Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ünsüňizi... gökdäki zatlara gönükdiriň»

«Ünsüňizi... gökdäki zatlara gönükdiriň»

«Ünsüňizi ýer ýüzündäki däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň». KOL. 3:2

1, 2. a) I asyrda Kolosedäki ýygnaga howp abanandygyny nireden bilýäris? b) Kolosedäki mesihçilere agzybirligini saklamaga kömek etmek üçin nähili maslahat berildi?

I ASYRDA Kolosedäki mesihçiler ýygnagynyň agzybirligine howp abanýardy. Doganlaryň käbiri Musanyň kanunyna eýermegiň wajypdygyny aýdyp, ýygnakda bölünişik döredýärdiler. Käbirleri bolsa, durmuşdan lezzet alyp ýaşamagyň nädogrudygyny aýdyp, ynsan filosofiýasyny öňe sürýärdiler. Emma Pawlus resul bu garaýyşlaryň howpludygyny duýduryp, Kolosedäki mesihçilere şeýle sözleri ýazdy: «Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!» (Kol. 2:8).

2 Eger mesh edilen mesihçiler ünsüni dünýädäki zatlara gönükdiren bolsalar, Ýehowanyň ogullary bolmak hormatyny ýitirerdiler (Kol. 2:20—23). Şol sebäpli Pawlus olara Hudaý bilen gatnaşygyny gymmat saýmaga kömek etmek üçin: «Ünsüňizi ýer ýüzündäki däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň» diýip maslahat berdi (Kol. 3:2). Hawa, şol mesihçiler gökde ebedi ýaşamak umydyny ýatdan çykarmaly däldiler (Kol. 1:4, 5).

3. a) Mesh edilen mesihçileriň nähili umydy bar? b) Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Şu günler hem mesh edilen mesihçiler ünsüni Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna we «Mesihiň mirasdaşlary» bolmak umydyna gönükdirýärler (Rim. 8:14—17). Emma ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýänler barada näme diýse bolar? Pawlusyň sözleriniň olara nähili degişli ýeri bar? «Başga goýunlar» nädip ünsüni «gökdäki zatlara» gönükdirip bilerler? (Ýahýa 10:16). Kynçylyklaryna garamazdan, ünsüni gökdäki zatlara gönükdiren Ybraýym we Musa pygamber ýaly Hudaýa wepaly adamlaryň mysalyndan näme öwrenip bileris?

ÜNSÜŇI GÖKDÄKI ZATLARA GÖNÜKDIRMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

4. Başga goýunlar nädip ünsüni gökdäki zatlara gönükdirip bilerler?

4 Başga goýunlar gökde ýaşamaga umyt etmese-de, ünsüni gökdäki zatlara gönükdirip bilerler. Nädip? Munuň üçin olar Ýehowa Hudaýy we Patyşalygyň bähbitlerini durmuşynda birinji orunda goýmaly (Luka 10:25—27). Biz bu babatda Isadan görelde alyp bileris (1 Pet. 2:21). I asyrda ýaşan dogan-uýalar ýaly, biz hem Şeýtanyň dünýäsinde ýalan taglymatlary, ynsan filosofiýasyny we baýlyga kowalaşmagy öňe sürýän adamlara duş gelýäris (2 Korintoslylar 10:5-i okaň). Biz Isanyň göreldesine eýerip, nädogry garaýyşlaryň täsirine düşmez ýaly oýa bolmaly.

5. Biz maddy zatlara bolan garaýşymyzy nädip barlap bileris?

5 Bu dünýäde baýlyga kowalaşýan adamlaryň garaýşy bize täsir edýärmi? Biziň pikirlerimiz we edýän işlerimiz nämäni gowy görýändigimizi aýan edýär. Isa: «Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar» diýdi (Mat. 6:21). Şol sebäpli biz ýüregimiziň ýagdaýyny bilmek üçin wagtal-wagtal özümizi çynlakaý barlamaly. Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Men maddy zatlar barada oýlanmaga näçe wagt sarp edýärin? Gowy kär edinmek, gazanç etmek ýa-da amatly şertlerde ýaşamak barada çendenaşa aladalanýarynmy? Ýa-da ünsümi ruhy zatlara gönükdirmäge çalyşýaryn?» (Mat. 6:22). Isa bar ünsüni ýer ýüzünde hazyna ýygnamaga gönükdirýän adamlara ruhy taýdan howp abanýandygyny aýtdy (Mat. 6:19, 20, 24).

