Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli?

Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli?

Biz Allatagalanyň tizden erbet adamlary ýok etjekdigini we ähli kynçylyklary aýyrjakdygyny bildik. Biz muňa doly ynanyp bileris, sebäbi Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

«Dünýä we onuň höwesleri geçip gider» (1 ÝAHÝA 2:17).

Biz hudaýhon adamlaryň halas boljakdygyna ynamly bolup bileris, sebäbi aýadyň dowamynda şeýle diýilýär:

«Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar».

Diýmek, halas bolmak üçin Hudaýyň islegini ýerine ýetirmeli. Hudaýyň bizden näme isleýändigini bilmek üçin, Ony gowy tanamaly.

HALAS BOLMAK ÜÇIN «HUDAÝ... HAKDA BILIM ALMALY»

Mukaddes Kitapda: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin... ýeke-täk hak Hudaý... hakda bilim almaly» diýilýär (Ýahýa 17:3). Diýmek, ahyrzamanda halas bolmak we ebedi ýaşamak üçin Hudaýy ýakyndan tanamaly. Munuň üçin diňe bir Hudaýyň bardygyna ynanmak ýeterlikli däl. Biz Allatagala bilen dostlaşmaly. Meselem, biz biri bilen köp gürrüňdeş bolsak, ony gowy tanaýarys we jana-jan dost bolýarys. Hudaý bilen hem dostlaşmak üçin wagt tapmaly. Geliň, Mukaddes Kitapdaky hakykatlara seredeliň. Olar bize Hudaý bilen dostlaşmaga kömek eder.

MUKADDES KITABY HER GÜN OKAŇ

Hudaýa ýürekden doga-dileg etsek we Ony razy edip ýaşasak, ahyrzamanda halas bolarys

Adam wagtly-wagtynda iýip-içmese, kesellemegi we ölmegi mümkin. Emma Mukaddes Kitapda: «Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýilýär (Matta 4:4).

Biz Ýehowanyň islegini bilmek üçin Mukaddes Kitaby okamaly. Eger Mukaddes Kitaby her gün okasak, Hudaýyň geçmişde, şu günler eden işlerini bileris we adamlara gelejekde berjek bereketleri hakda öwreneris.

HUDAÝA DOGA-DILEG EDIŇ

Käbir adamlar Allany razy edip ýaşamak isleýärler, emma olara haram işlerden el çekmek kyn bolýar. Eger olar Ýehowa Hudaýa doga etseler, Onuň ýigrenýän işlerini etmezler.

Geliň, aziýaly bir aýal hakda gürrüň edeliň. Ol ahlaksyzlyk edýärdi. Ol Mukaddes Kitapdan sapak geçip başlanda, Hudaýyň «ahlaksyzlykdan gaçyň» diýen tabşyrygyny okaýar (1 Korinfliler 6:18). Ol durmuşyny üýtgetmek üçin doga-dileg edip, Hudaýdan kömek soraýar. Käte oňa özüne erk etmek kyn düşýär. Ol şeýle diýýär: «Aňyma ahlaksyz pikirler gelende, Hudaýdan güýç sorap doga edýärin, sebäbi öz güýjüm bilen ýeňip bilmejegime düşünýärin. Doga-dileg edenimde, Ýehowanyň goldawyny duýýaryn». Şu günler millionlarça adamlar Mukaddes Kitapdan sapak geçýärler. Olar durmuşyny üýtgedýärler we Allatagalany razy edip ýaşaýarlar (Filipililer 4:13).

Hudaý bilen dostlaşmak üçin bir ädim ätsek, Ol bize tarap on ädim äder (Galatýalylar 4:9; Zebur 25:14). Hudaý bilen ýakyndan dostlaşsak, Onuň wada beren Jennetinde ýaşarys. Täze dünýäde ýaşaýyş nähili bolar? Indiki makalada şu hakda gürrüň ederis.

a Allatagala Isa pygamberi ýaratdy, şonuň üçin oňa Hudaýyň Ogly diýilýär. Köpräk bilmek üçin «Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?» diýen makalany okaň. JW.ORG saýtynyň TAGLYMATLAR > MUKADDES KITABA DEGIŞLI SORAGLARYŇ JOGABY diýen ýerine giriň.

b Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adynyň Ýehowadygy aýdylýar.