Okyjylaryň sowallary
Ýygnakda ýaşulular we gulluk hyzmatçylary nädip bellenilýär?
I asyrda Pawlus resul Efesdäki ýygnagyň ýaşulularyna şeýle diýdi: «Özüňize we Reb Hudaýyň Öz gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň» (Res. iş. 20:28). Şu günler ýygnakda ýaşulularyň we gulluk hyzmatçylarynyň bellenilmeginde mukaddes ruhuň nähili ähmiýeti bar?
Birinjiden, Hudaýyň Sözüni ýazan adamlar mukaddes ruh arkaly ýaşulular we gulluk hyzmatçylary üçin birnäçe talaplary ýazdylar. 1 Timoteos 3:1—7-nji aýatlarda ýaşulular üçin on alty sany talap bar. Titus 1:5—9-njy we Ýakup 3:17, 18-nji aýatlarda başga-da talaplar agzalýar. Gulluk hyzmatçylaryndan edilýän talaplar barada 1 Timoteos 3:8—10, 12, 13-nji aýatlarda aýdylýar. Ikinjiden, doganlary jogapkärli borja teklip edýän we belleýän ýaşulular doganyň Mukaddes Ýazgylardaky talaplara ýeterlik derejede laýyk gelýändigini anyklamak üçin, Ýehowa doga edip, mukaddes ruhuny dileýärler. Üçünjiden, teklip edilýän dogan hem durmuşynda Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesini görkezmeli (Gal. 5:22, 23). Görşümiz ýaly, dogan jogapkärli borja bellenilende ähli ýagdaýda-da mukaddes ruhuň uly ähmiýeti bar.
Emma doganlary aslynda kim belleýär? Öňler ýaşuly we gulluk hyzmatçysy bolmaga teklip edilýän dogan barada filiala hat ugradylýardy. Ol ýerde Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan bellenilen doganlar gelen hata seredip, dogan talaba laýyk gelýän bolsa, ony belleýärdiler. Soňra filial bu barada ýaşulular maslahatyna habar berýärdi. Ýaşulular hem öz gezeginde bellenen dogan bilen gepleşip, ondan jogapkärli borjy almaga taýyndygyny we talaba laýyk gelýändigini soraýardylar. Iň soňunda bolsa, ýygnakda bildiriş edilýärdi.
I asyrda käwagt resullar doganlary aýratyn ýumuşlary ýerine ýetirmäge belleýärdiler. Mysal üçin, olar ýedi sany dogana dul hatynlara gündelik iýmiti paýlamagy tabşyrdylar (Res. iş. 6:1—6). Emma bu ýumuş tabşyrylmazyndan öň, şol doganlar eýýäm ýaşuly bolup gulluk eden bolmaly. Onda I asyrda ýaşulular we gulluk hyzmatçylary nädip bellenilýärdi?
Mukaddes Ýazgylarda olaryň nädip bellenendigi jikme-jik aýdylmasa-da, käbir görkezmeler berilýär. Pawlus bilen Barnabas ilkinji missioner gullugyndan öýlerine gaýdyp gelýärkäler, «her ýygnakda olara ýolbaşçylar Res. iş. 14:23). Birnäçe ýyldan soň, Pawlus resul ýygnaklara bile aýlanan ýoldaşy Titusa şeýle ýazdy: «Yza galan işleri düzetmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin, ine, şu sebäpden men seni Giritde goýup gaýtdym» (Titus 1:5). Pawlus resul bilen köp ýygnaklara aýlanan Timoteosa hem şeýle ygtyýar berlipdi (1 Tim. 5:22). Görşümiz ýaly, doganlary Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular däl-de, aýlanýan gözegçiler belleýärdi.
saýlap, orazaly doga edip, olary iman eden Reblerine tabşyrdylar» (Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Ýazgylardaky bu wakalary göz öňünde tutup, doganlary ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy edip bellemekde düzediş girizdi. 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap doganlar şu tertip boýunça bellenilýär: Her bir aýlanýan gözegçi etrabynda teklip edilýän dogan baradaky hata ünsli seredýär. Ol ýygnaklary ideg edende, bu dogan bilen ýakyndan tanyşmak üçin, mümkin bolsa, wagza çykýar. Soňra ol ýygnagyň ýaşulular maslahaty bilen teklip edilýän dogan barada hata seredip, gürrüňdeş bolýar. Diýmek, aýlanýan gözegçiniň etrabyndaky doganlary ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy edip bellemek jogapkärçiligi bar. Şeýdip, jogapkär doganlar I asyrdaky ýaly bellenýär.
