Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Gadymy Ýeriho şäheriniň uzak wagt gabalman basylyp alnandygyny näme subut edýär?

Ýedinji gün bolsa, olar şäheriň daşyndan ýedi gezek aýlandylar we Hudaý Ýerihonyň beýik diwarlaryny ýykdy. Bu ysraýyllylara Ýeriho şäherine girip, ony basyp almaga mümkinçilik berdi. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ýerihonyň gysga wagtda basylyp alnandygyny tassyklaýan arheologik tapyndylar barmy?

Gadymy döwürde duşmanlar köplenç berk şäheri gabaýardylar. Bu gabawyň näçe wagt dowam edýändigine garamazdan, olar şäheri basyp alansoň, onuň ähli baýlygyny, şol sanda azyk harytlaryny hem talaýardylar. Emma arheologlar Ýerihonyň harabaçylygyndan ätiýaçlyk üçin goýlan azyk önümlerini tapdylar. Bu babatda «Mukaddes Ýazgylara arheologik syn» atly žurnalda şeýle diýilýär: «Küýze gaplaryny hasaba almanymyzda, harabaçylykdan tapylan önümleriň köpüsi galla önümleridi... Palestinanyň arheologik ýyl ýazgylarynda bu örän täsin hasaplanýar. Sebäbi bir ýa-da iki gap gallany tapyp bolsa-da, onuň şeýle köp möçberde tapylmagyna gaty seýrek duş gelinýär».

Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, ysraýyllylaryň Ýerihonyň gallasyny talamazlygynyň degerli sebäbi bardy. Ýehowa olara bu babatda tabşyryk beripdi (Ýeş. 6:17, 18). Ysraýyllylar şähere ýaz aýlary, ýagny hasyl döwründen soň, gallanyň bol wagty hüjüm edipdiler (Ýeş. 3:15—17; 5:10). Şol sebäpli Ýerihoda şeýle köp gallanyň galmagy Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, ysraýyllylaryň bu şäheri uzak wagt gabamandygyny görkezýär.