Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Agzala dünýäde oňşup ýaşalyň

Agzala dünýäde oňşup ýaşalyň

Ýükläň:

  1. 1. Häzir adamlaň aladasy köp, hiç zada üns bermeýär,

    Ýolda-yzda kynçylyk bolýar, derrew gaharlanýar.

    Içiňden Ýehowa dileg et, gahara ýol berme,

    Ýagdaýa düşün, mähirli gepleş, kömegiňi gaýgyrma.

    (GAÝTALAMA)

    Adamlar hasam gaharjaň boldy, bir-biregi söýýän az,

    Häzir oňşup ýaşasak, agzybir bolsak, täze dünýäde kyn bolmaz.

  2. 2. Işe baraňda hemme zat gowy, birdenem ot tutaşýar,

    Işdäkiler oňuşmaýar, ýagdaý hasam kynlaşýar.

    Seresaplygy saklaýan adam howpdan uzak durýar,

    Haýsy günäkär, haýsy erbet diýmän, ýagdaýyna düşünýär.

    (GAÝTALAMA)

    Adamlar hasam gaharjaň boldy, bir-biregi söýýän az,

    Häzir oňşup ýaşasak, agzybir bolsak, täze dünýäde kyn bolmaz.

    (KÖPRI)

    Ýamanlar has köpelýär,

    Ýagşylyk edýän kösenýär.

    Ýöne Ýehowa seni gorar,

    Parahatlygy güýç berer.

  3. 3. Käbir adamlaň gahary gelip goh-galmagal turuzýar,

    Awuny gözleýän aç ýolbars ýaly haýbatly topulýar.

    Hudaý diýýär: «Dawadan uzak dur, ýaman gepi diňleme,

    Ýanyp duran oda odun atma, gepe gulak gabartma».