Doganlaryň jogapkärli borja bellenmegine kimler gatnaşýar? Bilşimiz ýaly, «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» öýdäki hyzmatkärleri ruhy iýmit bilen üpjün etmek jogapkärçiligi bar (Mat. 24:45—47). Munuň üçin olar mukaddes ruh arkaly Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirýärler. Şeýdip, olar bütin dünýädäki ýygnaklaryň guramaçylykly bolmagy üçin, Mukaddes Ýazgylara esaslanan peýdaly görkezmeleri berýärler. Şeýle-de sadyk hyzmatkär ähli etrap gözegçilerini we filial komitetiniň agzalaryny belleýär. Filiallar hem berlen görkezmelere nädip gowy eýerip boljakdygy babatda maslahat berýärler. Ýaşulular maslahaty ýygnakda jogapkärli borç almaga teklip edýän doganlarynyň Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk gelýändigine gowy göz ýetirmäge borçludyr. Etrap gözegçileriniň wajyp jogapkärçiligi bar. Olar ýaşulular tarapyndan teklip edilýän dogan barada hata ünsli seredip we doga edip, onuň talaba laýyk gelýändigine göz ýetirenden soň bellemeli.
Biz ýygnakda ýaşulularyň we gulluk hyzmatçylarynyň nädip bellenýändigi barada bilip, mukaddes ruhuň ähmiýetine gowy düşünýäris. Şeýle-de ýygnakda jogapkärli borja bellenen doganlara ynamymyz we hormatymyz has-da artýar (Ýew. 13:7, 17).
Ylham kitabynyň 11-nji babynda agzalýan iki güwä kimi aňladýar?
Ylham 11:3-de 1260 günläp pygamberlik etjek iki güwä we janawaryň «olary ýeňip öldürjekdigi» barada aýdylýar. Emma üç ýarym günden soň, şol iki güwä direlip, görenleri haýran galdyrmalydy (Ylh. 11:7, 11).
Bu iki güwä kimi aňladýar? Biz aýatdaky käbir aýratynlyklara seretsek, olaryň kimdigini anyklap bileris. Birinjiden, olaryň «iki zeýtun agajyny, iki şemdany» aňladýandygy aýdylýar (Ylh. 11:4). Bu bize Zakarýanyň pygamberliginde agzalýan şemdany we iki zeýtun agajyny ýatladýar. Şol zeýtun agaçlary «mesh edilip, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişini», ýagny Zerubabel hökümdary we baş ruhany Ýeşuwy suratlandyrýardy (Zak. 4:1—3, 14). Ikinjiden, iki güwäniň Musa we Ylýas pygamberiňki ýaly alamatlary görkezjekdigi aýdylýar (Ylham 11:5, 6-ny, Sanlar 16:1—7, 28—35-i we 1 Patyşalar 17:1; 18:41—45-i deňeşdiriň).
Ylham we Zakarýa kitabyndaky sözleriň nähili baglanyşygy bar? Bu wakalaryň ikisinde-de kyn ýagdaýlarda Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden mesh edilenler barada agzalýar. Ylham kitabynyň 11-nji babyndaky sözler 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy dikeldilenden soň, Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden mesh edilen doganlar üç ýarym ýyllap «jul geýnip» wagyz edenlerinde ýerine ýetdi *.
Mesh edilen mesihçiler jul geýnip wagyz edenden soňra, olary gysga wagtlaýyn, ýagny göçme manyda aýdanyňda, üç ýarym gün türmä basdylar. Şeýdip, olar göçme manyda öldüler. Şonda duşmanlar Hudaýyň halkynyň wagyz işini togtadyp bildik diýip, juda begendiler (Ylh. 11:8—10).
Emma pygamberlige görä, bu iki güwä üç ýarym günden soň direlmelidi. Şonda mesh edilen mesihçiler diňe bir türmeden boşadylman, eýsem, wepaly galandygy üçin, Isa Mesih arkaly Ýehowadan aýratyn ýumuş aldylar. Olar 1919-njy ýylda «sadyk hem akylly hyzmatkär» edip bellenildi. Bu mesh edilenler soňky günlerde Hudaýyň halkyna ruhy iýmiti paýlamalydy (Mat. 24:45—47; Ylh. 11:11, 12).
Bu wakalar Ylham 11:1, 2-nji aýatlarda aýdylýan ruhy ybadathananyň ölçenmegi bilen baglanyşyklydy. Malaki kitabynyň 3-nji babynda-da ruhy ybadathananyň barlanjakdygy we arassalanjakdygy aýdylypdy (Mal. 3:1—4). Bu barlag we arassalaýyş işi näçe wagt dowam etdi? Ol 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başlaryna çenli dowam etdi. Bu aralyk Ylham kitabynyň 11-nji babynda aýdylýan 1260 güni (42 aý) we göçme manydaky üç ýarym güni öz içine alýar.
Biz Ýehowanyň bu ruhy arassalaýyş işine ýolbaşçylyk edip, halkynyň ýagşy işleri etmegi üçin, olary tämizländigine örän begenýäris! (Titus 2:14). Şeýle-de biz mesh edilen mesihçileriň barlag döwründe Hudaýa wepaly galyp, ajaýyp görelde görkezendigi we göçme manydaky iki güwä bolup hyzmat edendigi üçin minnetdardyrys *.
^ abzas 14 Iki güwäniň jul geýinmegi olaryň sabyrly we kiçigöwünlilik bilen Ýehowanyň hökümlerini yglan edendigini görkezýär. Olar Hudaýyň höküm gününde milletleriň hem üstünden betbagtçylyk injekdigi barada wagyz etdiler.
^ abzas 18 Bu barada köpräk bilmek üçin, 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalyna serediň (sah. 22, abz. 12).