Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Mert bol, işe başla!»

«Mert bol, işe başla!»

«Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki... (Ýehowa) seniň bilendir». 1 ÝYL. 28:20

AÝDYMLAR: 23, 29

1, 2. a) Süleýmana nähili wajyp iş tabşyryldy? b) Dawut näme üçin ogly Süleýman hakda biynjalyk bolýar?

SÜLEÝMAN patyşa taryhda iň wajyp işe, ýagny Iýerusalimdäki ybadathananyň gurluşygyna ýolbaşçylyk etdi. Bu «guruljak öý biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydy». Iň wajyby bolsa, ol «Beýik Hudaýyň öýi» diýip atlandyrylmalydy. Ýehowa bu gurluşyk işinde Süleýmana kömek etdi (1 Ýyl. 22:1, 5, 9—11).

2 Dawut patyşa ogly Süleýmany Hudaýyň goldajakdygyna ynanýardy. Ýöne ol heniz «ýaş hem tejribesizdi». Eýsem, Süleýman ybadathanany gurmak üçin batyrgaý hereket edermi? Ýaş hem tejribesizdigi oňa böwet bolarmy? Dogrudan-da, «işe başlamak» üçin, Süleýmana batyrgaýlyk gerekdi.

3. Süleýman batyrgaýlyk babatda kakasyndan näme öwrendi?

3 Süleýman batyrgaýlyk babatda köp zatlary kakasyndan öwrenen bolmaly. Sebäbi Dawut ýaşka, goýunlaryny goramak üçin ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşdi (1 Şam. 17:34, 35). Şeýle-de ol äpet söweşijiniň garşysyna çykyp, örän batyrgaý hereket etdi. Dawut Hudaýyň we ýylmanak daşyň kömegi bilen, Jaludy «ýüzinligine ýere ýazdy» (1 Şam. 17:45, 49, 50).

4. Süleýmana näme üçin batyrgaýlyk gerekdi?

4 Dawudyň ogly Süleýmany ybadathanany gurmak üçin batyrgaý bolmaga höweslendirmegi örän ýerliklidi (1 Ýyl ýazgylary 28:20-ni okaň) *. Sebäbi batyrgaý bolmasa, ony gorky gaplardy, iň erbedi bolsa ruhdan düşürerdi.

5. Bize näme üçin batyrgaýlyk gerek?

5 Süleýman ýaly batyrgaý bolup, tabşyrylan işi soňuna çenli berjaý edip biler ýaly, bize-de Ýehowanyň kömegi gerek. Bu babatda bize geçmişde batyrgaý hereket eden adamlaryň mysallary kömek eder. Şeýle-de biz batyrgaý bolup, tabşyrylan işi nädip amala aşyryp biljekdigimiz barada oýlanyp bileris.

BATYRGAÝ ADAMLAR

6. Ýusubyň batyrgaýlygy size nähili täsir edýär?

6 Geliň, Ýusup bilen bolan waka seredeliň. Ol Potyparyň aýalynyň ahlaksyz teklibine özüni aldyrmady. Ýusup ony inkär etse, netijesiniň erbet boljakdygyny bilen bolmaly. Emma ol şonda-da aýgytly hereket edip, batyrgaýlygyny görkezdi (Gel. çyk. 39:10, 12).

7. Rahap nädip batyrgaý hereket etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

7 Batyrgaýlyk babatda Rahap hem gowy görelde galdyrdy. Ol gorka ýol berip, Ysraýyl ýurdundan gelen iki içalyny öýüne salman hem bilerdi. Emma Rahap Ýehowa bil baglaýardy we batyrgaýlyk bilen iki içalyny gizläp, olary halas etdi (Ýeş. 2:4, 5, 9, 12—16). Ol Ýehowanyň hak Hudaýdygyny bilýärdi we bu ýurdy ysraýyllylara berjekdigine ynanýardy. Şol sebäpli Rahap hiç kimden, hatda Ýerihonyň patyşasyndan hem gorkmady. Gaýtam, batyrgaý hereket edip, bütin maşgalasyny halas etdi (Ýeş. 6:22, 23).

8. Isanyň batyrgaýlygy resullaryna nähili täsir etdi?

8 Batyrgaý adamlaryň arasynda Isanyň wepaly resullaryny hem agzap bileris. Olar Halypasynyň batyrgaý hereket edişini ençeme sapar görüpdiler (Mat. 8:28—32; Ýah. 2:13—17; 18:3—5). Isanyň göreldesi resullaryna hem batyrgaý bolmaga kömek etdi. Saddukeýler garşy çykanlarynda-da, olar Isanyň ady hakda wagyz etmegini bes etmediler (Res. iş. 5:17, 18, 27—29).

