«Öwredileni diňläň, akyldar boluň»
«Eý ogullarym... öwredileni diňläň, akyldar boluň». SÜL. TYM. 8:32, 33
AÝDYMLAR: 34, 20
1. Biz nädip akyldar bolup bileris we munuň nähili peýdasy bar?
ÝEHOWA akyldarlygyň gözbaşy; ol bu häsiýetini başgalara-da jomartlyk bilen berýär. Ýakup 1:5-de: «Eger biriňize akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin, oňa berler. Sebäbi Hudaý igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýändir» diýilýär. Munuň bir usuly Hudaýyň berýän terbiýesini kabul etmek. Hudaýyň berýän akyldarlygy bizi ahlak we ruhy taýdan goraýar (Sül. tym. 2:10—12). Bu bolsa «gözümizi ebedi ýaşaýşa dikip,.. özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamaga» kömek edýär (Ýahd. 21).
2. Biz Hudaýyň berýän terbiýesine minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris?
2 Emma günälidigimiz, alan terbiýämiz we başga-da ýagdaýlar sebäpli, bize terbiýäni kabul etmek ýa-da oňa dogry garaýyşda bolmak aňsat däl. Muňa garamazdan, berilýän terbiýäniň peýdasyny görsek, Hudaýa bolan minnetdarlygymyz artar, sebäbi bu onuň söýgüsini aýan edýär. Süleýmanyň tymsallary 3:11, 12-nji aýatlarda: «Oglum, Rebbiň temmisini har... etme... çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir» diýilýär. Şol sebäpli, geliň, Ýehowanyň bize diňe ýagşylyk isleýändigini unutmalyň (Ýewreýler 12:5—11-nji aýatlary okaň). Hudaý biziň nähilidigimizi gaty gowy bilýär; ol elmydama ýerlikli we dogry terbiýe berýär. Geliň, häzir terbiýäniň şu dört aýratynlygyna seredeliň: 1) özüňi terbiýelemek, 2) ene-atanyň berýän terbiýesi, 3) ýygnakda berilýän terbiýe we 4) terbiýäni inkär etmegiň erbet netijesi.
ÖZÜŇI TERBIÝELEMEK AKYLDARLYGYŇ ALAMATYDYR
3. Çaga özüni terbiýelemek endigini nädip ösdürip biler? Mysal getiriň.
3 Özüňi terbiýelemek häsiýetleriňi we pikiriňi gowulandyrmak üçin özüňe erk etmekligi öz içine alýar. Biz özümizi terbiýelemek ukyby bilen dogulmaýarys. Muny wagtyň geçmegi bilen öwrenýäris. Muňa düşünmek üçin, geliň, bir mysala seredeliň. Aýdaly, çaga tigir sürmegi öwrenmekçi bolýar. Ol ýykylmaz ýaly, ene-atasy başda ony saklaýar. Ýöne çagasynyň deňagramlylygyny saklaýandygyny görende, seresaplylyk bilen az wagtlyk elini goýberýär. Has ökdeleşende bolsa oňa özbaşdak sürmäge rugsat berýär. Şonuň ýaly-da ene-atalar çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldanda», sabyrly bolsalar hem-de muny yzygiderli etseler, çagalaryna özüni terbiýelemek endigini ösdürip, paýhasly bolmaga kömek ederler (Efes. 6:4).
4, 5. a) Özüňi terbiýelemek näme üçin «täze häsiýetlere» degişli hasaplanýar? b) «Ýedi gezek ýykylsak-da», biz näme üçin ruhdan düşmeli däl?
4 Bu prinsipler Ýehowany uly ýaşda tanan adamlara-da degişli. Mümkin, olar belli bir derejede özlerini terbiýelemegi eýýäm öwrenendirler. Emma ýaňy Mesihiň şägirdi bolan adamlara ruhy taýdan ýetişen mesihçi diýip bolmaz. Olar Mesihe mahsus bolan «täze häsiýetlere geýnip», ruhy taýdan ösen adam bolup biler (Efes. 4:23, 24). Munuň üçin özüňi terbiýelemek örän wajyp. Şonda «bu merhemet bize häzirki döwürde Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi, sagdyn düşünjeli bolmagy, dogrulykda ýaşamagy hem-de Hudaýa wepaly bolmagy öwreder» (Tit. 2:12).
