Hudaýa sežde edilýän ýeri gymmat saýyň
«Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer». ÝAHÝA 2:17
AÝDYMLAR: 20, 23
1, 2. a) Ýehowanyň gadymy döwürdäki gullukçylary nirede sežde edýärdiler? b) Injilde Isanyň ybadathana bolan garaýşy nähili beýan edilýär? w) Şu makalada näme barada gürrüň ederis?
GADYMY döwürde ýaşan Hudaýyň gullukçylary belli bir ýerde sežde etmegiň aladasyny edýärdi. Habyl Hudaýa gurbanlyk bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasaýar (Gel. çyk. 4:3, 4). Nuh, Ybraýym, Esaw, Ýakup we Musa gurbanlyk bermek üçin, ýörite sypa ýasapdyrlar (Gel. çyk. 8:20; 12:7; 26:25; 35:1; Müs. çyk. 17:15). Ysraýyllylar Ýehowanyň görkezmesi boýunça mukaddes çadyry dikipdirler (Müs. çyk. 25:8). Soňra olar Ýehowa sežde etmek üçin ybadathana gurdylar (1 Pat. 8:27, 29). Ysraýyllylar Babyl gulçulygyndan azat bolansoň, Allatagala sežde etmek üçin sinagogalarda ýygnanyşýardylar (Mar. 6:2; Ýahýa 18:20; Res. iş. 15:21). I asyrda ýaşan mesihçiler ýygnak duşuşyklaryny öýde geçirýärdiler (Res. iş. 12:12; 1 Kor. 16:19). Şu günler bütin dünýäde 10 müňlerçe Patyşalyk zallary bar. Ýehowanyň halky ol ýerde Hudaý barada bilim alyp, oňa sežde edýärler.
2 Injilde Isanyň Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasyna bolan söýgüsi we minnetdarlygy şeýle beýan Zeb. 69:9; Ýahýa 2:17). Patyşalyk zallaryna Iýerusalimdäki ybadathana ýaly «Rebbiň öýi» diýilmeýär (2 Ýyl. 5:13; 33:4). Şu günler Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip, Patyşalyk zallarynda Hudaýa hormat bilen sežde edýäris. Şu makalada Patyşalyk zallaryny gymmat saýmaga, maddy taýdan goldamaga we abatlaýyş işlerini geçirmäge kömek edýän Hudaýyň kada-kanunlary barada gürrüň ederis *.
edilýär: «Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer» (HAKYKY SEŽDÄNI GYMMAT SAÝYŇ
3—5. Patyşalyk zalynda näme edilýär we biz özümizi nähili alyp barmaly?
3 Patyşalyk zallary hakyky seždäniň merkezi hasaplanýar. Patyşalyk zalynda geçirilýän ýygnak duşuşyklary bizi ruhy taýdan iýmitlendirýär we imanymyzy berkidýär. Şeýle-de Ýehowa guramasy arkaly görkezme berýär. Ýehowa bilen Isa bizi «Rebbiň saçagyna» çagyrýar. Ýygnak duşuşyklaryna gelýänler wajyp çakylyga minnetdarlygyny görkezýärler (1 Kor. 10:21).
4 Ýehowa biziň ýygnak duşuşyklarynda Özüne sežde etmegimizi we biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýär (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Biz ýersiz-ýere ýygnak duşuşyklaryndan galsak, Ýehowa hormat goýmaýandygymyz görner. Biz ýygnaga taýýarlansak we köpräk jogap bersek, Ýehowanyň edýän aladasyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris (Zeb. 22:22).
5 Biz Patyşalyk zalyny aýawly ulanmak we ol ýerde geçirilýän ýygnak duşuşyklarynda özümizi edepli alyp barmak bilen, Ýehowa hormat goýýarys. Patyşalyk zaly Ýehowanyň adyny göterýär we biz ýagşy edim-gylymymyz bilen, ony şöhratlandyrmak isleýäris (1 Patyşalar 8:17-ni deňeşdiriň).
6. Käbir adamlar Patyşalyk zaly we dogan-uýalar barada näme diýýärler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
6 Biziň Hudaýa hormat bilen edýän seždämiz adamlara täsir edýär. Meselem, Türkiýede ýaşaýan bir adam şeýle gürrüň berýär: «Men Patyşalyk zalynyň arassaçylygyna we ähli zadyň ýerbe-ýer durşuna haýran galdym. Adamlar salykatly geýnendi we şähdaçykdy. Olaryň meni mähirli garşy alşy güýçli täsir etdi». Şondan soňra ol ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar we Ýehowa özüni bagyş edýär. Indoneziýada gurlan Patyşalyk zalyny Ýehowa bagyş edilen güni mynasybetli geçirilen dabara hökümet işgärleri we daş-töweregindäki ýaşaýjylar çagyrylýar. Oňa şäher häkimi hem gelýär. Ol Patyşalyk zalynyň ýokary hilli gurlandygyna, amatly şertlerine we owadan güllere haýran galyp: «Binanyň arassaçylygy hak Hudaýa iman edýändigiňizi görkezýär» diýýär.