9. 2 Timoteos 1:7-ä görä, hakyky batyrgaýlyk nämä esaslanýar?

9 Ýusubyň, Rahabyň, Isanyň we resullaryň batyrgaýlygy olara ýagşy işleri etmäge güýç berýärdi. Emma bu olaryň özüne bil baglandyklaryny aňlatmaýar. Olar Ýehowa bil baglaýardy. Bizem batyrgaý hereket etmeli ýagdaýlara uçranymyzda, özümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly (2 Timoteos 1:7-ni okaň). Geliň, häzir maşgalada we ýygnakda nädip batyrgaý hereket edip biljekdigimize seredeliň.

BATYRGAÝLYGY TALAP EDÝÄN ÝAGDAÝLAR

10. Ýaşlara näme üçin batyrgaýlyk gerek?

10 Şu günler ýaşlar Ýehowa gulluk etmek üçin köp ýagdaýda batyrgaýlyk görkezmeli bolýarlar. Olar batyrgaý hereket eden Süleýman patyşadan görelde alyp bilerler. Ol ybadathana guranda, paýhasly karara gelmek üçin batyrgaý bolmalydy. Mesihçi ýaşlar ene-atasynyň berýän maslahatyna eýermeli bolsalar-da, özleri wajyp kararlara gelmeli bolýarlar (Sül. tym. 27:11). Meselem, dost saýlamak, dynç almak, ahlak taýdan päkligi saklamak we suwa çümdürilmek ýaly ýagdaýlar batyrgaýlygy talap edýär. Sebäbi ýaşlar şeýle ýagdaýlarda Hudaýa gyjalat berýän Şeýtana garşy durmaly bolýarlar.

11, 12. a) Batyrgaýlyk babatda Musa nähili görelde galdyrdy? b) Ýaşlar Musadan näme öwrenip biler?

11 Ýaşlar üçin wajyp kararlaryň biri — maksat goýmak. Käbir ýurtlarda ýaşlary ýokary okuw jaýyna we girdejili işe girmäge höweslendirýärler. Başga ýerlerde bolsa ykdysady ýagdaýyň pese düşendigi sebäpli, ýaşlar maşgalasyna kömek etmäge özlerini borçly hasaplaýarlar. Eger sizem şeýle kynçylyklara duşýan bolsaňyz, Musadan görelde alyp bilersiňiz. Ol faraonyň gyzynyň elinde ulalandygy üçin, at-abraý gazanmaga we gurply ýaşamaga kömek etjek maksatlary goýup bilerdi. Müsürli maşgalasy, mugallymlary we abraýly adamlar dürli ýollar bilen Musany şöhrat gazanmaga iterjek bolandyrlar. Emma ol batyrgaýlyk bilen arassa seždäniň tarapyny tutdy. Musa Müsüriň baýlygyndan el çekip, Ýehowa bil baglamak bilen, batyrgaý hereket etdi (Ýew. 11:24—26). Şeýle ýoly saýlandygy üçin, Ýehowa ony patalady, gelejekde bolsa ol has köp bereket alar.

12 Şonuň ýaly-da ruhy maksatlary we Patyşalygyň bähbitlerini durmuşynda birinji orunda goýmak üçin batyrgaý hereket edýän ýaşlary Ýehowa patalar. Ýehowa olara maşgalasynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga kömek eder. I asyrda ýaşan ýaş Timoteos ýaly sizem ünsüňizi ruhy maksatlara gönükdirip bilersiňiz * (Filipililer 2:19—22-nji aýatlary okaň).

Siz ähli ýagdaýlarda batyrgaý bolmagy ýüregiňize düwdüňizmi? (13—17-nji abzaslara serediň)

13. Bir ýaş uýa ruhy maksatlaryna ýetmäge batyrgaýlyk nädip kömek etdi?

13 Alabamada (ABŞ-nyň ştaty) ýaşaýan bir uýa ruhy maksatlary goýmak üçin batyrgaý hereket etdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men örän çekinjeňdim. Ýygnakda dogan-uýalar bilen zordan gürrüňdeş bolýardym; wagyzda bolsa adamlaryň gapysyny kakmaga ýaýdanýardym». Emma ol ene-atasynyň we dogan-uýalaryň kömegi bilen pioner bolmak maksadyna ýetip bildi. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Şeýtanyň dünýäsi ýokary bilim, at-abraý, pul we baýlyk gazanmaga höweslendirýär. Köplenç şeýle maksatlara ýetmek aňsat bolmaýar. Emma ýetäýeniňde-de gerekmejek aladalaryň köpelýär. Ýehowa gulluk etmek bolsa, uly şatlyk we kanagat getirýär».

