Ýehowanyň niýetinde aýallaryň nähili orny bar?
«(Hoş habary) jar edýän aýallar — ägirt bir goşun». ZEB. 68:12, MK
1, 2. a) Hudaý Adam ata nähili sowgatlary berdi? b) Hudaý Adam ata näme üçin aýal ýaratdy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
ÝEHOWA Ýeri belli bir niýet bilen, ýagny adamlaryň ýaşamagy üçin ýaratdy (Iş. 45:18). Hudaýyň ilkinji ýaradan adamy kämildi. Ýehowa oňa ajaýyp öýi, ýagny Erem bagyny sowgat berdi. Adam ata Erem bagyndaky uly agaçlara, siňňin akýan derýalara we oýnap ýören haýwanlara syn edip, gör, nähili lezzet alandyr! Emma oňa örän bir wajyp zat ýetenokdy. Ýehowa: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi. Soňra Hudaý adamy agyr uka giderip, onuň bir gapyrgasyny aldy we ondan «aýal ýaratdy». Adam ata ukudan oýananda, örän begenendir! Adam ata: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir» diýdi (Gel. çyk. 2:18—23).
2 Aýal — Hudaýyň Adam ata beren ajaýyp sowgadydy. Ol Adam atanyň kämil kömekçisi boldy. Şeýle-de aýala çaga dogurmak mümkinçiligi berildi. «Adam aýalyna How diýip at dakdy. Çünki How ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy» (Gel. çyk. 3:20). Olara kämil adamlary dünýä indirmek mümkinçiligi berildi. Hudaý ilkinji är-aýala, gör, nähili üýtgeşik sowgat berdi! Netijede, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülip, kämil adamlardan dolmalydy. Olar ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň aladasyny etmelidiler (Gel. çyk. 1:27, 28).
3. a) Adam ata bilen How ene Hudaýyň bereketlerini almak üçin näme etmelidiler, emma näme boldy? b) Biz haýsy soraglara serederis?
3 Adam-ata bilen How ene Hudaýyň bereketlerini almak üçin Ýehowa gulak asmalydy we onuň hökümdarlygyna tabyn bolmalydy (Gel. çyk. 2:15—17). Şeýle etmek bilen, olar Hudaýyň ýer babatdaky niýetini amala aşyryp bilerdiler. Gynansak-da, olar «köne ýylan» diýlip atlandyrylan Şeýtanyň täsirine düşüp, Hudaýa garşy günä etdiler (Ylh. 12:9; Gel. çyk. 3:1—6). Bu pitneçilik aýallara nähili täsir etdi? Gadymy döwürde Hudaýa gulluk eden aýallar nämeleri etdiler? Häzirki mesihçi uýalara näme üçin «ägirt bir goşun» diýilýär? (Zeb. 68:12).
PITNÄNIŇ NETIJESI
4. Ilkinji är-aýalyň eden günäsine kim jogapkärdi?
4 Adam ata pitnede özüni aklajak bolup: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi (Gel. çyk. 3:12). Adam ata diňe bir günäsini boýun almazlyk bilen çäklenmän, eýsem, günäni Ýehowanyň beren aýalynyň we söýgüden doly Hudaýyň üstüne atjak boldy! Adam ata-da, How ene-de günä etdi. Emma olaryň eden günäsine Adam ata jogapkärdi. Şol sebäpli Pawlus resul: «Bir adam (Adam ata) arkaly günä we günä arkaly ölüm dünýä girdi» diýdi (Rim. 5:12).
5. Adamlaryň Hudaýdan özbaşdak ýaşamagy nämäni subut etdi?
5 Şeýtan ilkinji är-aýaly Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolmak gerek däl diýip ynandyrdy. Şeýlelikde, hökümdarlyk babatda şu wajyp sorag orta atyldy: «Kim hökümdarlyk etmäge hakly?» Bu soraga ebedilik jogap bermek üçin, Hudaý adamlara özbaşdak ýaşamaga wagt berdi. Ýehowa munuň gowulyga eltmejekdigini bilýärdi. Asyrlar boýy adamlaryň özbaşdak ýaşamagy diňe yzly-yzyna betbagtçylyk getirdi. Geçen asyrda bolan uruşlarda 100 milliona golaý adam öldi. Olaryň millionlarçasy bigünä erkek adamlar, aýallar we çagalardy. Netijede, «Ynsanyň... dogry ädim basmagy ygtyýarynda däldigi» subut edildi (Ýer. 10:23). Görşümiz ýaly, biz Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyn bolmaly (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň).
