Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şu dünýä ýok edilermi?

Şu dünýä ýok edilermi?

Belki, siz Mukaddes Kitapda dünýäniň soňy hakda aýdylýandygyny bilýänsiňiz (1 Ýahýa 2:17). Dünýäniň soňunda, ýagny ahyrzamanda hemme adamlar ölermi? Bütin dünýä ýok edilermi?

ŞU SORAGLARA MUKADDES KITAPDA «ÝOK» DIÝLIP JOGAP BERILÝÄR

Nämeler ýok edilmez?

ADAMLAR

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: Hudaý «ýeri biderek ýere däl, ýaşaýyş üçin ýaratdy» (IŞAÝA 45:18).

ÝER ŞARY

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Bir nesil öter, beýleki nesil geler, emma Ýer ebedi durar» (NESIHAT 1:4).

AÝADYŇ MANYSY: Ýer ýüzi ýok edilmez, bütin dünýäde adamlar ýaşar. Onda Mukaddes Kitapda dünýäniň soňy, ýagny ahyrzaman geler diýlende näme göz öňünde tutulýar?

OÝLANYP GÖRÜŇ: Mukaddes Kitapda Nuh pygamberiň günlerinde «ýer ýüzüniň zalymlykdan dolandygy» aýdylýar (1 Musa 6:13). Emma Nuh pygamber halal ýaşaýardy. Allatagala tupan turzup erbet adamlary ýok etdi, Nuh pygamberi we onuň maşgalasyny halas etdi. Mukaddes Kitapda: «Gadymy dünýä şol suw-sil bilen weýran boldy» diýilýär (2 Petrus 3:6, MK). Şonda dünýäniň soňy gelipdi, ýagny ahyrzaman bolupdy. Tupanda Ýer şary däl-de, erbet adamlar ýok edilipdi. Diýmek, Mukaddes Kitapda dünýäniň soňy geler diýlende, zalym adamlaryň we erbetligiň ýok ediljekdigi göz öňünde tutulýar.

Nämeler ýok ediler?

KYNÇYLYKLAR WE ZORLUK-SÜTEM

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar. Onuň ýerine seredersiň, emma ol ýokdur. Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar, parahatlykda ýaşap, döwran sürer» (ZEBUR 37:10, 11).

AÝADYŇ MANYSY: Nuh pygamberiň günlerinde zalym adamlaryň ählisi ýok edildi. Emma tupandan soň adamlar ýene-de erbetlik edip başladylar. Tizden Allatagala erbetligi köki bilen sogrup taşlar. Aýatdan görnüşi ýaly, «erbet ýok bolar». Hudaý gökdäki Patyşalygy arkaly zalym adamlary ýok eder. Ýer ýüzünde diňe hudaýhon adamlar ýaşar.

OÝLANYP GÖRÜŇ: Şu dünýäniň hökümetleri Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolarmy? Mukaddes Kitapda olaryň tabyn bolmajakdygy ýazylypdyr. Olar Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykyp, akmaklyk ederler (Zebur 2:2). Soňra näme bolar? Hudaýyň Patyşalygy ähli hökümetleri ýok eder, «özi bolsa ebedi durar» (Danyýar 2:44). Ynsan hökümetleri näme üçin ýok ediler?

Ynsan hökümetleriniň SOŇY GELER

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Adam... nirä ädim ätjegini çözüp bilmeýär» (ÝERMEÝA 10:23).

AÝADYŇ MANYSY: Hudaý adamlary biri-biriniň üstünden agalyk etmek üçin ýaratmady. Şonuň üçin adamlar hökümdarlyk edip bilmeýärler we ýer ýüzüniň kynçylyklaryny çözüp bilmeýärler.

OÝLANYP GÖRÜŇ: Bir ensiklopediýada: «Hökümetler näçe jan etseler-de, garyplygy, açlygy, tebigy betbagtçylygy, uruşlary we zorluk-sütemi aýryp bilmeýärler» diýilýär. Şeýle-de şol kitapda: «Käbir adamlaryň pikirine görä, bütin dünýäni bir hökümet dolandyrsa, ähli kynçylyklaryň soňuna çykyp bolar» diýilýär (Britan ensiklopediýasy). Emma bütin dünýäniň döwletleri birleşip, bir hökümeti emele getirse-de, barybir ony hem bikämil adam dolandyrar. Bikämil adamlar bolsa ýokarda agzalan kynçylyklary çözüp bilmeýärler. Adamzadyň ähli kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygy aýryp biler.

Diýmek, hudaýhon adamlar ahyrzamandan gorkmaly däl, gaýtam şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşmaly. Şonda düýbi çüýrük dünýäniň ýerine, Hudaýyň şöhratly Patyşalygy höküm sürüp başlar.

Ahyrzaman haçan geler? Şu soragyň jogabyny indiki makaladan bileris.