Imanymy berkidýärin
Ýükläň:
1. Käte men dogry ýoldan barýanyma şübhelenýän,
Soraglarym sanardan köp, ýöne şu dünýä
Jogap berenok.
Şübhe döredýän pikirler gaplap alanda,
Ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöreýänim
Hakda oýlanýan.
(GAÝTALAMA)
Imanymy berkidýärin,
Şübheleri aýyrýaryn.
Çuňňur gözleg geçirýärin,
Ýehowa maňa gerek zadymy berýär,
Imanymy
Berkitmäge
Kömek edýär.
2. Aldawçy Şeýtan adamlaryň aňyny bulaşdyrýar,
Ýamany ýagşy edip, ýagşa ýaman diýip,
Ýoldan sowjak bolýar.
Ýalan gep-gürrüňe aldanma, ýüzüňi sow,
Ýehowa dogry ýol görkezýär,
Diňe oňa ynan.
(GAÝTALAMA)
Imanymy berkidýärin,
Şübheleri aýyrýaryn.
Çuňňur gözleg geçirýärin,
Ýehowa maňa gerek zadymy berýär,
Imanymy
Berkitmäge
Kömek edýär.
(KÖPRI)
Ýehowa dilegime jogap berýär,
Meni alada goýýan zady bilýär.
Her günki aýat arkaly ruhlandyrýar,
Jogap berýär.
(GAÝTALAMA)
Imanymy berkidýärin,
Şübheleri aýyrýaryn.
Çuňňur gözleg geçirýärin,
Ýehowa elmydam maňa gerek zady berýär,
Imanymy
Berkitmäge
Kömek edýär.
Imanymy
Berkitmäge
Kömek edýär.