6. Köp ýerlerde aýallara nähili garaýarlar?
6 Şeýtanyň goly astyndaky dünýäde erkek adamlaram, aýallaram ejir çekýär (Wag. 8:9; 1 Ýahýa 5:19). Emma köplenç aýallara zalymlyk edip, ýowuz daraşýarlar. Bütin dünýädäki aýallaryň 30 göterimi ýanýoldaşy ýa-da oýnaşy tarapyndan urlup we zorlanyp ejir çekýär. Käbir döwletlerde erkek adamlar ulalansoň, nesil dowam etdirýär we gartaşan ata-enesiniň hem-de baba-mamasynyň aladasyny edýär diýip, olara aýratyn üns berýärler. Başga ýerlerde bolsa, gyz doglanda halamaýarlar. Şol sebäpli gyz çaga oglandan köp abort edilýär.
7. Hudaý erkeklere-de, aýallara-da nähili başlangyç berdi?
7 Aýallara zalymlyk edilmegi Hudaýa ýaramaýar. Ol aýallara adalatly garaýar we olara hormat goýýar. Muny Ýehowanyň How enäni gowy häsiýetler bilen, kämil edip ýaradandygyndan bilse bolýar. Ol How enäni Adam ata gul bolmak üçin däl-de, kömekçi edip ýaratdy. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda ýaradylyşyň altynjy gününiň ahyrynda: «Hudaý öz Gel. çyk. 1:31). Hawa, Ýehowanyň «ýaradan zatlary juda gowudy». Ol erkeklere-de, aýallara-da gowy başlangyç berdi!
ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi» diýilýär (HUDAÝ AÝALLARY GOLDADY
8. a) Şu günler adamlaryň häsiýetleri nähili? b) Geçmişde Hudaý kimleri goldady?
8 Erem bagynda turan pitneden bäri, esasanam, geçen asyrda erkek adamlaryň we aýallaryň häsiýeti öňküden-de has erbetleşdi. Mukaddes Ýazgylarda «soňky günlerde» zalymlygyň köpeljekdigi öňünden aýdylypdy. Şu günler adamlaryň edýän ýamanlyklarynyň köpelendigi sebäpli, «kyn pursatlarda» ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Emma bütin taryhyň dowamynda «Reb Hudaý» oňa iman edip, kanunlaryna gulak asan we onuň hökümdarlygyna tabyn bolan erkekdir aýallary goldady (Zebur 71:5-i okaň).
9. Tupanda näçe adam halas boldy we näme üçin?
9 Hudaý Nuh pygamberiň günlerinde zalym dünýäni Tupan bilen ýok edende, sanlyja adam halas boldy. Eger Nuh pygamberiň doganlary we jigileri şol wagt diri bolan bolsa, olaram Tupanda gark bolandyr (Gel. çyk. 5:30). Tupanda halas bolanlaryň ýarysy erkek adamdy, ýarysy aýallardy. Olar: Nuh we onuň aýaly, üç ogly hem-de üç gelnidi. Olar Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, ony razy edendigi üçin halas boldular. Häzirki milliardlarça adamlar şol halas bolan sekiz adamyň nesilleridir (Gel. çyk. 7:7; 1 Pet. 3:20).
10. Ýehowa wepaly gullukçylarynyň aýallaryny näme üçin goldady?
10 Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Ýehowa wepaly gullukçylarynyň aýallaryny hem goldady (Ýahuda 16). Olar hiç haçan durmuşyndan zeýrenmeýärdi. Ybraýym pygamberiň aýaly Sara Ur şäherindäki amatly ýaşaýşyny taşlap, ýat ýerde gelmişek bolup, çadyrda ýaşaýandygy üçin hüňürdemeýärdi. Ol Ybraýymy sylaýardy we oňa «Baýar» diýip ýüzlenýärdi (1 Pet. 3:6). Şeýle-de Rebeka barada oýlanyp göreliň. Ýehowa ony Yshaga sowgat berdi. Ol gowy aýal bolany üçin, Yshak «ony söýdi... ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi» (Gel. çyk. 24:67). Bizem şu günler aramyzda Sara we Rebeka ýaly Hudaýa wepaly aýallaryň bardygyna örän begenýäris!