5 Biziň barymyz günäli (Wag. 7:20). Emma bu biziň özümizi terbiýeläp bilmeýändigimizi ýa-da munuň asla mümkin däldigini aňlatmaýar. Süleýmanyň tymsallary 24:16-da: «Dogry adam ýedi gezek ýykylsa-da, galýandyr» diýilýär. Eýsem, özümizi terbiýelemäge näme kömek eder? Biz muny öz güýjümiz bilen başarmarys, bu diňe Hudaýyň mukaddes ruhy bilen mümkindir (Filipililer 4:13-i okaň). Özüňe erk etmek mukaddes ruhuň miwesi hasaplanýar we ol özüňi terbiýelemek bilen berk baglanyşykly.
6. Siz Hudaýyň Sözüni has gowy öwrenmek üçin näme edip bilersiňiz? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
6 Özüňi terbiýelemek üçin ýürekden doga etmek, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we okan zatlaryň hakda oýlanmak hem örän wajyp. Ýöne Hudaýyň Sözüni öwrenmegi kyn görýän bolsak näme? Mümkin, size erjel bolmak aňsat däldir. Emma ýadyňyzda bolsun, Ýehowa ýol berseňiz, ol size hökman kömek eder we Öz Sözüni «küýsemegi» öwreder (1 Pet. 2:2). Ilki bilen, Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin özüňizi terbiýelemegi öwreder ýaly, Ýehowa doga ediň. Soňra eden dogaňyza görä hereket edip, azrak bolsa-da, yzygiderli öwrenmek üçin tagalla ediň. Wagtyň geçmegi bilen, Ýazgylary öwrenmek size aňsat we has-da ýakymly bolar. Siz Ýehowanyň gymmatly pikirlerini ýüregiňiz bilen kabul etdigiňizçe, kalbyňyzda rahatlyk duýarsyňyz (1 Tim. 4:15).
7. Özüňi terbiýelemeklik goýan maksadyňa ýetmäge nädip kömek edip biler?
7 Özümizi terbiýelemek goýan ruhy maksatlarymyza ýetmäge kömek edýär. Geliň, wagyz etmäge yhlasy gowşan maşgalabaşynyň mysalyna seredeliň. Ol biraz aladalansa-da, pioner bolmagy we şoňa degişli makalalary okamagy maksat edinýär. Ol Hudaýa doga edip, ruhy taýdan berkeýär. Bu bolsa onuň islegini has-da artdyrýar. Şeýle-de ol käte kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Munuň netijesi nähili
bolýar? Ol päsgelçiliklere garamazdan, ünsüni pioner bolmak maksadyna gönükdirip, ahyrsoňy oňa ýetýär.ÇAGALARYŇYZY ÝEHOWANYŇ TERBIÝESI BILEN ULALDYŇ
8—10. Mesihçi ene-atalara çagalaryny Ýehowanyň gullukçysy edip ýetişdirmäge näme kömek eder? Mysal getiriň.
8 Mesihçi ene-atalara çagalaryny «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmak» hormaty berlen (Efes. 6:4). Bu maslahata, esasan-da, şu günler eýermek wajyp (2 Tim. 3:1—5). Çagalar ýagşy we ýamany saýgarmak ukyby bilen däl-de, ynsap bilen dogulýarlar. Emma ony terbiýelemeli (Rim. 2:14, 15). Mukaddes Ýazgylar baradaky bir sözlüge görä, «terbiýelemek» diýip terjime edilen grek sözi «çagany ösdürip-ýetişdirmek» diýmegi aňladýar.
