Gelin-gyzlaryň howpsuzlygy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Bütin dünýäde millionlarça gelin-gyzlara zorluk-sütem edilýär. Size-de sütem edilýärmi? Eger şeýle bolsa Allatagalanyň gelin-gyzlaryň howpsuz ýaşamagyny isleýändigini we olara garşy edilýän zorluk-sütemiň soňuna çykjakdygyny bilseňiz ýüregiňiz giňär.
«Çagakam oglan doganym meni her gün kemsidýärdi, urýardy. Durmuşa çykanymda bolsa gaýynenem hem maňa azar ýamanyny berýärdi. Gaýynatam ikisi meni edil hyzmatkär ýaly görýärdiler. Käte özümi öldürip, şu zatlardan dynaýyn diýýärdim» (Mathu, a Hindistan).
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň aýtmagyna görä, bütin dünýäde gelin-gyzlara garşy edilýän zorluk-sütem gitdigiçe köpelýär, olaryň üçden biri urulýar ýa-da zorlanýar.
Eger siz bilen hem şeýle ýagdaý bolan bolsa kemsitmelerden, urgulardan ýa-da zorlanmakdan gaçyp gutulyp bolmaýar diýip pikir edýänsiňiz. Köplenç şeýle ýagdaý gelin-gyzlar bilen bolany üçin, aýal maşgala hiç zatça-da görülmeýär diýýänsiň. Ýöne siz Allatagala üçin örän gymmatly.
Gelin-gyzlara Hudaý nähili garaýar?
Aýat: «Hudaý olary erkek hem aýal edip ýaratdy» (1 Musa 1:27).
Manysy: Erkegi hem, aýaly hem Hudaý ýaratdy. Şonuň üçin olaryň ikisem hormata mynasyp. Şeýle-de Allatagala ärlere: «Aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň» diýip tabşyrýar. Är aýalynyň her ädimine gözegçilik etjek bolmaly däl. Ol aýalyny hiç haçan kemsidip ýa-da oňa ýowuz daraşmaly däl (Efesliler 5:33; Koloslylar 3:19). Şu tabşyryklardan Hudaýyň gelin-gyzlaryň howpsuz ýaşamagyny isleýändigini bilse bolýar.
«Çaga wagtym käbir garyndaşlarym meni zorlady. 17 ýaşymda bolsa başlygym: „Meniň bilen ýatmasaň işden kowaryn“ diýip azar berýärdi. Orta ýaşlarymda bolsa ýoldaşym, enem-atam hem-de goňşularym meni äsgermeýärdiler. Ýöne Ýaradyjymyz Ýehowany b tananymda onuň gelin-gyzlara hormat goýýandygyny bildim. Şeýle-de Ýehowanyň meni diýseň gowy görýändigine we onuň gözünde gymmatlydygyma göz ýetirdim» (Mariýa, Argentina).
Ýaralaryňy bitirmäge näme kömek eder?
Aýat: «Dostlar bardyr, dogandan hem ýakyndyr» (Nakyllar 18:24).
Manysy: Hak dostlar hemişe kömek edýär. Şonuň üçin senem ynanýan dostuňa ýüregiňi döküp bilersiň.
«Meni zorlandyklaryny 20 ýyllap hiç kime aýdyp bilmedim. Şonuň üçin men haçan görseň gamgyndym, göwnüçökgün adam bolup ýetişdim. Ýöne jorama içimi dökenimde arkamdan agyr ýük aýrylan ýaly boldy» (Elif, Türkiýe).
Aýat: «Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» (1 Petrus 5:7).
Manysy: Doga-dileg edeniňde Hudaý seni ünsli diňleýär (Zebur 55:22; 65:2). Sebäbi ol seniň aladaňy edýär. Seniň gymmatly adamdygyňa düşünmegiňi isleýär.
«Ýehowa maňa ýürek ýaralarymy bitirmäge kömek etdi. Oňa doga-dileg edenimde meni biynjalyk edýän ähli zady gürrüň berýärin. Ol edil ýakyn dostum ýaly duýgularyma düşünýär» (Anna, Beliz).
Hudaý gelin-gyzlara edilýän zorluk-sütemiň soňuna çykarmy?
Aýat: «Ýehowa... ýetimleriň, ezilenleriň hakyny alyp ber. Goý, başy ölümli ynsan olary gorkuzmasyn» (Zebur 10:17, 18).
Manysy: Tizden Allatagala adalaty dikelder. Şonda gelin-gyzlara hiç haçan zorluk-sütem edilmez.
«Ýehowanyň tizden aýal maşgalalara, ýaşajyk gyzjagazlara edilýän zorluk-sütemi köki bilen sogurjakdygyny bilenimde, edil derdine derman tapan adam ýaly boldum. Indi kalbym rahat» (Roberta, Meksika).
Mukaddes Kitapda ýagty gelejege umyt berýän wadalar ýazylan. Şol wadalara ynansa bolarmy? Bu barada köpräk bilmek üçin Ýehowanyň Şaýatlarynyň birine ýüz tutup bilersiňiz. Olar size mugtuna kömek ederler.
a Käbir atlar üýtgedildi.
b Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa — Hudaýyň ady . (Zebur 83:18) «Ýehowa kim?» diýen makalany okaň.