6. Biz günäli höweslerimizi nädip ýeňip bileris?

6 Biziň bikämilligimiz günäli höweslerimizi kanagatlandyrmaga iterýär (Rimliler 7:21—25-nji aýatlary okaň). Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bolmasa, biz «garaňkylygyň işleri» bolan «aýşy-eşret, serhoşlyk, azgynlyk, ahlaksyzlyk» ýaly işlere baş goşarys (Rim. 13:12, 13). Biz günäli höweslerimize garşy söweşde ýeňiş gazanmak üçin, ünsümizi gökdäki zatlara gönükdirmeli. Munuň üçin bolsa tagalla etmeli. Pawlus resul: «Tenimi horlap, ony gul edýärin» diýdi (1 Kor. 9:27). Şol sebäpli biz hem öz höweslerimize berk garşy durmaly. Geliň, geçmişde ýaşan iki wepaly adamyň Hudaýyň göwnünden turmak üçin nämeleri edendigini bileliň (Ýew. 11:6).

YBRAÝYM «HUDAÝA IMAN ETDI»

7, 8. a) Ybraýym bilen Sarra nähili kynçylyklara duş geldiler? b) Ybraýym ünsüni nämä gönükdirdi?

7 Ýehowa Ybraýym pygambere maşgalasy bilen Kengan ýurduna göçmelidigini aýdanda, ol ony derrew ýerine ýetirdi. Ybraýymyň Hudaýa iman edýändigi we gulak asýandygy üçin, Ýehowa onuň bilen äht baglaşyp: «Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn» diýdi (Gel. çyk. 12:2). Emma ençeme ýyl geçse-de, Ybraýym bilen Sarranyň çagasy bolmaýardy. Ýehowa Ybraýyma beren wadasyny unutdymyka? Şeýle-de Kenganda ýaşamak Ybraýyma aňsat däldi. Ol maşgalasy bilen Mesopotamiýanyň gülläp ösýän Ur şäherinde öýüni we dogan-garyndaşlaryny goýup gaýdypdy. Olar 1 600 km-den gowrak ýol ýöräp, Kengana bardylar we ol ýerde çadyrlarda ýaşadylar, käte açlyk çekdiler we talaňçylara duşdular (Gel. çyk. 12:5, 10; 13:18; 14:10—16). Emma olar amatly ýaşaýşy bolan Ur şäherine dolanmak barada asla pikirem etmeýärdiler (Ýewreýler 11:8—12, 15-nji aýatlary okaň).

8 Ybraýym ünsüni ýer ýüzündäki zatlara gönükdirmän, Ýehowa «iman etdi» (Gel. çyk. 15:6). Ol ünsüni gökdäki zatlara, ýagny Hudaýyň beren wadalaryna gönükdirdi. Netijede, Ybraýymyň imany sylaglandy. Gudratygüýçli Hudaý oňa şeýle diýdi: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesilleriň bolar» (Gel. çyk. 15:5). Bu sözler Ybraýyma, gör, nähili teselli berendir! Ybraýym her gezek ýyldyzly asmany synlanda, Ýehowanyň neslini köpeltmek barada beren wadasyny ýatlandyr. Hudaýyň wada berişi ýaly, Onuň bellän wagtynda Ybraýym pygamberiň ogly dünýä indi (Gel. çyk. 21:1, 2).