11. Ysraýylly göbek eneler nädip batyrgaýlyk görkezdiler?
11 Ysraýyllylar Müsürde gulçulykda bolanda, olaryň sany barha köpelýärdi. Şol sebäpli fyrown ysraýyllylaryň ogly doglanda, olaryň ählisini öldürmegi tabşyrdy. Emma göbek enelere gözegçilik edýän ysraýylly aýallar Şipra we Puga çagalary öldürmediler. Sebäbi olar Ýehowadan gorkýardylar. Şol sebäpli Hudaý olaryň maşgalasyna bereket berdi (Müs. çyk. 1:15—21).
12. Debora we Ýagel näme üçin öwgä mynasyp?
12 Ysraýyl serdarlarynyň höküm sürýän döwründe Debora atly pygamber aýal bardy. Hudaý ony goldaýardy. Debora Baragy ysraýyl halkyny duşmanlaryndan azat etmäge höweslendirdi we oňa kömek etdi. Debora kenganlylaryň üstünden gazanyljak ýeňşiň şöhratynyň Baraga gowuşmajakdygyny pygamberlik etdi. Gaýtam, Hudaý kengan goşunynyň serkerdesi Siserany «bir aýalyň eline» bermelidi. Deboranyň aýdyşy ýaly, Siserany özge milletden bolan Ýagel atly aýal öldürdi (Ser. 4:4—9, 17—22).
13. Mukaddes Ýazgylarda Abygaýyl barada näme aýdylýar?
13 B. e. öň XI asyrda Abygaýyl atly Hudaýa wepaly aýal ýaşapdy. Abygaýylyň 1 Şam. 25:2, 3, 25). Dawut Nabalyň adamlaryny goraýardy. Bir gün Dawut adamlaryny iberip, Nabaldan iýer-içer ýaly zat bermegini soraýar. Emma Nabal «olary kemsidip», hiç zat bermeýär. Şonda Dawut gaharlanyp, Nabaly we onuň adamlaryny öldürmekçi bolýar. Abygaýyl muny eşidip, Dawuda we onuň adamlaryna iýer-içer ýaly zat berýär. Şeýdip, ol Dawudy gan dökmekden saklaýar (1 Şam. 25:8—18). Dawut Abygaýyla: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!» diýýär (1 Şam. 25:32). Nabal ölenden soň, Dawut Abygaýyla öýlenýär (1 Şam. 25:37—42).
ýanýoldaşy Nabal gödek, ýaramaz we akylsyz bolsa-da, onuň özi paýhasly aýaldy (14. Şallumyň gyzlary nähili işe gatnaşdylar we şu günler uýalar şonuň ýaly nähili işlere gatnaşýarlar?
14 B. e. öň 607-nji ýylda Babyl goşuny Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny weýran edende, ençeme erkekdir aýallar hem-de çagalar öldi. B. e. öň 455-nji ýylda Nehemýanyň ýolbaşçylygynda Iýerusalimiň diwarlary dikeldildi. Dikeldiş işine gatnaşanlaryň arasynda häkim Şallumyň gyzlary hem bardy (Neh. 3:12). Olar bu gara işe höwes bilen gatnaşdylar. Biz şu günlerem Patyşalygyň gurluşyk işlerine şatlyk bilen gatnaşýan ençeme uýalaryň gadyryny bilýäris!
I ASYRDA HUDAÝA GULLUK EDEN AÝALLAR
15. Hudaý Merýeme nädip hormat bildirdi?
15 I asyrda we ondan biraz wagt öň ýaşan käbir aýallara Ýehowa gulluk etmäge ajaýyp mümkinçilik berildi. Olaryň biri Merýem atly gyzdy. Ol Ýusup bilen adaglanan bolsa-da, entek oňa durmuşa çykmanka, mukaddes ruh arkaly göwreli boldy. Hudaý näme üçin Merýemi Isanyň ejesi edip saýlady? Sebäbi Merýemiň Ýehowanyň kämil Ogluny çagalykdan terbiýeläp biler ýaly, Hudaýa ýaramly häsiýetleri bardy. Eýsem, ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adamyň ejesi bolmak uly hormat dälmi näme?! (Mat. 1:18—25).
16. Isanyň aýallara bolan garaýşyny mysal arkaly düşündiriň.
16 Isa aýallara örän mähirli garaýardy. Geliň, bir mysala seredeliň. On iki ýyllap gan akmadan ejir çeken bir aýal märekäniň arasyndan geçip, Isanyň yzyndan barýar we onuň geýimine elini degirýär. Isa ony ýazgarman, mähir bilen: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýýär (Mar. 5:25—34).
17. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde nähili gudrat boldy?