7, 8. Biz nämäni unutmaly däl?
7 Biz ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda, salykatly egin-eşigimiz, özümize timar berşimiz we edim-gylymymyz bilen Ýehowany hormatlaýandygymyzy görkezýäris. Käbir adamlar Patyşalyk zallarynda özlerini çendenaşa erkin ýa-da örän agras alyp barýarlar. Emma Ýehowa gullukçylarynyň we ýygnaga gelýän adamlaryň özlerini oňaýsyz duýmagyny Wag. 3:1).
islemeýär. Şol sebäpli dogan-uýalar sölpi ýa-da göze ilginç geýnip, telefon arkaly hat ýazyp, özara gepleşip, ýa-da iýip-içip başgalaryň ünsüni sowmak islemeýärler. Ata-eneler çagalaryna Patyşalyk zalynda oýnamaly we ylgamaly däldigini düşündirmeli (8 Isa Hudaýyň ybadathanasynda söwda edýän adamlara gahary gelip, olary kowýar (Ýahýa 2:13—17). Biz Patyşalyk zallarynda Allatagala barada bilim alyp, oňa sežde edýäris. Şol sebäpli ýygnak duşuşyklarynda şahsy işlerimiz barada gürrüň etmeklik nädogry bolar (Nehemýa 13:7, 8-nji aýatlary deňeşdiriň).
PATYŞALYK ZALYNYŇ GURLUŞYGYNA KÖMEK EDIŇ
9, 10. a) Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işlerine kim kömek edýär? b) Ykdysady ýagdaýy pese düşen ýurtlarda dogan-uýalar üçin näme edildi?
9 Ýehowanyň guramasy Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işini uly depginde alyp barýarlar. Dogan-uýalar olaryň çyzgysyny çyzmak, gurmak we olarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin meýletin kömek edýärler. Bu işde nähili üstünlik gazandyk? 1999-njy ýylyň 1-nji noýabryndan bäri, bütin dünýäde 28 müňden gowrak Hudaýa sežde edilýän Patyşalyk zallary guruldy. Ortaça alanyňda, soňky 15 ýylyň içinde her gün 5 sany Patyşalyk zallary gurulýar.
10 Guramamyz Patyşalyk zallaryny dünýäniň ähli künjeginde gurýar. Biz Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip, imandaşlarymyzyň «ýetmezini dolduryp», söýgi bilen goldaýarys (2 Korintoslylar 8:13—15-nji aýatlary okaň). Nädip? Ykdysady ýagdaýy pese düşen ýurtlarda-da, dogan-uýalaryň Hudaýa sežde etmekleri üçin Patyşalyk zallary guruldy.
11. Dogan-uýalar täze Patyşalyk zallary barada näme diýýärler we bu size nähili täsir edýär?
11 Kosta-Rikadaky dogan-uýalar şeýle gürrüň berýärler: «Owadan Patyşalyk zaly sekiz günüň dowamynda guruldy. Biz öz gözümize ynanman, muňa düýşmikä öýtdük! Patyşalyk zaly Ýehowanyň ak patasy, guramanyň goldawy we dogan-uýalaryň kömegi bilen şeýle tiz guruldy. Biz oňa Ýehowanyň gymmatly sowgady hökmünde garap, özümizi bagtly duýýarys». Bütin dünýädäki dogan-uýalar Patyşalyk zallaryna begenip, Ýehowa minnetdarlyk bildirýärler. Bu biziň şatlygymyza şatlyk goşýar. Akýürekli adamlar Hudaý baradaky hakykaty bilmek üçin Patyşalyk zallaryna gelýär. Elbetde, bu Ýehowanyň berekedi (Zeb. 127:1).
12. Biz gurluşyk işini nädip goldap bileris?
12 Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işlerine gatnaşýandygyna guwanýarlar. Biz gurluşyk işlerine gatnaşmasak-da, ony goldamak üçin pul kömegini berip bileris. Şeýdip, biz Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan gullukçylarynyň göreldesine eýerip, Ýehowany şöhratlandyrarys (PATYŞALYK ZALYNY ARASSA SAKLAŇ
13, 14. Mukaddes Ýazgylarda Patyşalyk zalynyň arassa bolmalydygy barada näme aýdylýar?
13 Biz Patyşalyk zallaryny arassa saklamak bilen mukaddes we tertip-düzgünli Hudaýdan görelde alýarys (1 Korintoslylar 14:33, 40-njy aýatlary okaň). Hudaýyň Sözünde mukaddesligiň we ruhy taýdan tämizligiň beden arassaçylygy bilen baglydygy aýdylýar. Şol sebäpli biz beden taýdan arassa bolmaga jan etmeli (Ylh. 19:8).
