Olar höwes bilen gulluk edýärler. Russiýa
1991-NJI ÝYLDA Russiýada Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasy kanuny taýdan resmileşdirildi. Olaryň wagyz işi köp wagtlap döwlet tarapyndan gadagan edilipdi. Muňa garamazdan, Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany on esse köpeldi. Häzir Russiýada 170 müň sany wagyzçy bar! Daşary ýurtdan gelen Patyşalygyň yhlasly wagyzçylary hem hasyl ýygymyna kömek edýärler (Mat. 9:37, 38). Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!
ÝYGNAKLAR RUHY TAÝDAN ÖSÝÄR
Russiýada Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasynyň resmileşdirilen döwründe 28 ýaşly Metýu Beýik Britaniýada ýaşaýardy. Şol ýyl geçirilen kongresde Günorta Ýewropa ýurtlarynda ruhy hasyl ýygymyna işçi gerekdigi yglan edildi. Meselem, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde ýygnak duşuşyklaryny geçirer ýaly, ýaşuly dogan ýokdy, diňe bir ýygnak hyzmatçysy bardy. Muňa garamazdan, ýüzlerçe Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilýärdi. Metýu şeýle gürrüň berýär: «Men Russiýa barada eşidenimde, Ýehowa doga edip, ol ýerde gulluk etmek isleýändigimi aýtdym. Bu pikir meniň hakydamdan çykmady!» Ol Russiýa gitmek üçin köp zadyny satyp, pul ýygnaýar we 1992-nji ýylda ol ýere göçýär. Metýu nähili kynçylyklara duş gelýär?
Ol: «Maňa rus dilini öwrenmek we ruhy zatlar barada gürrüň etmek aňsat bolmady» diýýär. Şeýle-de oňa kireýine jaý tapmak kyn bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Göçüp-gonup ýörmeklik meniň köp wagtymy alýardy. Öý eýesi birki günden jaýy boşatmagy talap edýärdi. Ýöne men Russiýa gelenime ökünmedim. Bu ýerde gulluk etmeklik maňa Ýehowa has-da köp bil baglamaga we goldawyny duýmaga kömek etdi». Wagtyň geçmegi bilen, Metýu ýygnak ýaşulusy bolýar we ýörite pioner gullugyna başlaýar. Häzir ol Sankt-Peterburg şäheriniň çetinde ýerleşýän filialda gulluk edýär.
1999-njy ýylda 25 ýaşly Hiro Ýaponiýadaky Pionerler mekdebinde okaýar, şonda mugallymlaryň biri ony daşary ýurtda gulluk etmäge höweslendirýär. Hiro Russiýada wagyzçylaryň ýetmeýändigini eşidip, rus dilini öwrenip başlaýar. Ol okgunly hereket edýär. Hiro şeýle gürrüň berýär: «Men Russiýanyň aýazly gyşyna öwrenişmek üçin noýabr aýynda ol ýere göçdüm we alty aýlap ýaşadym». Ol gyş pasly geçenden soňra Ýaponiýa dolanýar we sada ýaşap, biraz pul toplaýar. Şeýlelikde, Hiro Russiýada hemişelik gulluk etmek üçin ýurdundan göçüp gaýdýar.
Hiro 12 ýyl bäri Russiýada ýaşaýar we birnäçe ýygnaklar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Käte ol 100-den gowrak wagyzçysy bolan ýygnakda ýeke özi ýaşuly bolup gulluk edýärdi. Hiro her hepde Wagyz mekdebini, Gulluk duşuşygyny, «Garawul diňi» we bäş sany Kitap öwrenilýän (öňki ady) ýygnak duşuşygyny geçirýärdi. Şeýle-de ol çopançylyk idegini edýärdi. Hiro geçen günlerini ýatlap: «Men dogan-uýalaryň ruhy taýdan ösmegine kömek edip, köp şatlyk tapdym» diýýär. Ol wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edip nähili bereketler alýar? Hiro: «Men Russiýa gelmezimden öň ýaşuly we pioner bolup gulluk edýärdim. Indi men Ýehowa bilen dostlugymy täzeden berkiden ýaly duýýaryn we ähli zatda oňa bil baglaýaryn» diýýär. 2005-nji ýylda Hiro Swetlana atly uýa öýlenýär we olar pioner bolup gulluk edýärler.