9 Söýgi bilen terbiýe berlen çagalar köplenç özlerini howpsuz duýýarlar. Olar erkinliginiň çäklidigini, gelen kararynyň we eden işiniň gowy ýa-da erbet netije berjekdigini bilýärler. Şol sebäpli-de mesihçi ene-atalara Ýehowadan görkezme agtarmak örän wajyp. Terbiýe babatda her medeniýetiň özüne mahsus usullarynyň bardygyny we munuň nesilden-nesle üýtgeýändigini unutmaň. Hudaýa gulak asýan ene-ata çagasyny terbiýelemek babatda edýän tagallasy biderek bolar öýtmeýär we öz tejribesine ýa-da pikirine bil baglamaýar.
10 Muňa düşünmek üçin, geliň, Nuh pygamber bilen bolan waka seredeliň. Ýehowa Nuha gämi gurmagy tabşyrýar, ýöne ol muny öz tejribesine bil baglap ýerine ýetirip bilmezdi. Sebäbi ol öň hiç haçan gämi gurup görmändi. Şonuň üçin Nuh Ýehowa bil baglap, onuň «buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» (Gel. çyk. 6:22). Netijede näme boldy? Nuh pygamber ilkibaşdan Ýehowa gulak asmagyň dogrudygyny bilýärdi. Hawa, ol şeýle-de etmelidi! Şol sebäpli Nuh pygamber maşgalabaşy borjuny hem gowy ýerine ýetirip bildi; ol Hudaýyň akyldarlygyna bil baglaýardy. Tupandan öňki zalym dünýäde kyn bolsa-da, çagalaryny gowy terbiýeledi we özi hem olara gowy görelde görkezdi (Gel. çyk. 6:5).
11. Çagalaryny terbiýelände, ene-atalaryň göreldesi näme üçin wajyp?
11 Siz ene-ata hökmünde Hudaýyň «buýran zatlaryny» nädip ýerine ýetirip bilersiňiz? Munuň üçin Ýehowa gulak asmaly. Sözi we guramasy arkaly Hudaýa özüňizi ugrukdyrmaga ýol beriň. Wagtyň geçmegi bilen, çagalaryňyz edýän tagallaňyz üçin size minnetdar bolar. Bir dogan şeýle ýatlaýar: «Ene-atamyň meni şeýdip terbiýeländigine minnetdarlygymyň çägi ýok. Olar hakykaty ýüregime ýetirmek üçin elinde baryny etdiler. Ruhy taýdan gazanan üstünliklerimiň köpüsi üçin, men ene-atama borçludyryn». Ýöne ene-atalar näçe jan etseler-de, käbir çagalar Ýehowany terk edýär. Muňa garamazdan, çagalarynyň ýüregine hakykaty guýmak üçin elinde baryny eden ene-atalaryň ynsaby arassa diýsek bolar. Olar özdiýenli çagasynyň haçanam bolsa bir gün Ýehowanyň «öýüne» dolanjakdygyna umyt edip bilerler.
12, 13. a) Çagasy ýygnak gatnaşygyndan kesilen ene-atalar Hudaýa gulak asýandygyny nädip görkezip biler? b) Bir maşgala Ýehowa gulak asandygy üçin nähili bereket aldy?
12 Käbir ene-atalara ýygnak gatnaşygyndan kesilen çagasy bilen gatnaşyk etmeli däldigi baradaky tabşyryga gulak asmak agyr synag bolup durýar. Geliň, gyzy gatnaşykdan kesilip, öýünden giden bir enäniň mysalyna seredeliň. Ol şeýle ýatlaýar: «Men gyzym we agtygym bilen gatnaşmak üçin edebiýatlarymyzdan delil gözleýärdim. Ýöne ýanýoldaşym maňa çagamyzyň indi biziň elimizde däldigini we oňa goşulmaga hakymyzyň ýokdugyny mähir bilen düşündirdi».