14. Mesihçi ene-atalar haýsy ýagdaýlarda batyrgaý bolmaly?

14 Mesihçi ene-atalara-da batyrgaýlyk gerek. Meselem, başlygy olardan agşamlaryna we dynç günleri işlemegi haýyş etmegi mümkin. Bu bolsa olara maşgala okuwyny geçirmäge we ýygnak duşuşyklaryna barmaga päsgel berip biler. Şeýle ýagdaýda dogry karara gelip, çagalara gowy görelde görkezer ýaly batyrgaýlyk gerek. Ýa-da siz çagalaryňyza rugsat bermeýän zatlaryňyzy käbir mesihçi ene-atalaryň rugsat berýändigini görýänsiňiz. Olar sizden munuň sebäbini soramaklary mümkin. Şonda siz çagaňyza bu zatlary etmäge näme üçin ýol bermeýändigiňizi batyrgaýlyk hem sypaýyçylyk bilen düşündirip bilermisiňiz?

15. Zebur 37:25-nji we Ýewreýler 13:5-nji aýatlardaky sözler ene-atalara nädip kömek edip biler?

15 Çagalarymyza ruhy maksatlary goýup, olara ýetmäge kömek etmek üçin, bize-de batyrgaýlyk gerek. Meselem, käbir ene-atalar çagalaryna pioner bolmak, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde we Beýtelde gulluk etmek ýa-da guramamyzyň gurluşyk işlerine gatnaşmak ýaly zatlara höweslendirmäge ýaýdanýarlar. Olar: «Garran çagymyz bize kim sereder?» Ýa-da «Çagalarymyz özlerini ekläp bilermikä?» diýip aladalanýarlar. Emma paýhasly ene-atalar Ýehowanyň wadasyna iman edip, batyrgaý hereket edýärler (Zebur 37:25; Ýewreýler 13:5-nji aýatlary okaň). Bu çagalaryňyza-da batyrgaý bolmagy we Ýehowa bil baglamagy öwrenmäge kömek eder (1 Şam. 1:27, 28; 2 Tim. 3:14, 15).

16. Käbir ene-atalar çagalaryna ruhy maksatlary goýmaga nädip kömek etdiler we bu nähili peýda getirdi?

16 ABŞ-da ýaşaýan bir är-aýal çagalaryna ruhy maksatlara ýetmäge kömek etdi. Doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Heniz ýöräp we gepläp bilmeýän wagtlary biz çagalarymyza pioner gullugynyň we dogan-uýalar bilen işleşmegiň berýän şatlygy barada aýdýardyk. Bu olary pioner bolmaga höweslendirdi. Ruhy maksatlara ýetmegi çagalarymyza Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine garşy durup, ünsüni Ýehowa gönükdirmäge kömek edýär». Iki çagaly doganymyz bolsa şeýle gürrüň berdi: «Ene-atalaryň köpüsi çagalaryny sport bilen meşgullanmaga, göwün açmaga we bilim almaga höweslendirmek üçin köp tagalla edýär. Onda biz çagalarymyza ruhy maksatlary goýup, Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek etmek üçin has-da köp tagalla etmeli. Şonda çagalarymyzyň ruhy maksatlaryna ýetişini diňe bir görmän, eýsem, muňa öz goşandymyzy goşarys». Çagalarymyza ruhy maksatlary goýup, olara ýetmäge kömek etsek, Hudaýyň bizi patalajakdygyna şübhelenmän bileris.

ÝENE HAÝSY ÝAGDAÝLAR BATYRGAÝLYGY TALAP EDÝÄR?

17. Nähili işler batyrgaýlygy talap edýär? Mysal getiriň.

17 Ýygnagyň işlerini etmek üçin hem batyrgaýlyk gerek. Mysal üçin, ýaşulular ýuridiki meseleler bilen bagly karara gelenlerinde ýa-da medisina kömegine mätäç dogan-uýalaryň aladasyny edenlerinde, batyrgaý hereket etmeli bolýar. Doganlaryň käbiri tussagda oturanlaryň ruhy taýdan aladasyny etmek üçin idäp durýarlar. Durmuşa çykmadyk uýalar bolsa pioner bolmak, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek, ýaşaýan ýerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine gatnaşmak we «Hoş habarçylar mekdebinde» okamak ýaly köp ruhy maksatlary goýup bilerler. Käbiri hatda Gilead mekdebinde okap biler.

