Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Terbiýe gaýygyň ruly ýaly, çaga dogry ýoldan ýöremäge kömek edýär

ENE-ATALARA

6. Terbiýe bermek

6. Terbiýe bermek

NÄME?

Terbiýe bermek çaga agy-garany öwretmegi, öwüt-ündew bermegi, käte bolsa eden nädogry işi üçin temmi bermegi aňladýar. Köplenç çagany gowy adam edip ýetişdirmek üçin edep-ekramly bolmagy öwretmeli.

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Häzirki döwürde käbir maşgalalarda çagalara terbiýe berilmeýär. Ene-atalar çagalarynyň özüne bolan ynamyny gaçyrmajak bolup, olara islänini etdirýär. Ýöne käbir ene-atalar çagalaryna gowy terbiýe bermek üçin, belli bir düzgünleri goýýarlar.

«Çaganyň akylly-başly bolup ýetişmegi üçin belli bir çäkleri goýmaly. Başyna goýberilen çaga ahyry bir zadyň üstünden barýar» (Patma).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

Durnukly boluň. Çagaňyz size gulak asmasa, eden işiniň netijesini görsün. Ýöne aýdanyňyzy etse hökman öwüň.

«Häzirki çagalar ene-atasyny sylamaýar. Şonuň üçin köplenç çagalarymy gulak asýandygy üçin öwýärin. Şonda olar temmi berenimde-de öýkelemeýär» (Keýik).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Adam näme ekse, şony-da orar» (Galatýalylar 6:7).

Paýhasly boluň. Temmi bereniňizde çagaňyzyň ýaşyny, ýagdaýyny we goýberen ýalňyşyny göz öňünde tutuň. Ol çäginden çyksa, temmisiz goýmaň. Meselem, ogluňyz ýa gyzyňyz goýan düzgüniňize gulak asman telefony köp ulansa, wagtlaýyn elinden alyň. Ýöne paýhasly boluň, sähel zat üçin peşeden pil ýasamaň.

«Çagam bir zady nädogry etse, temmi bermäge howlukmaýan. Ilki, onuň şol işi bilip ýa bilmän edendigini biljek bolýan. Käte çagalara eden işiniň nädogrudygyny ýatlatmaly bolýar. Ýöne çagalar şol bir ýalňyşyny gaýta-gaýta goýberse, temmi bermeli bolýar» (Weli).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Çagalaryňyz ruhdan düşmez ýaly, gaharyny getirmäň» (Koloslylar 3:21).

Söýgi bilen terbiýeläň. Çaga ene-atasynyň gowy görýändigi üçin temmi berýändigine düşünse, höwes bilen gulak asar.

«Oglumyz ýalňyşlyk goýberende biz ony ýazgarmaýas, gaýtam oňa düzelmäge kömek edýäris. Biz ony gowy görýändigimizi, öňki eden gowy işlerini unutmandygymyzy ýatladýarys. Düzelmäge jan etse, ynamdan gaçmajakdygyny aýdýarys» (Dawut).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir» (1 Korinfliler 13:4).