OÝA BOLUŇ!
2022 ýyl — galagoplyk ýyly. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
2022-nji ýylda gözümiziň göreni, gulagymyzyň eşideni uruşlar, ykdysady kynçylyklar we tebigy betbagtçylyklar hakdaky habarlar boldy. Şu wakalaryň esasy sebäbini diňe Mukaddes Kitapdan bilse bolýar.
2022-nji ýylda bolan wakalaryň esasy sebäbi
Şu ýyl bolan wakalar Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy subut edýär (2 Timoteos 3:1). Soňky günler 1914-nji ýylda başlady. Geliň, bolan wakalar arkaly Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetişini göreliň.
«Uruşlar» (Matta 24:6).
«2022 ýyl Ýewropa üçin elhenç uruş ýyly boldy» a.
«Russiýa Ukraina hüjüm edýär» diýen makalany okaň.
«Açlyk» (Matta 24:7).
«2022 ýyl — açlyk ýyly» b.
«Ukrainadaky uruş bütin dünýä açlyk getirdi» diýen makalany okaň.
«Gyrgynçylyk» (Luka 21:11).
«Poliomiýelit, maýmyn mama we COVID-19 keselleriň ýaýramagy ýokanç keselleriň ölüm howpludygyny we adamzadyň şol keselleriň öňüni alyp bilmeýändigini subut etdi c.
«6 million adamyň ölümi» diýen makalany okaň.
«Gorkunç zatlar» (Luka 21:11).
«Howanyň aşa gyzmagy, gurakçylyk, tokaý ýangynlary we suw joşgunlary. 2022-nji ýylyň tomus aýlarynda köp adamlaryň ýadyndan çykmajak wakalar boldy. Howanyň üýtgemegi sebäpli käbir ýerler ýykan-ýumran boldy, millionlarça adamlar öýsüz galdy we müňlerçe adam aradan çykdy» d.
«Bütin dünýäde howanyň aşa gyzmagy» diýen makalany okaň.
«Gozgalaňlar» (Luka 21:9).
«Ykdysady kynçylyklar we bahalaryň gün-günden galmagy sebäpli adamlaryň hökümete garşy turuzýan gozgalaňlary öňki ýyllara garanyňda hasam artdy» e.
«Dünýä bazarlarynda gymmatçylyk» diýen makalany okaň.
Indiki ýyl bize näme garaşýar?
2023-nji ýylda nämeleriň boljakdygyny hiç kim aýdyp bilmeýär. Ýöne biz bir zady anyk bilýäris, Hudaýyň Patyşalygy tizden ýer ýüzünde uly özgerişleri eder (Danyýar 2:44). Şol Patyşalyk adamzadyň ähli kynçylyklaryny aradan aýryp, ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrar (Matta 6:9, 10).
Geliň, Isa pygamberiň aýdyşy ýaly «oýa bolalyň» we Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetişine ünsli bolalyň (Markus 13:37). Mukaddes Kitapdaky sözleriň size we maşgalaňyza nädip kömek edýändigini hem-de gelejege nähili umyt berýändigini bilesiňiz gelse, biziň bilen habarlaşyň.
a «2022 ýyl Ýewropa üçin elhenç uruş ýyly boldy» (Jill Lowlles, «AP Habarlary», 8-nji dekabr, 2022).
b «Ýer ýüzündäki açlyk» («Bütindünýä azyk maksatnamasy»).
c «Keselçilik eýýamy — COVID-19, maýmyn mama, poliomiýelit, beýleki keseller. (Lowrens O. Gostin, JD, «JAMA Saglyk gurultaýy», 22-nji sentýabr, 2022).
d «2022-nji ýylyň tomus aýlarynda bolan tebigy hadysalaryň sebäbi» (Martina Igini, «Ýer» guramasy, 24-nji oktýabr, 2022).
e «2022-nji ýylyň ykdysady kynçylyklary gozgalaňlary oýarýar» (Tomas Karozers we Benjamin Feldman, «Halkara parahatçylyk ugrunda Karnegi gaznasy», 8-nji dekabr, 2022).