Agzybir maşgala
Ýükläň:
1. Synlap geldik sagy-soly,
Söküp ençe alys ýoly.
Bolsak-da daşda,
Öýden uzakda,
Kömek edýär Ýehowa.
Görüp şeýle ajaýyp işleri,
Begenýändir Ýehowa.
Her bir dogan-uýany söýýäris jandan,
Görünýär ol şundan:
GAÝTALAMA:
Biz Ýehowanyň halky,
Agzybir, jebis maşgala.
Tanyş bolmasak-da öňden,
Söýýäris
Birek-biregi.
2. Nirä barsak-da uçarly,
Garşy alýarlar mähirli.
Güler ýüz bilen, aýdym-saz bilen
Başlaýarys şol güne.
Gudratly goly bilen Ýehowa
Başarýar ähli zady.
Geliň, söýüp, alkyşlap, tanadalyň ony
Bütin ýer ýüzüne.
GAÝTALAMA:
Biz Ýehowanyň halky,
Agzybir, jebis maşgala.
Tanyş bolmasak-da öňden,
Söýýäris
Birek-biregi.
3. Aşyp ägirt giň ummany,
Gelip düşsek-de ýat ile.
Adamlary örän güler ýüzli,
Baý eken süýji dile.
Dogan-uýalar söýgüsi bilen
Gurşaýar daşymyzy.
Ýaşasak-da daşda, söýgi bar gursakda,
Şatlanýarys bile.
KÖPRI:
Biz bagtyýar,
Hatda daş ýurtda-da maşgalamyz bar:
Goňşy ýurtda — Gazakda,
Ýewropada, Arapda.
GAÝTALAMA:
Biz Ýehowanyň halky,
Agzybir, jebis maşgala.
Tanyş bolmasak-da öňden,
Söýýäris
Birek-biregi.
Her milletden bolsak-da,
Agzybir, jebis maşgala.
Söýýäris birek-biregi,
Çünki biz Ýehowanyň halky.
Fiji, Gaýiti, Hindistan, Türkiýe,
Nawaho, Kanada, Latwiýa,
Azerbaýjan, Özbegistan, Gürjüstan.
Söýýäris, biz bir maşgala.