Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ahyrzaman haçan geler?

Ahyrzaman haçan geler?

Mukaddes Kitaba görä, ahyrzamanda Ýer şary we hudaýhon adamlar däl-de, zalym adamlar hem-de erbetlik ýok ediler. Muny geçen makalada bilipdik. Mukaddes Kitapda ahyrzamanyň haçan geljekdigi barada aýdylýarmy?

MUKADDES KITAPDA AHYRZAMAN HAKDA NÄME AÝDYLÝANDYGYNY BILELIŇ

«Oýa boluň, sebäbi şol güni we sagady bilmeýärsiňiz» (MATTA 25:13).

«Hüşgär boluň, oýa boluň! Sebäbi bellenen wagty bilmeýärsiňiz» (MARKUS 13:33).

Şu aýatlardan görnüşi ýaly, hiç kim ahyrzamanyň haçan boljakdygyny bilmeýär. Emma Allatagala ol «güni» we «sagady» eýýäm belledi (Matta 24:36). Onda ahyrzaman duýdansyz gelermi? Ýok! Hudaýyň pygamberi dünýäniň soňunyň golaýdygyny görkezýän alamatlary aýtdy.

ALAMATLAR

Mukaddes Kitapda «ahyrzamanyň alamatlary» hakda şeýle diýilýär: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, ýer titrär» (Matta 24:3, 7, AP). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde «gyrgynçylygyň», ýagny keselçiligiň hem boljakdygy aýdylýar (Luka 21:11). Siz şu alamatlaryň ýerine ýetýändigini görýäňizmi?

Uruş, açlyk, keselçilik we ýertitreme sebäpli adamlar ejir çekýärler. Meselem, 2004-nji ýylda Hindi ummanynda ýer titreýär. Şonda sunami turup, takmynan 225 000 adam ölýär. Koronawirus keseli (COVID-19) sebäpli üç ýylyň içinde alty million dokuz ýüz müňe golaý adam aradan çykdy. Bütin ýer ýüzünde bolýan wakalar ahyrzamanyň golaýdygyny görkezýär.

«SOŇKY GÜNLER»

Mukaddes Kitapda ahyrzamanyň öň ýanyndaky döwre «soňky günler» diýilýär (2 Petrus 3:3, 4). 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlarda «soňky günlerde» adamlaryň gylyk-häsiýetiniň erbetleşjekdigi aýdylýar (« Ahyrzamanyň öň ýany» diýen çarçuwa serediň). Siz özüni bilýän, açgöz, zalym we gadyr bilmez adamlary tanaýaňyzmy? Adamlaryň gün-günden erbetleşmegi ahyrzamanyň golaýdygyny görkezýär.

Soňky günler näçe wagt dowam eder? Mukaddes Kitapda soňky günleriň az wagt dowam etjekdigi we «ýer ýüzüni dargadýanlary» Hudaýyň ýok etjekdigi aýdylýar (Ylham 11:15—18; 12:12).

TIZDEN ÝER ÝÜZI JENNET BOLAR

Allatagala zalym dünýäni ýok etjek gününi we sagadyny belledi (Matta 24:36). Emma ol «hemmeleriň... halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9). Hudaý adamlaryň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny öwrenmegine we şolar boýunça ýaşamagyna sabyrly garaşýar. Alla biziň ahyrzamandan sag-aman geçip, ýer ýüzünde boljak Jennetde bagtly ýaşamagymyzy isleýär.

Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, ahyrzamanyň öň ýanynda bütin ýer ýüzünde wagyz edilmeli. Allanyň emri bilen bütin ýer ýüzünde akýürekli adamlara wagyz edilýär we tälim berilýär. Mukaddes Kitapda: «Patyşalyk baradaky bu Hoş habar... dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» diýilýär (Matta 24:14, AP). Hawa, Ýehowanyň Şaýatlary adamlara Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmek we tälim bermek üçin milliardlarça sagat sarp edýärler.

Tizden ahyrzaman geler we ynsan hökümetleri ýok ediler. Emma Allatagala bizi penasynda aman saklar. Biz ýer ýüzünde boljak Jennetde bagtly ýaşarys. Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli? Indiki makalada şu soragyň jogabyny bileris.

Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär