Hudaýa minnetdarlyk
Ýükläň:
1. Depe-düzleriň üsti mahmal ýaly,
Janyňa şypa berýär salkyn şemaly.
Gün şöhlesi nur saçýar jahana,
Guşlar görk berýär al-asmana.
GAÝTALAMADAN ÖŇ:
Gözellikler
Galdyrýar haýran.
Bu ýagşylygy
Nädip gaýtarsamkam?
GAÝTALAMA:
Aýdalyň köp sag bol
Ýehowa Hudaýa.
Oň söýgüsi
Şypa berýär jana.
Dur, pikirlen,
Gör, nähili owadan janly tebigat,
Söýgini görkezýär her bir zat.
Aýdalyň köp sag bol.
Aýdalyň köp sag bol.
2. Dürli reňkleri görýärin asmanda,
Oňa galýaryn haýran her gezek synlamda.
Aýdyň gijeler ýyldyzlar şöhle saçýar,
Derýalar hem joşup aýdym aýdýar.
GAÝTALAMADAN ÖŇ:
Gözellikler
Galdyrýar haýran.
Çäksiz ýagşylygy
Nädip gaýtarsamkam?
GAÝTALAMA:
Aýdalyň köp sag bol
Ýehowa Hudaýa.
Oň söýgüsi
Şypa berýär jana.
Dur, pikirlen,
Gör, nähili owadan janly tebigat,
Söýgini görkezýär her bir zat.
Aýdalyň köp sag bol.
KÖPRI:
Görýän her zatda söýgiňi,
Paýhasyňy, güýjüňi.
Söýýärsiň bizi,
Aýdalyň sag bol.
Aýdalyň köp sag bol.
GAÝTALAMA:
Aýdalyň köp sag bol
Ýehowa Hudaýa.
Oň söýgüsi
Şypa berýär jana.
Dur, pikirlen,
Gör nähili owadan janly tebigat,
Söýgini görkezýär her bir zat.
Aýdalyň köp sag bol.
Aýdalyň köp sag bol.
Aýdalyň köp sag bol.