Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hiç wagt ýeke däl

Hiç wagt ýeke däl

Ýükläň:

  1. 1. Galdym men hossarsyz,

    Mätäç howandara.

    Synyk göwnüm alaçsyz,

    Ýüregim hem para-para.

    Kim diňläp nalamy,

    Göterer göwnümi?

    Kim eder aladamy?

    Kim göterişer ýükümi?

    GAÝTALAMA:

    Ýeke däl men,

    Öňde-soňda.

    Daýanjym bar

    Ýalňyz günde.

    Ýehowa bar,

    Meni görýär.

    Eşidýär ol

    Dilegimi.

    Nähili bolsa-da,

    Galmaryn ýeke.

  2. 2. Geçmeli bolsam-da,

    Durmuşda köp zatdan.

    Kim meni terk etse-de,

    Çykarmarsyň hiç wagt ýatdan.

    Sen dertdeşim Hudaý,

    Hemişe ýanymda.

    Sensiň umydygärim,

    Muny saklaryn aňymda.

    GAÝTALAMA:

    Ýeke däl men,

    Öňde-soňda.

    Daýanjym bar

    Ýalňyz günde.

    Ýehowa bar,

    Meni görýär.

    Eşidýär ol

    Dilegimi.

    Nähili bolsa-da,

    Galmaryn ýeke.

    Öňde-soňda.

    Daýanjym bar

    Ýalňyz günde.

    Ýehowa bar;

    Meni görýär.

    Eşidýär ol

    Dilegimi.

    Nähili bolsa-da,

    Galmaryn ýeke.