18. Gartaşan uýalar nädip batyrgaý bolup biler?

18 Biz ýygnagymyzda gartaşan uýalaryň bardygyna örän begenýäris. Olar biziň üçin uly bereket! Elbetde, olaryň käbiri öňki ýaly Hudaýa köp gulluk edip bilmeýär. Ýöne şonda-da batyrgaýlyk bilen ruhy işlere gatnaşmagyny dowam edýärler (Titus 2:3—5-nji aýatlary okaň). Meselem, gartaşan uýa salykatly geýinmek barada ýaş uýa maslahat bermek üçin batyrgaýlyk gerek bolýar. Elbetde, ol ýaş uýany egin-eşigi üçin ýazgarmaz. Ýöne bu babatda paýhasly bolup, başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutmaga höweslendirip biler (1 Tim. 2:9, 10). Söýgi bilen edilen bu alada gowy netije getirmegi mümkin.

19. a) Suwa çümdürilen doganlar nädip batyrgaý bolup biler? b) Filipililer 2:13; 4:13-nji aýatlar doganlara batyrgaý bolmaga nädip kömek edip biler?

19 Suwa çümdürilen doganlara hem ruhy işlere gatnaşmak üçin batyrgaýlyk gerek. Jogapkärli borçlary höwes bilen ýerine ýetirýän batyrgaý doganlar ýygnak üçin uly bereket (1 Tim. 3:1). Emma käbir doganlaryň şeýle maksady bolmazlygy mümkin. Belki-de, dogan öň ýalňyşlyk goýberip, indi bolsa hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmaga özüni mynasyp görýän däldir. Başga biri bolsa berlen ýumşy ýerine ýetirip bilmerin öýdýändir. Eger sizem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, onda batyrgaý bolup biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň (Filipililer 2:13; 4:13-nji aýatlary okaň). Ýadyňyzda bolsa, Musa pygamber hem başda tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirip bilmez öýdüpdi (Müs. çyk. 3:11). Emma Ýehowa oňa kömek etdi we beren tabşyrygyny soňuna çenli amala aşyryp biler ýaly, batyrgaýlyk berdi. Suwa çümdürilen doganlar hem Hudaýa gyzgyn doga edip we Mukaddes Ýazgylary her gün okap, batyrgaý bolmagy öwrenip bilerler. Batyrgaý hereket eden adamlaryň mysallary hakda oýlanmaklyk hem peýdaly. Şeýle-de doganlar pesgöwünlilik bilen ýygnak ýaşulularyndan nämäniň üstünde işlemelidigini sorap, olardan kömek etmegi haýyş edip bilerler. Biz ähli suwa çümdürilen doganlary batyrgaý bolmaga we ýygnak üçin janaýaman zähmet çekmäge çagyrýarys.

«ÝEHOWA SENIŇ BILENDIR»

20, 21. a) Dawut ogly Süleýmany nämä ynandyrdy? b) Biz nämä ynamly bolup bileris?

20 Dawut patyşa ogly Süleýmana ybadathananyň gurluşygy tamamlanýança, Ýehowanyň oňa kömek etjekdigini ýatlatdy (1 Ýyl. 28:20). Ol ýaş hem tejribesiz bolsa-da, kakasynyň ruhlandyryjy sözleri ony berkitdi. Ol örän batyrgaý hereket edip, işe başlady we Ýehowanyň kömegi bilen ýedi ýarym ýylyň içinde owadan ybadathanany doly gurup gutardy.

21 Süleýmana kömek edişi ýaly, Ýehowa bize-de batyrgaý bolmaga we tabşyrylan işi soňuna çenli ýerine ýetirmäge kömek eder (Iş. 41:10, 13). Eger biz Ýehowa sežde edenimizde, batyrgaý bolsak, onuň häzir we gelejekde-de köp bereketleri berjekdigine ynamly bolup bileris. Şonuň üçin geliň, «mert bolup, işe başlalyň».

^ abzas 4 1 Ýyl ýazgylary 28:20 Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez».

^ abzas 12 Ruhy maksatlar babatda käbir maslahatlary 2004-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Goý, seniň ruhy maksatlaryň Ýaradyjyňy şöhratlandyrsyn» atly makaladan tapyp bilersiňiz.