Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa arkamda dur

Ýehowa arkamda dur

Ýükläň:

  1. 1. Säher bilen Ýehowa dileg etdim,

    Gorkmaz ýaly imanymy berkitdim.

    Wagyz etme, dil ýarma diýseler-de,

    Hak Hudaýyma bil baglaryn.

    GAÝTALAMA:

    Hudaý ýüregime giňlik berýär, rahatlyk berýär.

    Ýehowa arkamdaka kimden gorkaýyn?!

    Ýehowa arkamdaka kimden gorkaýyn?!

  2. 2. Şol gün işdeşim ýüregini dökdi,

    Onuň gaýgy-aladasy köpdi.

    Wagyz eder ýaly mertlik diledim,

    Dertli ýüregine giňlik bersedim.

    GAÝTALAMA:

    Hudaý ýüregime giňlik berýär, rahatlyk berýär.

    Ýehowa arkamdaka kimden gorkaýyn?!

    Ýehowa arkamdaka kimden gorkaýyn?!

    KÖPRI:

    Sözüň ýüregimde ot deý ýanýar,

    Ony içimde saklamaryn.

    Adamlar dymdyrjak bolsa-da,

    Ýehowanyň habaryny aýdaryn.

    Dogan-uýalar her gün göreşýär,

    Her bir synagda ýan bermeýär.

    Menem Ýehowa iman ederin,

    Täze dünýäsine ýeterin.

  3. 3. Her gün Ýehowa şükür edýärin,

    Yzarlansam-da rahat ýatýaryn.

    Ertirki gün gaýgy etdirse-de,

    Hudaý kömek eder, ynanýaryn.

    GAÝTALAMA:

    Hudaý ýüregime giňlik berýär, rahatlyk berýär.

    Ýehowa arkamdaka kimden gorkaýyn?!

    Ýehowa arkamda durka gorky basmaz.