9. Biz nädip Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip bileris?

9 Ybraýym pygamber ýaly, biz hem Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşýarys (2 Pet. 3:13). Eger biz ünsümizi gökdäki zatlara gönükdirmesek, bu wadalaryň ýerine ýetmegi gijikýän ýaly görnüp, biziň ruhy taýdan gowşamagymyz mümkin. Meselem, sen öň pioner bolmak ýa-da Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin käbir zatlardan geçmeli bolduňmy? Eger şeýle bolsa, onda sen öwgä mynasyp. Emma sen häzir Hudaýa gulluk etmek üçin näme edýärsiň? Ýadymyzda bolsa, Ybraýym pygamber «berk esasly şähere garaşýardy» (Ýew. 11:10). Ol «Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy» (Rim. 4:3).

MUSA «GÖRÜNMEZI GÖRDI»

10. Musa pygamber nähili şertlerde önüp-ösdi?

10 Ünsüni gökdäki zatlara gönükdiren adamlaryň ýene biri — Musa pygamber. Oňa ýaş wagty «müsürlileriň ähli bilimlerinden sapak berildi». Bu ýönekeý bilim däldi. Şol döwürde Müsür iň güýçli hökümdarlykdy. Musa faraonyň maşgalasynda önüp-ösdi. Ol Müsürde alan ýokary bilimi arkaly «sözlerinde, işlerinde güýçli» adam boldy (Res. iş. 7:22). Bu bilim oňa Müsürde abraýly adam bolmaga mümkünçilik berýärdi. Emma Musa pygamber ünsüni has ýokary zatlara, ýagny Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge gönükdirdi.

11, 12. Musa nähili bilimi gymmat saýýardy we biz muny nireden bilýäris?

11 Musa çagaka öz ejesi Ýokebet oňa ýehudylaryň Hudaýy barada gürrüň beren bolmaly. Musa Ýehowa barada alan bilimini gymmat saýýardy we onuň islendik baýlykdan wajypdygyna düşünýärdi. Şol sebäpli ol baý we ygtyýarly bolmak mümkinçiliginden ýüz öwürdi (Ýewreýler 11:24—27-nji aýatlary okaň). Musanyň alan ruhy bilimi we Ýehowa bolan imany ünsüni gökdäki zatlara gönükdirmäge kömek etdi.

12 Musa öz döwründe ýokary bilim alsa-da, ony Müsürde wezipe we at-abraý gazanmak ýa-da baýlyk toplamak üçin ulanmady. Musa «faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy. Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi». Görşümiz ýaly, Musa alan ruhy bilimini Ýehowanyň niýetini amala aşyrmak üçin ulanypdyr.

13, 14. a) Musa Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmäge nädip taýýarlandy? b) Musa ýaly biz hem näme etmeli?

13 Musa pygamber Ýehowa we onuň halky bilen ýürekden gyzyklanýardy. Ol kyrk ýaşyndaka, Hudaýyň halkyna Müsür gulçulygyndan azatlyga çykmaga kömek edip bilerin diýip pikir edýärdi (Res. iş. 7:23—25). Emma Ýehowa Musa bu tabşyrygy bermänkä, ol käbir zatlary öwrenmelidi. Musa kiçigöwünlilik, sabyr, ýumşaklyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetleri ösdürmelidi (Sül. tym. 15:33). Şeýle-de ony öňündäki synaglara we kynçylyklara taýýarlamalydy. Musanyň 40 ýyllap çopançylyk etmegi oňa Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge kömek etdi.

14 Musa çopançylyk eden döwründe durmuş tejribesinden käbir zatlary öwrendimi? Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda onuň «juda kiçigöwünli adamdygy, beýle adamyň ýer ýüzünde başga ýokdugy» aýdylýar (San. 12:3). Musanyň kiçigöwünliligi oňa dürli häsiýetli adamlara ýolbaşçylyk etmäge we olaryň kynçylyklaryny sabyrlylyk bilen çözmäge kömek etdi (Müs. çyk. 18:26). Şonuň ýaly biz hem «agyr muşakgatdan» geçip, Ýehowanyň wada berýän täze dünýäsine girip biler ýaly, Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmeli (Ylh. 7:14). Biz öýkelek ýa-da ynjyk hasaplaýan adamlarymyz bilen hem oňşukly ýaşap bilýärismi? Munuň üçin Petrus resulyň: «Hemmeleri sylaň, doganlary söýüň» diýen maslahatyna eýersek peýdaly bolar (1 Pet. 2:17).

