Ýehowanyň maşgalasy
Ýükläň:
1. Şu günler hakyky dostlary,
Ynamdar, mähriban dostlary tapmak kyn.
Hemişe gözlärdim wepaly dostlary,
Bolsady maňa dogandan hem ýakyn.
2. Ahyry tapdym hak dostlary,
Ynamdar, mähirli, sada dogan-uýalary.
Ýehowa duşurdy eziz halkyna,
Menem goşuldym agzybir maşgalasyna.
KÖPRI:
Indi doganym sanardan köp, ejem, kakam bar,
Çagalar hem garrylar, oglan-gyzlar bar.
Uly-kiçi, garry-ýaş, her dürli milletden,
Biz Ýehowanyň agzybir maşgalasy.
3. Hudaýyň halky päk, arassa,
Agzybir ýaşaýarlar, ýürekden söýýärler.
Şeýle dostlar başga ýerde tapdyrmaz,
Biz Ýehowanyň agzybir maşgalasy.
KÖPRI:
Uly-kiçi, garry-ýaş, her dürli milletden,
Biz Ýehowanyň agzybir maşgalasy.
4. Biz Ýehowanyň diňe bir dosty däl,
Her birimizi söýýär, ogly-gyzy saýýar.
Ol hökman ebedi ýaşaýyş berer,
Biz Ýehowanyň agzybir maşgalasy.
Jebis, agzybir maşgalasy,
Agzybir
Maşgalasy.