Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Seniň işleriň täsin

Seniň işleriň täsin

Ýükläň:

  1. 1. Patşalygyň edýän işleri deňsiz-taýsyz,

    Öz sözüň arkaly açýan zatlaryň ummasyz.

    Wepaly hyzmatkär mydam ýagtyldýar ýolumy,

    Mähirli çopany ýollap göterýär golumy.

    Kongresler ruhlandyrýar hem berýär teselli,

    Hemişe soňundan aýdýan: «Nähili täsirli!»

    Her hepde ýygnaga baryp duýýaryn söýgiňi,

    Wagyz etmegi öwrenip göterýän göwnüňi.

    GAÝTALAMA:

    Gör, nähili täsin,

    Patşalygyň işleri geň.

    Biz minnetdar Saňa,

    Seni has tanap imanda berkeýäris diýseň.

    Görýäris Patşalygyň berer bereket tizden.

  2. 2. Işçileriň edip ynandyň uly hormat,

    Seni söýüp bar güýjümiz bilen edýäs hyzmat.

    Sözüňe çuň düşünýäs ýüregimiz parahat,

    Hakykaty bilip hasam ýaşaýarys rahat.

    Täsirli aýdymlar jaý bolup dur göwnüme,

    Hem maşgala okuwy güýç goşýar has güýjüme.

    Dürli dilde gepläp, ýok aramyzda bölünşik,

    Doganlyk söýgüsi güýçli bar zatdan üýtgeşik.

    GAÝTALAMA:

    Gör, nähili täsin,

    Patşalygyň işleri geň.

    Biz minnetdar Saňa,

    Seni has tanap imanda berkeýäris diýseň.

    Görýäris Patşalygyň berer bereket tizden.