OÝA BOLUŇ!
Harby güýçlere harçlanýan puluň möçberi 2 trillion dollardan geçdi. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
2022-nji ýylda bütin dünýäde harby güýçlere 2 trillion 24 milliard amerikan dollary harçlanyp, iň ýokary derejä ýetdi. Muňa, esasan, Russiýanyň Ukraina çozmagy sebäp boldy. 2023-nji ýylyň aprelinde çykan Stokgolmyň dünýädäki dawalary çözmek hakda barlag geçirýän institutynyň (SIPRI) hasabatyna görä, 2022-nji ýylda:
Ýewropada harby güýçlere harç edilen puluň möçberi «13 göterim ýokarlandy. Her ýyl harby goşuna sarp edilýän puluň möçberi 1991-nji ýyldan bäri şu ýyl iň ýokary derejä ýetdi».
«Russiýa harby güýçlere sarp edýän puluň möçberini 9,2 göterim artdyrdy. Netijede, ol bütin dünýä boýunça harby goşuna iň köp pul harçlaýan döwletleriň arasynda bäşinji orundan üçünji orna geçdi».
Amerikanyň Birleşen Ştatlary harby güýçlere iň köp pul sarp edýän döwlet bolup galýar. «Bütin dünýäde harby güýçlere sarp edilýän puluň 39 göterimini, ýagny üçden bir bölegini ABŞ harçlaýar».
SIPRI-niň hasabatyna gatnaşan professor Nan Tiýen şeýle diýýär: «Soňky ýyllarda bütin dünýäde harby ýaraglara harçlanýan pullaryň artmagy biziň iň howply döwürde ýaşaýandygymyzy görkezýär».
Mukaddes Kitapda dünýä patyşalyklarynyň arasynda bäsdeşligiň boljakdygy pygamberlik edilýär we adamlaryň parahat durmuşa nädip ýetjekdigi aýdylýar.
Harby çaknyşyklar barada öňünden aýdyldy
Mukaddes Kitapda biziň «dünýäniň soňunda» ýaşaýandygymyz aýdylýar (Danyýar 8:19).
Danyýar kitabynda şol döwür biri-birine garşy çykýan dünýä patyşalyklarynyň boljakdygy pygamberlik edilen. Şol patyşalyklar harby güýjüni ulanyp, biri-biri bilen «çaknyşar». Olar garşydaşyndan üstün çykmak üçin «hazynalaryny», ýagny puluny harçlarlar (Danyýar 11:40, 42, 43).
Mukaddes Kitapdaky şu pygamberlik hakda köpräk bilmek üçin «Danyýar 11-nji bapdaky pygamberligiň ýerine ýetişi» diýen wideony görüň.
Parahatlyk nädip dikeldiler?
Mukaddes Kitapda Hudaýyň ýer ýüzünde öz hökümdarlygyny dikeltjekdigi hakda aýdylýar. Allatagala «şol patyşalaryň döwründe... hiç haçan ýok edilmejek bir patyşalygy döreder. Ol patyşalyk başga halkyň eline geçmez. Ol ähli patyşalyklary ýok eder, özi bolsa ebedi durar» (Danyýar 2:44).
Tizden Ýehowa a Hudaý adamlaryň başarmadyk zadyny eder — bütin ýer ýüzünde parahatlygy dikelder. Ol muny nädip eder? Hudaý gökdäki Patyşalygy arkaly ýer ýüzündäki ähli ýaraglary ýok edip, uruşlaryň soňuna çykar (Zebur 46:8, 9).
Hudaýyň Patyşalygynyň başga-da etjek işleri barada köpräk bilmek üçin «Hudaýyň Patyşalygy parahatlygy dikelder» atly makalany okaň.
a Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa Hudaýyň ady (Zebur 83:18).