14 Biz Mukaddes Ýazgylaryň bu kada-kanunlaryna eýersek, ýygnak duşuşygyna gelýän adamlar Patyşalyk zalynyň hemişe arassadygyny görerler. Şonda olar wagyz edýän hoş habarymyza görä ýaşaýandygymyza göz ýetirip, Ýehowa Hudaýyň mukaddesdigini we tizden ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwürjekdigini bilerler (Iş. 6:1—3; Ylh. 11:18)
15, 16. a) Patyşalyk zalyny arassa saklamak näme sebäpden kyn bolýar, emma biz näme etmeli? b) Patyşalyk zaly nädip arassalanýar we biz nämäni hormat saýýarys?
15 Adamlar arassaçylyga dürli-Kan. tag. 23:14).
dürli garaýarlar. Bu olaryň alan terbiýesine bagly bolýar. Käbir adamlar tozanly, batgalyk ýa-da erbet ýolly ýerlerde ýaşaýarlar. Hatda käbir ýerlerde arassalamak üçin suw we serişde ýetmezçilik edýär. Emma biz şeýle ýagdaýa garamazdan, Patyşalyk zalyny arassa saklamaly. Sebäbi biz ol ýerde Ýehowa sežde edýäris (16 Patyşalyk zalynyň hemişe arassa bolmagy üçin ýygnak ýaşululary arassaçylyk işlerini geçirmegiň, serişdeleriň we esbaplaryň bolmagynyň aladasyny edýärler; belli bir gün tertibini düzýärler. Olar her duşuşykdan soň arassaçylyk işleriniň geçirilmegine gözegçilik edýärler. Zaldaky käbir zatlary her gün süpürmek gerek bolmaýar, ýöne olary wagtly-wagtynda arassalap durmaly. Biz Patyşalyk zallarynda eginme-egin işleşmegi hormat saýýarys!
ABATLAÝYŞ IŞLERINI GEÇIRIŇ
17, 18. a) Mukaddes Ýazgylardaky haýsy wakalar Hudaýa sežde edilýän ýerde abatlaýyş işleriniň geçirilendigini görkezýär? b) Patyşalyk zalynda näme üçin abatlaýyş işleri geçirilmeli?
17 Gadymy döwürdäki ýaly, şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary sežde edilýän ýerlerde abatlaýyş işlerini geçirýärler. Meselem, Ýahudanyň patyşasy Ýowaş adamlaryň gurbanlyk hökmünde getiren pullaryny ybadathananyň bejeriş işlerine sarp etmelidigini ruhanylara tabşyrdy (2 Pat. 12:4, 5). Mundan 200 ýyl geçenden soň, Ýoşyýa patyşa hem ybadathanada abatlaýyş işleriniň geçirilmeginiň aladasyny etdi (2 Ýyl ýazgylary 34:9—11-nji aýatlary okaň) *.
18 Filial komitetiniň agzalarynyň aýtmagyna görä, käbir ýurtlarda adamlaryň tejribesiniň azdygy ýa-da pul ýetmezçilik edýändigi sebäpli, iş ýerleriniň ýa-da tehniki enjamlaryň aladasyny etmeýärler. Eger Patyşalyk zalynda wagtly-wagtynda abatlaýyş işleri geçirilmese, jaý köneler we ol adamlar üçin gowy güwälik bolmaz. Emma zalyň aladasy edilse, Ýehowany şöhratlandyrarys we dogan-uýalaryň berýän pul sadakasynyň biderek ýere harçlanmandygyny görkezeris.
19. Ýehowa sežde edilýän ýeri nädip gymmat saýyp bileris?
19 Patyşalyk zaly Ýehowa bagyş edilýär. Şol sebäpli ol belli bir adama ýa-da ýygnaga degişli däldir. Şu makaladan bilşimiz ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary sežde edýän ýerimize dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Biz Patyşalyk zallaryny we ýygnak duşuşyklaryny gymmat saýyp, Ýehowa hormat goýýarys. Patyşalyk zallaryny gurmak üçin pul sadakalaryny berýäris, ony arassa we abat saklamak üçin jan edýäris. Geliň, Isa ýaly Ýehowa sežde edilýän ýeri gymmat saýalyň! (Ýahýa 2:17).
^ abzas 2 Bu makalada Patyşalyk zallary barada aýdylsa-da, ondaky maslahatlar kongres geçirilýän we Hudaýa sežde edilýän başga ýerlere-de degişlidir.
^ abzas 17 2 Ýyl ýazgylary 34:9 Olar baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna gelip, Hudaýyň öýüne getirilen kümüşleri oňa berdiler. Derwezewan lewiler bu kümüşleri manaşe we efraýym halklaryndan, galan ähli ysraýyl halkyndan, bütin Ýahudadan we Benýaminden, Iýerusalim ilatyndan ýygnapdy. 10 Olar kümşi Rebbiň öýüni dikeltmek işine bellenen gözegçileriň we Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berdiler. 11 Olar kümşi ýonulan daşlar, agaçlar we Ýahuda patyşalarynyň haraba eden jaýlary üçin pürsler satyn almak üçin agaç we daş ussalaryna berdiler.