13 Birnäçe ýyl geçensoň, onuň gyzy dikeldilýär. Ol şeýle diýýär: «Gyzym indi her gün diýen ýaly maňa jaň edýär ýa-da sms ýazýar. Ol maňa-da, adamyma-da çuňňur hormat goýýar. Sebäbi biziň Hudaýa gulak asandygymyzy bilýär. Indi biz agzybir ýaşaýarys». Eger siziňem çagaňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilen bolsa, öz düşünjäňize daýanman, Ýehowa «bütin ýüregiňiz bilen bil baglarsyňyzmy»? (Sül. tym. 3:5, 6). Ýadyňyzda bolsun, Ýehowanyň terbiýesi onuň çäksiz akyldarlygyny we söýgüsini aýan edýär. Hudaýyň ählimiz, şol sanda çagalarymyz üçin hem ýeke-täk Ogluny berendigini hiç haçan unutmaň. Ol hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär (2 Petrus 3:9-y okaň). Şonuň üçin Ýehowanyň terbiýesiniň we görkezmesiniň dogrudygyna iman ediň. Hatda kyn bolsa-da, Ýehowanyň aýdýan zatlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyň terbiýesine garşy çykman, gaýtam, onuň bilen hyzmatdaşlyk ediň.
ÝYGNAKDA
14. «Wepaly... iş dolandyryjy» arkaly Ýehowanyň berýän görkezmesinden nädip peýda alýarys?
14 Ýehowa mesihçiler ýygnagynyň aladasyny etmegi, goramagy we görkezme bermegi wada berdi. Ol muny ençeme ýollar bilen edýär. Meselem, Ýehowa ýygnagyň Başy edip Ogluny belledi. Ol bolsa wagtly-wagtynda ruhy iýmit berjek «wepaly... iş dolandyryjyny» belledi (Luka 12:42). Şeýle ruhy iýmit arkaly dürli usullar bilen wajyp görkezme ýa-da terbiýe berilýär. Özüňize: «Nutukdan ýa-da edebiýatlarymyzdaky makaladan garaýşymy, ýa-da özümi alyp barşymy özgertmäge kömek eden pikirlere üns berýärinmi?» diýen soragy beriň. Eger siz muňa kanagatlanarly jogap berseňiz, begenersiňiz. Sebäbi siz özüňizi Ýehowanyň eline tabşyryp, oňa terbiýelemäge ýol berýärsiňiz. Bu bolsa siziň üçin peýdalydyr (Sül. tym. 2:1—5).
15, 16. a) «Ýygnaklara sowgat hökmünde» berlen adamlaryň nähili peýdasy bar? b) Biz ýaşulularyň gullugyny nädip has ýakymly edip bileris?
15 Mesih «ýygnaklara sowgat hökmünde dürli ukyply adamlary», ýagny Hudaýyň sürüsini bakmak üçin ýaşululary berdi (Efes. 4:8, 11—13). Biz bu gymmatly sowgatlardan nädip peýdalanyp bileris? Munuň bir usuly ýaşulularyň imanyndan we özüni alyp barşyndan görelde almaly. Ýene bir usuly olaryň Ýazgylar esasynda berýän maslahatlaryny kabul etmeli (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Ýadyňyzda bolsun, ýaşulular bizi söýýärler we biziň ruhy taýdan ösmegimizi isleýärler. Meselem, olar ýygnak duşuşyklaryndan galýandygymyzy görseler ýa-da yhlasymyzyň gowşandygyny duýsalar, haýal etmän, kömege gelerler. Olar bizi diňläp, berkitmek üçin mähirli sözleri aýdarlar we Ýazgylar esasynda ýerlikli maslahatlary bererler. Eýsem, siz şeýle kömege Ýehowanyň söýgüsi hökmünde garaýarsyňyzmy?
