OÝA BOLUŇ!
Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Täzeliklerde başga milletli adamlaryň kemsidilýändigi, tire-taýpa dawalary we olaryň arasyndaky uruşlar barada köp aýdylýar.
«Ysraýyl bilen Gazanyň arasynda turan uruş we milletparaz adamlaryň täsiri netijesinde sosial ulgamlarynda kemsidiji hem adamlaryň ýüreginde ýigrenç döredýän sözler görlüp eşidilmedik derejä ýetdi» («The New York Times» gazeti, 15-nji noýabr, 2023).
«7-nji oktýabrdan bäri milletparazlyk sebäpli zorluk-sütem, kemsidiji sözler has köp aýdylyp başlandy» (Dennis Fransis, BMG-niň baş assambleýasynyň prezidenti, 3-nji noýabr, 2023).
Taryhyň dowamynda adamlar biri-birini ýigrenip, zorluk-sütem edýärdi, uruşlar bolýardy. Mukaddes Kitapda gadymy döwürde hem «ajy sözlerini peýkam kimin çeneýän» we uruşmak üçin bahana araýan zalym adamlaryň bolandygy aýdylýar (Zebur 64:3; 120:7; 140:1). Emma Mukaddes Kitapda şu günler adamlaryň biri-birini ýigrenmeginiň başga bir sebäbiniň bardygy aýdylýar.
Ýigrenç — soňky günleriň alamaty
Mukaddes Kitapda adamlaryň biri-birini ýigrenmeginiň iki sebäbi düşündirilýär.
1. Pygamberlik edilişi ýaly biziň günlerimizde «köp adamlaryň söýgüsi sowaýar» (Matta 24:12). Adamlar ýagşylyk etmegiň deregine, biri-birini ýigrenip ýamanlyk edýär (2 Timoteos 3:1—5).
2. Mukaddes Kitapda: «Bütin dünýä... Şeýtanyň golastynda» diýilýär (1 Ýahýa 5:19; Ylham 12:9, 12). Zalym, doňýürek Şeýtan Iblis täsir edýändigi üçin adamlar biri-birini ýigrenýär.
Mukaddes Kitapda Allatagalanyň zorluk-sütemi, ýigrenji doly ýok etjekdigi aýdylýar. Hudaý ýigrenç sebäpli adamlaryň ýüregine salnan ähli ýaralary bitirer. Mukaddes Kitapda şeýle wada berilýär:
«Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi» (Ylham 21:4).