Kanadaly 34 ýaşly Metýu bilen onuň 28 ýaşly inisi Maýkl Russiýa baranlarynda, ýygnak duşuşyklaryny bary-ýogy birnäçe doganyň geçirýändigine we köp gyzyklanýan adamlaryň gelýändigine haýran galýarlar. Metýu şeýle gürrüň berýär: «Ýygnak duşuşyklaryna 200 adam gelýärdi. Ähli duşuşyklary gartaşan ýygnak ýaşulusynyň we ýaş ýygnak hyzmatçysynyň geçirýändigini görüp, men olara kömek etmek isledim». Metýu 2002-nji ýylda Russiýa göçýär.
Mundan dört ýyl geçenden soň Maýkl hem Russiýa göçýär we ol ýerde doganlaryň ýetmeýändigine göz ýetirýär. Ol ýygnak hyzmatçysy hökmünde ýygnagyň çykdaýjylaryna, edebiýatlaryna we meýdançalaryna gözegçilik etmäge bellenilýär. Şeýle-de ondan ýygnagyň kätibi bolmagy, jemagat nutugy bilen çykyş etmegi, kongresleriň guramaçylykly geçirilmegine we Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işlerine kömek etmegi haýyş edýärler. Elbetde, şu günlerem ýygnaklara şeýle kömek gerek bolýar. Maýkl jogapkärçilikli ýumuşlary ýerine ýetirip, ýaşuly bolup gulluk edýär. Ol: «Men doganlara kömek etmekden şatlyk tapýaryn. Ol günler ýatdan çykmajak günler!» diýýär.
Metýu Marina, Maýkl bolsa Olga öýlenýär. Olar dogan-uýalar bilen ýygnaklaryň ösmegine yhlasly kömek edýärler.
UÝALAR HASYL ÝYGYMYNA GATNAŞÝARLAR
1994-nji ýylda Çehiýa Respublikasyndan, Polşadan we Slowakiýadan 6 sany pioner uýa Ukraina wagyz etmäge gelýär. Olaryň baran ýygnagynda 16 ýaşly Tatýana atly uýa gulluk edýärdi. Tatýana şeýle ýatlaýar: «Pioner uýalar pesgöwünli, mähirli we Mukaddes Ýazgylara gowy düşünýärdiler». Şeýle-de ol uýalaryň janaýamazlyk bilen edýän gullugyna Ýehowanyň ak pata berýändigini görüp: «Meniňem olara meňzäsim gelýär» diýýär.
Tatýana pioner uýalaryň göreldesine eýerip, kanikul günleri dogan-uýalar bilen Ukrainanyň hem-de Belarussiýanyň wagyz edilmedik we uzakda ýerleşýän etraplaryna gulluk etmäge gidýär. Ol wagyz etmekden köp şatlyk tapýar we köpräk gulluk etmek üçin Russiýa gidýär. Ol
Russiýada daşary ýurtly uýanyň öýünde ýaşaýar we pioner bolup gulluk etmek üçin iş gözleýär. Soňra ol 2000-nji ýylda ymykly Russiýa göçýär. Tatýana nähili kynçylyklara duş gelýär?Ol şeýle gürrüň berýär: «Men jaý satyn alýançam, bir otagda kireýine ýaşadym. Ýaşaýyş şertleriniň kyndygy üçin käte öýe gidesim gelýärdi. Ýöne men gullugymy dowam etsem, Ýehowanyň köp bereketleri berjekdigine ynanýardym». Häzir Tatýana Russiýada missioner bolup gulluk edýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men ençeme ýyl Russiýada gulluk edip, köp dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Köp gyzykly wakalary başdan geçirdim. Şeýle-de men Ýehowa bolan imanymyň berkändigini duýýaryn».
Ýaponiýaly 50 ýaşlaryndaky Masako bütin ömrüni missioner gullugyna bagyş etmek isleýärdi. Emma saglyk ýagdaýy sebäpli ol arzuwyna ýetip bilmeýärdi. Ol saglygy gowulaşan badyna, hasyl ýygymyna kömek etmek üçin Russiýa göçýär. Masako amatly jaý we iş tapmak kyndy. Şol sebäpli ol ýapon dilini öwredýärdi we tämizçi bolup işleýärdi. Şeýdip, ol pioner bolup gulluk edýär. Oňa çydamly bolmaga näme kömek edýär?
Masako 14 ýyl Russiýada gulluk eden döwri barada şeýle diýýär: «Men wagyz işinden köp şatlyk tapýardym. Bu maňa kynçylyklara döz gelmäge kömek edýärdi. Patyşalygyň wagyzçylarynyň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek meniň durmuşymy manyly edýärdi. Ýehowa meni iýmit, egin-eşik we jaý bilen üpjün edýärdi. Bu diýseň täsin!» Masako diňe bir Russiýada däl, eýsem, Gyrgyzystanda-da hasyl ýygymyna kömek edýär. Galyberse-de, ol iňlis, hytaý we uýgur dilinde gepleýän toparlary hem goldaýar. Häzir Masako Sankt-Peterburgda pioner bolup gulluk edýär.