ÜNSÜMIZI GÖKDÄKI ZATLARA GÖNÜKDIRELIŇ

15, 16. a) Biz näme üçin ünsümizi gökdäki zatlara gönükdirmeli? b) Mesihçileriň gowy edim-gylymly bolmagy näme üçin wajyp?

15 Biz «kyn pursatlarda» ýaşaýarys (2 Tim. 3:1). Şol sebäpli ruhy taýdan oýa bolmak üçin, ünsümizi gökdäki zatlara gönükdirmeli (1 Sel. 5:6—9). Geliň, muny etmegiň üç usulyna seredeliň.

16 Özümizi alyp barşymyz. Petrus resul özüňi edepli alyp barmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Ol: «Oňat işleriňizi görüp... Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň» diýdi (1 Pet. 2:12). Şol sebäpli biz nirede bolsak-da: öýde, işde, mekdepde, dynç alanymyzda ýa-da wagyzda gowy edim-gylymymyz bilen Ýehowany şöhratlandyrjak bolup jan etmeli. Elbetde, bikämil bolanymyz üçin, biziň ählimiz ýalňyşýarys (Rim. 3:23). Emma «imanyň oňat göreşini alyp barsak», bikämilligimize garşy söweşde ýeňiş gazanyp bileris (1 Tim. 6:12).

17. Biz Isa Mesihiň garaýşyny nädip ösdürip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

17 Garaýşymyz. Gowy edim-gylymly bolmak üçin dogry garaýşy ösdürmeli. Pawlus resul: «Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun» diýdi (Flp. 2:5). Isanyň garaýşy nähilidi? Ol kiçigöwünlidi. Şol sebäpli ol jan aýaman Hudaýa gulluk etdi. Onuň üçin iň wajyp zat — adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmekdi (Mar. 1:38; 13:10). Isa Hudaýyň Sözüne esasy görkezme hökmünde garaýardy (Ýahýa 7:16; 8:28). Ol Mukaddes Ýazgylary çuňňur özleşdireni üçin, köplenç oňa salgylanýardy, ony goraýardy we düşündirýärdi. Bizem wagyz gullugynda kiçigöwünli we yhlasly bolsak hem-de yzygiderli şahsy okuwyny geçirsek, Isa Mesihiň garaýşyny ösdürip bileris.

Isa üçin iň wajyp zat — adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmekdi (17-nji abzasa serediň)

18. Biz Ýehowanyň işini nädip goldap bileris?

18 Edýän tagallalarymyz. Ýehowa «gökdäkileriň, ýerdäkileriň we ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epmegini» isleýär (Flp. 2:9—11). Isanyň häkimiýetde wajyp orny bolsa-da, ol kiçigöwünlilik bilen Atasyna tabyn bolýar. Şol sebäpli biz hem onuň göreldesine eýermeli (1 Kor. 15:28). Nädip? Biz «bütin milletleri şägirt etmek» tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin bar güýjümiz bilen tagalla etmeli (Mat. 28:19). Şeýle-de biz ýakynymyza we dogan-uýalara kömek etsek, «hemmelere... ýagşylyk etdigimiz» bolar (Gal. 6:10).

19. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Biz Ýehowanyň ünsümizi gökdäki zatlara gönükdirmelidigimizi ýatladýandygyna örän minnetdar! Şol sebäpli biz «öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgamaly» (Ýew. 12:1). Geliň, ählimiz «Reb üçin ýürekden işläliň»! Şonda gökdäki Atamyz biziň ak ýürekden edýän tagallalarymyzy sylaglar (Kol. 3:23, 24).