17 Käbir aýallar Isanyň şägirdi bolup, Isa we onuň resullaryna hyzmat etdiler (Luka 8:1—3). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde 120-ä golaý şägirtlere Hudaýyň mukaddes ruhy indi. Olaryň arasynda erkek adamlaram, aýallaram bardy (Resullaryň işleri 2:1—4-nji aýatlary okaň). Mukaddes ruhuň injekdigi öňünden pygamberlik edilipdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Men (Ýehowa) her bir ynsanyň üstüne Öz ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz... Şol günlerde Men Ruhumy... dökerin hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne» diýilýär (Ýowel 2:28, 29). Pentikost gününde bolan şol gudrat arkaly Hudaý pitneçi ysraýyl halkyndan ýüz öwrüp, ruhy «Ysraýyly» goldaýandygyny görkezdi. Ruhy Ysraýyla erkek adamlaram, aýallaram degişlidi (Gal. 3:28; 6:15, 16). I asyrda Hudaýa gulluk eden aýallaryň arasynda hoş habarçy Filipusyň dört gyzy hem bardy (Res. iş. 21:8, 9).
«AÝALLAR — ÄGIRT BIR GOŞUN»
18, 19. a) Hudaý erkek adamlara-da, aýallara-da hakyky sežde bilen bagly nähili işi ynandy? b) Mezmurçy hoş habary wagyz edýän uýalary nähili suratlandyrdy?
18 1800-nji ýyllaryň ahyrynda birnäçe erkek adamlar we aýallar hakyky sežde bilen gyzyklanyp başladylar. Olar Isanyň aýdan pygamberligini biziň günlerimizde ilkinjiler bolup berjaý etdiler. Isa şeýle diýipdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:14).
19 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kiçi topary köpelip, häzir 7 900 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýatlary bar. 11 300 000-den gowrak gyzyklanan adamlar bolsa, Ýatlama agşamyna geldiler. Köp ýurtlarda Ýatlama agşamyna gatnaşanlaryň aglabasy aýallardy. Şeýle-de bütin dünýäde doly wagt gulluk edýän bir milliondan gowrak wagyzçylaryň köpüsi uýalardan ybarat. Hudaý wepaly aýallara mezmurçynyň şu sözlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi: «Taňry buýruk berýär; ony (hoş habary) jar edýän aýallar — ägirt bir goşun» (Zeb. 68:12).
HUDAÝA GULLUK EDÝÄN AÝALLARA BOL BEREKETLER GARAŞÝAR
20. Maşgala we şahsy okuwynda nähili temalary öwrensek peýdaly bolar?
20 Elbetde, biz şu makalada Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Hudaýa wepaly aýallaryň ählisi barada gürrüň edip bilmeýäris. Emma biz olar barada Mukaddes Ýazgylardan ýa-da edebiýatlarymyzdan okap bileris. Meselem, biz Rutuň wepadarlygy barada oýlanyp bileris (Rut 1:16, 17). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň Ester kitabyny we ol barada makalalary okasak, imanymyzy berkideris. Biz şeýle temalar barada maşgala okuwymyzda pikir alyşsak peýdaly bolar. Eger biz ýeke özümiz ýaşaýan bolsak, onda olar barada şahsy okuwymyzda öwrenip bileris.
21. Ýehowa gulluk edýän aýallar synaglarda nädip Hudaýa wepaly galdylar?
21 Ýehowa uýalaryň wagyz işine bereket berip, olary synaglarda-da goldaýar. Mysal üçin, faşistleriň we kommunistleriň höküm sürýän döwründe Hudaýa gulluk edýän aýallaryň köpüsini yzarlasalar-da, hatda käbirini öldürseler-de, olar Ýehowanyň kömegi bilen wepaly galdylar (Res. iş. 5:29). Geçmişde Hudaýa wepaly bolan aýallar ýaly, häzirki uýalar we olaryň imandaşlary Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolýarlar. Ýehowa gadymy döwürdäki ysraýyllylary goldaýşy ýaly, olaryň hem sag elinden tutup: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men... ýardam ederin» diýýär (Iş. 41:10—13).
22. Biz nähili gelejege garaşýarys?
22 Ýakyn gelejekde Hudaýa gulluk edýän erkekdir aýallar ýer ýüzüni Jennete öwrerler we millionlarça direlen adamlara Ýehowanyň niýeti barada öwrederler. Şoňa çenli bolsa, geliň, dogan-uýalar «agzybirlik bilen» Hudaýa gulluk edeliň! (Sef. 3:9).