Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapda hiç zat aýdylmaýandygy üçin tost aýtmaýarmy?

Şeraply ýa-da spirtli içgili bulgury göterip tost aýtmak gadymdan gelýän we giňden ýaýran adatlaryň biri. Ýöne ol her ýurtda her dürli edilýär. Käte tost aýdanlarynda bulgurlary biri-birine çakyşdyrýarlar. Tost aýdýan adam biriniň bagtly bolmagyny, jan-saglygyny, uzak ýaşamagyny diläp, süýji arzuwlar aýdýar ýa-da ýagşy dilegler edýär. Beýlekiler bolsa onuň aýdýanlaryna goşulýandygyny görkezip, bulgurlaryny galdyrýarlar we şerap içýärler. Köpler tost aýtmagyň hiç hili erbetligi ýok diýse-de, Ýehowanyň Şaýatlary tost aýtmaýar. Geliň, sebäbini bileliň.

Elbetde, mesihçiler adamlaryň bagtly, janynyň sag bolmagyny dileýärler. I asyrda-da Ýolbaşçylyk maslahaty hatlarynyň soňunda «Sag-salamat boluň!» diýip ýazýardy (Resullar 15:29). Geçmişde Hudaýyň gullukçylary patyşalara ýüzlenende-de: «Ömrüň uzak bolsun, patyşahym!», «Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýipdirler (1 Patyşalar 1:31; Nehemýa 2:3).

Aslynda, tost aýtmak däbi nireden gelip çykdy? 1968-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda bir kitapdan şeýle sözler getirilipdi: «Biriniň „saglygyny“ diläp şeraply bulgury galdyrmak ýalan taňrylara we ölülere berilýän şerap sadakasy bilen bagly bolmaly. Grekler bilen rimliler saçak başynda butlara şerap sadakasyny berýärdi, dini baýramçylykda olaryň we ölüleriň şanyna tost aýdyp, şerap içýärdi. Jan-saglyk diläp, bulgur götermek we tost aýtmak däbi hem şondan gelip çykdy» («The Encyclopædia Britannica» (1910), tom 13, sahypa 121).

Soňky çykan gazet-žurnallarda tost aýtmak barada näme diýilýär? 1995-nji ýylda çykan bir kitapda şeýle diýilýär: «Gadymy döwürde ýalan taňrylara gan ýa-da şerap sadakalaryny hödürläpdirler. Şonda adamlar biri-birine „Janyň sag bolsun!“, „Ömrüň uzak bolsun!“ diýip arzuw edipdirler. Tost aýtmak däbi hem şondan galan bolmaly» («International Handbook on Alcohol and Culture»).

Elbetde, gadymy döwürde ýalan dinde ulanylan zatlary, şekilleri, nyşanlary asla ulanmaly däl diýip bolmaýar. Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde şeýle diýilýär: «Geçmişde butparazlar nary mukaddes nyşan hökmünde ulanypdyrlar». Ýöne Ýehowa-da baş ruhanynyň donunyň etegine naryň şekillerini dakmagy tabşyrypdy. Süleýmanyň ybadathanasynyň mis sütünlerinde-de naryň şekilleri bardy (2 Musa 28:33; 2 Patyşalar 25:17). Nika ýüzügini dakmak hem dini däpleriň biri bolupdyr. Ýöne häzir köp adamlar onuň din bilen baglydygyny bilmeýärler. Olar nika ýüzügini durmuş gurandygyny görkezmek üçin dakynýarlar.

Mukaddes Kitapda käbir adamlaryň ýalan taňrylara sežde edende şerap içendigi aýdylýar. Meselem, Şekemiň baştutanlary Bagal taňrysyna sežde edipdir. Olar «taňrysynyň ybadathanasynda iýip-içip», Gedeýonyň ogly Abymäligi näletläpdir (Serdarlar 9:22—28). Heý-de, Ýehowanyň wepaly gullukçysy Abymälige ýamanlyk etmek üçin ýalan taňrylardan kömek sorarmy?! Olaryň aýdan sözlerine goşulyp şerap içermi?! Birwagtlar Ýehowa garşy çykan ysraýyllar hakda Amos pygamberem şeýle diýipdi: «„Her bir gurbanlyk ojagynyň ýanynda... taňrylarynyň buthanasynda“ şerap içýärdiler» (Amos 2:8). Hudaýyň wepaly gullukçylary ýalan taňrylara hödürlenen şerapdan içermi ýa olaryň däplerini goldarmy?! (Ýermeýa 7:18). Ýa-da Hudaýa wepaly adam şeraply bulgury göterip, haýsydyr bir taňrydan jan-saglyk dilärmi?!

Geçmişde Ýehowanyň gullukçylary hem käte elini göge galdyryp, ýagşy dileg edipdir. Olar haýsydyr bir taňra däl-de, hak Hudaýa ýüzlenipdirler. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň... öňünde durup, elini göge galdyrdy-da, şeýle diýdi: „Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýerde-gökde seniň deý Hudaý ýokdur... gökdäki mekanyňdan eşidip, olaryň günäsini geç“» (1 Patyşalar 8:22, 23, 30). Şeýle-de Hydyr Ýehowany şöhratlandyranda: «Bütin halk: „Omyn! Omyn!“ diýip, elini göge galdyrdy. Olar dyza çöküp... Ýehowa tagzym etdiler» diýilýär (Nehemýa 8:6; 1 Timoteos 2:8). Görşümiz ýaly, Hudaýa wepaly adamlar elini göge galdyryp şowlulyk taňrysyndan bereket dilemändir (Işaýa 65:11).

Elbetde, şu günler tost aýdýan adamlar ýalan taňrylardan kömek soraýandyr öýtmeýärler. Olar hatda şeraply bulgury näme üçin ýokary göterýändigini düşündiribem bilmeýär. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary adamlar ýaly: «Ýagşy dileg etmegiň nämesi erbet?!» diýip, tost aýtmaýarlar.

Ýehowanyň Şaýatlary köp adamlaryň düşünmän edýän hereketlerini gaýtalamaýarlar. Meselem, köpler döwlet nyşanlaryna, baýdaga tagzym edýärler. Ýöne şeýtmek bilen olara sežde edýändirisem öýtmeýärler. Ýehowanyň Şaýatlary şeýle hereketleri edýän adamlary ýazgarmasa-da, özleri goşulmaýarlar. Şeýle çärelere mesihçi çürt-kesik gatnaşmaýar, ýöne başgalaryň gatnaşmagyna päsgelem bermeýär. Olar nähili ýagdaý bolaýanda-da, Mukaddes Kitaba garşy gelýän çärelere goşulmaýarlar (2 Musa 20:4, 5; 1 Ýahýa 5:21). Şu günler adamlara tost aýtmagyň din bilen hiç hili baglanyşygy ýok ýaly görünýändir. Bulgury galdyryp tost aýtmak ýalan dinden gelip çykan we tost aýdylanda nähilidir bir güýçden kömek soralýar. Şonuň üçinem Ýehowanyň Şaýatlary tost aýtmaýar we tost aýdylanda bulgur galdyrmaýar ýa-da bulgury pitiklemeýär (2 Musa 23:2).