Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Bagyşlaýyn

Bagyşlaýyn

Ýükläň:

  1. 1. Öýke-kine ruhdan düşürýär,

    Agyr daş kimin ýüregimde,

    Harasat gopýar içimde.

    Bagyşlasym gelýär bar zady,

    Ýöne aňsat däl, ýürek ýaraly,

    Pikirler goýanok günüme.

    GAÝTALAMADAN ÖŇ:

    Öýke-kinämi ýeňjek bolaryn,

    Ýehowa ýürek derdimi dökerin.

    Ýagdaýyma düşüner.

    GAÝTALAMA:

    Men islesem⁠-⁠de,

    Bagyşlamaga güýjüm ýok.

    Haýyş, Ýehowa kömek et,

    Indi bagyşlaýyn.

    Ýatdan çykaraýyn,

    Sogrup taşlaýyn öýke-kinäni.

    Haýyş, Ýehowa kömek et,

    Indi bagyşlaýyn.

    Bagyşlaýyn.

  2. 2. Jan etsem⁠-⁠de, käte kyn bolýar,

    Oýlanyp başlan badyma,

    Bolan zatlar düşýär ýadyma.

    Çyn ýürekden bagyşlamak kyn,

    Yza bakman, könäni unutsam,

    Agyr ýükümden dynardym.

    GAÝTALAMADAN ÖŇ:

    Öýke-kinämi ýeňjek bolaryn,

    Ýehowa ýürek derdimi dökerin.

    Ýagdaýyma düşüner.

    GAÝTALAMA:

    Men islesem⁠-⁠de,

    Bagyşlamaga güýjüm ýok.

    Haýyş, Ýehowa kömek et,

    Indi bagyşlaýyn.

    Ýatdan çykaraýyn,

    Sogrup taşlaýyn öýke-kinäni.

    Haýyş, Ýehowa kömek et,

    Indi bagyşlaýyn.

    Bagyşlaýyn.

    Bagyşlaýyn.

    Bagyşlaýyn.

    Bagyşlaýyn.