16 Ýygnak ýaşulularyna bize gerekli maslahaty bermegiň aňsat däldigini unutmaň. Mysal üçin, agyr günäsini gizlejek bolan Dawut patyşa etmişini aýtmak Natan pygambere aňsat bolan däldir (2 Şam. 12:1—14). Pawlus resula-da ýehudy doganlaryna gowy görünjek bolan Petrus resula düzediş bermek üçin batyrgaýlyk gerek bolandyr (Gal. 2:11—14). Biz ýygnak ýaşulularynyň ýüküni nädip ýeňledip bileris? Munuň üçin pesgöwünli, düşünjeli we minnetdar adam bolmaly. Olaryň kömegine Hudaýyň söýgüsi hökmünde garamaly. Bu diňe bir bize peýda bermän, eýsem, olaryň şatlygyna şatlyk goşar.
17. Ýygnak ýaşulularynyň söýgi bilen beren kömegi bir uýa nähili peýda berdi?
17 Bir uýa öňki eden ýalňyşlyklary sebäpli Ýehowany söýmek kyn bolýardy. Ol şeýle diýýär: «Öňki eden ýalňyşlyklarym we başga-da kynçylyklar sebäpli, meni erbet duýgular gaplanda, ýaşulular bilen gepleşmelidigime düşündim. Olar maňa käýemän ýa-da tankytlaman, gaýtam, ruhlandyrdylar we berkitdiler. Her gezek ýygnak duşuşygyndan soň, olar näçe işli bolsalar-da, iň bolmanda biri ýanyma gelip, hal-ýagdaýymy soraýardy. Hawa, öňki eden ýalňyşlyklarym sebäpli maňa Hudaýyň söýgüsini duýmak kyn bolýardy. Ýöne Ýehowa ýygnagyň hem-de ýaşulularyň üsti bilen meni söýýändigine gaýta-gaýta ynandyrdy. Men ondan hiç haçan dänmez ýaly dileg edýärin».
TERBIÝÄNI INKÄR ETMEGIŇ ERBET NETIJESI
18, 19. Terbiýäni inkär etmegiň berýän netijesinden erbet zat barmy? Mysal getiriň.
18 Görşümiz ýaly, terbiýäni kabul etmek aňsat bolmazlygy mümkin. Emma ony inkär etmek has köp zyýan berip biler (Ýew. 12:11). Geliň, Kabyl bilen Sidkiýa patyşanyň mysalyna seredeliň. Kabyl dogany Habyly ýigrenip, ony öldürjek bolanda, Hudaý oňa: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň? Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!» diýip duýduryş berdi (Gel. çyk. 4:6, 7). Kabyl maslahata gulak asman, günä etdi. Şeýdip, ol betbagtçylyga uçrady (Gel. çyk. 4:11, 12). Kabyl Ýehowanyň duýduryşyny inkär edip, betbagtçylyga uçranyndan, ony kabul eden bolsa gowy bolardy.
19 Gowşak we zalym patyşa Sidkiýanyň höküm süren wagty Iýerusalimiň ýaşaýjylary üçin juda kyn döwürdi. Ýermeýa pygamber oňa erbet ýollaryndan dänmelidigi barada gaýta-gaýta aýtsa-da, ol terbiýäni kabul etmek islemedi. Netijede, ol hem betbagtçylyga uçrady (Ýer. 52:8—11). Görşümiz ýaly, Ýehowa biziň biderek ýere alada galmagymyzy islemeýär (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň) *.
20. Hudaýyň terbiýesini kabul edýän we etmeýän adamlara gelejekde näme bolar?
20 Şu dünýäde köplenç terbiýäni kabul edýän we özüni terbiýeleýän adamlary ýaňsylaýarlar. Ýöne şeýle nädogry garaýyş tizden zalym adamlar bilen ýok ediler (Sül. tym. 1:24—31). Şol sebäpli, geliň, «öwredileni diňläp, akyldar bolalyň». Süleýmanyň tymsallary 4:13-de bolsa: «Terbiýäni gaýym tut; ony goýberme; ony sakla, çünki ol seniň ýaşaýyşyňdyr» diýilýär.
^ abzas 19 Işaýa 48:17 Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. 18 Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy».