŇ»
16, 17. Hudaýyň agzybir gullukçylary nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýar?
16 Gadymy döwürde ysraýyllylar Iýerusalimdäki ybadathanada baýramçylyk belläp, Ýehowany şöhratlandyrýardylar. Olar şol baýramçylyga barmak üçin öňünden taýýarlanýardylar, ýolda biri-birini goldap, kömek edýärdiler. Soňra ybadathanada Hudaýa bilelikde sežde edýärdiler. Hawa, bu zatlaryň ählisini etmek üçin agzybirlik gerekdi (Luka 2:41—44). Bizem täze dünýä ýetýänçäk, birek-biregiň aladasyny edip, agzybirligi saklamaly we eginme-egin işleşmeli. Munuň üçin hemişe tagalla etmeli bolýar. Sizem agzybir bolmak üçin eliňizde baryny edýärsiňizmi?
17 Gelejekde bize nähili bereketleriň garaşýandygyny göz öňüne getiriň. Biz eýýäm häzirden şu zalym we agzala dünýäniň işlerine goşulmaýarys. Şu günler Işaýanyň we Mikanyň pygamberliginiň ýerine ýetýändigini, ýagny Hudaýyň halkynyň agzybirlikde «Rebbiň dagyna» çykýandygyny görýäris (Iş. 2:2—4; Mika 4:2—4-nji aýatlary okaň *). Dogrudan-da, «ahyrky günlerde» Ýehowa edýän seždämiz dag ýaly belende galýar. Gelejekde bolsa ähli adamlaryň Hudaýa agzybir gulluk edýänini görüp, hasam begeneris.
^ abzas 11 Wagyz kitaby 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.
^ abzas 13 Wagyz kitaby 4:12 Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.
^ abzas 17 Mika 4:2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň. Reb bize Öz ýollaryny öwreder. Biz hem Onuň ýodalaryndan ýöräris». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. 3 Reb halklara höküm eder. Uzakdaky güýçli milletleriň dawa-jenjelini çözer; olaryň gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, uruş tälimini almazlar indi. 4 Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.