MAŞGALANYŇ ALÝAN BEREKETLERI
Köp adamlar ykdysady kynçylyklar sebäpli maşgalasyny eklemek üçin daşary ýurda göçýärler. Emma käbir maşgalalar Ybraýym Gel. çyk. 12:1—9). Meselem, 2003-nji ýylda ukrainaly Mihail bilen aýaly Inga Russiýa göçýär. Tizden olar hak Hudaýy gözleýän adamlara duşýarlar.
pygamber bilen aýaly Sarradan görelde alyp, daşary ýurda gulluk etmäge gidýärler (Mihail şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz etmedik ýerinde öýden-öýe gulluk etdik. Şonda bir ýaşuly bizi görenden: „Siz wagyzçylarmy?“ diýip sorady. Biz „Hawa!“ diýip jogap berenimizde, ol: „Men siziň haçanam bolsa bir gün geljegiňizi bilýärdim — soňra ol Matta 24:14-däki sözleri aýdyp — Isanyň sözleri ýerine ýetmän galmaz ahyryn!“ diýdi. Şeýle-de biz baptist dinine uýýan 10-a golaý aýala duş geldik. Hak Hudaýy gözleýän akýürekli aýallar „Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim“ atly kitapdan her hepde okuw geçýärdiler. Biz olaryň soraglaryna jogap berýärdik, olar bilen Patyşalyk aýdymlaryny aýdýardyk we agşamlyk naharyny edinýärdik. Ol günleri ýatladygyňça ýatlasyň gelýär». Mihail bilen Inga wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşdylar, adamlara bolan söýgüsini artdyrdylar we ençeme bereketleriň eýesi boldular. Häzir Mihail etrap gözegçisi bolup gulluk edýär.
2007-nji ýylda Ukrainada ýaşaýan 35 ýaşlaryndaky Ýuriý bilen aýaly Oksana we 13 ýaşly ogly Alekseý Russiýadaky filiala myhmançylyga barýarlar. Şonda olara kartadan wagyz işi üçin bellenmedik territoriýalary görkezýärler. Oksana şeýle diýýär: «Kartany görenimizde, biz Russiýada Patyşalygyň wagyzçylarynyň gerekdigine düşündik we ol ýere göçmeli diýen karara geldik». Soňra olar näme edýärler? Ýuriý şeýle diýýär: «Biz „Siz daşary ýurtda gulluk edip bilermisiňiz?“ diýen makalalary okadyk *. Biz Russiýadaky filialyň görkezmesi boýunça bellenen territoriýa baryp, jaý we iş gözläp başladyk» diýýär. Olar 2008-nji ýylda Russiýa göçýärler.
Ilkibada, olara iş tapmak we göçüp-gonup ýörmek kyn bolýardy. Ýuriý şeýle diýýär: «Biz ruhdan düşmezlik üçin doga edip, hemişe wagyz edýärdik we Ýehowa bil baglap, Patyşalygy birinji orunda goýýardyk. Biz Ýehowanyň aladamyzy edýändigine birnäçe gezek göz ýetirdik. Bu gulluk biziň maşgala gatnaşyklarymyzy berkitdi» (Mat. 6:22, 33). Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek Alekseýe nähili täsir etdi? Oksana şeýle diýýär: «Bu ony bütinleý özgertdi. Alekseý 9 ýaşynda Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyryldy. Ol mekdep rugsadyna çykanda höwes bilen kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Biz onuň gulluga bolan söýgüsini we yhlasyny görenimizde, özümizi bagtly duýýarys». Ýuriý bilen Oksana häzir ýörite pioner bolup gulluk edýärler.
«WAH... ÖŇ EDEN BOLSADYM!»
Dogan-uýalaryň beren gürrüňinden wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin Ýehowa bil baglamalydygyny görse bolýar. Daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalar köp kynçylyklara duş gelseler-de, ençeme bereket aldylar. Patyşalygyň wagyzçylarynyň az ýerinde hasyl ýygymyna gatnaşasyňyz gelýärmi? Eger sizem wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek isleýän bolsaňyz, onda Ýuriniň: «Wah... muny öň eden bolsadym!» diýen sözlerine goşularsyňyz.
^ abzas 20 «Garawul diňi» žurnalyna serediň (w99-U 15/10 sah. 23—27).