Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Surasak Suwanmake/Moment via Getty Images

OÝA BOLUŇ!

2023-nji ýylyň tomsunda howanyň aşa gyzmagy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

2023-nji ýylyň tomsunda howanyň aşa gyzmagy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

 Bütin dünýäde howanyň gyzgynlygy ýokary derejä ýetdi. Şonuň netijesinde döreýän betbagtçylyklardan adamlar ejir çekýär. Aşakdaky maglumatlara üns beriň:

  •    «Soňky 174 ýylyň içinde hasaba alnan howa maglumatyna görä, şu ýylyň iýun aýy iň yssy aý boldy» (ABŞ-nyň söwda ministrliginiň «Ummanlary we atmosferany öwrenmek boýunça milli bölümi», 13-nji iýul, 2023).

  •    «Italiýa, Ispaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Polşa ýurtlarynda howanyň aşa gyzýandygy bellenildi. Sisiliýa we Sardiniýa adalarynda howanyň gyzgynlygy 48°C, ýagny Ýewropada bellige alnan iň ýokary derejä ýetdi» (Ýewropanyň kosmos agentligi, 13-nji iýul, 2023).

  •    «Ýer şarynyň gitdigiçe gyzýandygy sebäpli bütin dünýäde ýygy-ýygydan köp ýagşyň ýagmagyna we netijede, has köp ýeri suw almagyna garaşylýar» (Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň ýolbaşçysy Stefan Ulenbruk, 17-nji iýul, 2023).

 Howanyň aşa gyzmagy baradaky maglumatlar sizi hem alada goýýarmy? Bu hakda Mukaddes Kitapda näme diýilýändigini biliň.

Mukaddes Kitapda howanyň gyzmagy pygamberlik edildimi?

 Hawa. Bütin dünýäde howanyň gyzmagy we howa şertleriniň üýtgemegi Mukaddes Kitapda biziň günlerimiz hakda aýdylýan wakalara gabat gelýär. Meselem, Isa pygamber biziň «gorkunç zatlary» görjekdigimizi pygamberlik etdi (Luka 21:11). Köp adamlar howanyň aşa gyzýandygy üçin tizden ýer ýüzünde ýaşaýyş bolmaz diýip gorkýarlar.

Gelejekde ýer ýüzünde ýaşaýyş bolarmy?

 Hawa. Allatagala ýer şaryny biziň ýaşamagymyz üçin ýaratdy. Şonuň üçin Hudaý adamlaryň ony ýok etmegine ýol bermez (Zebur 115:16; Nesihat 1:4). Ol «ýer ýüzüni dargadýanlary... ýok eder» (Ylham 11:18).

 Mukaddes Kitapda Hudaýyň ýer planetamyzy tebigy betbagtçylykdan goramaga güýjüniň ýetýändigi aýdylýar we ol muny hökman eder.

  •    «Hudaý tolkunlary köşeşdirýär, tüweleýi ýatyrýar» (Zebur 107:29). Allanyň tebigy hadysalaryň üstünden doly ygtyýary bar. Gelejekde ol daşky gurşaw bilen bagly ähli kynçylyklary aýrar. Şonda hiç bir adam tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çekmez.

  •    «(Hudaý) tutuş ýer ýüzüniň aladasyny edýär. Adamlaryň rysgalyny ýetirip durýar» (Zebur 65:9). Allatagala adamlary ýalkap, ýer ýüzüni Jennet eder.

 Mukaddes Kitapdan Hudaýyň ýer ýüzüni Jennet etmek baradaky wadalary hakda köpräk bilmek üçin «Adamlar ýer ýüzüni dargatmaz» diýen makalany okaň.