OÝA BOLUŇ!
Ukrainadaky urşa dinleriň garaýşy. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Hormatlanýan dini ýolbaşçylaryň Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky urşa garaýşy:
2022-nji ýylyň 7-nji martynda çykan bir Internet makalada şeýle diýildi: «Russiýanyň ady belli Prawoslaw buthanasynyň uly ruhanysy Kiril Russiýanyň eden-etdiligine göz ýumýar... Ol Ukraina barada ýalan-ýaşryk maglumatlary ýaýradýar. Russiýanyň prezidenti Putin hem mundan peýdalanyp, Ukraina bilen uruşmagyny dogry hasaplaýar» (EUobserver).
2022-nji ýylyň 8-nji martynda Habarlar bölüminde şeýle diýildi: «Kiril ruhany... Russiýanyň Ukraina çozmagyny iki elläp goldaýar. Ol söweşiň bolmagyna Ukrainanyň özüni günäkärleýär» (AP News).
2022-nji ýylyň 16-njy martynda çykan bir gazetde şeýle habar berildi: «Ukrainanyň Prawoslaw buthanasynyň ýolbaşçysy Epifan I duşenbe güni: „Rus esgerlerini derbi-dagyn ediň, ölümi öz boýnuna, Alla ýaryňyz bolsun!“ diýip, bütin halka ak pata berdi» (Jerusalem Post).
2022-nji ýylyň 24-nji fewralda Ukrainanyň buthanalarynyň we dini guramalarynyň mejlisi (UBDGM) şeýle diýdi: «Biz watanynyň ar-namysyny goramak üçin göreşýänleri ýürekden goldaýarys. Olaryň ýeňiş gazanmagyny, Hudaýyň ak pata bermegini dileýäris» (UBDGM a).
Özüni Isa pygamberiň şägirdi hasaplaýan dini ýolbaşçylaryň uruşlary goldamagy we adamlary uruşmaga höweslendirmegi dogrumy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Dinler we uruşlar
Asyrlarboýy dini ýolbaşçylar parahatlyk ugrunda göreşýän ýaly görünse-de, aslynda, uruşlary goldaýar, adamlary öjükdirýär, hatda esgerlere-de ak pata berýär. Ýehowanyň Şaýatlary bolsa ençeme ýyldan bäri olaryň ikiýüzlüligini paş edip gelýär. Geliň, edebiýatlarymyzdan bu hakda bileliň:
«Haçparazlaryň gandöküşikli ýörişi» atly makalada Rim katolik buthanasynyň Hudaýyň we Isa pygamberiň ady bilen söweşen bolup, köpleriň ganyna galandygy aýdylýar.
Bir makalada dini ýolbaşçylaryň tire-taýpa dawalarynyň, bir milletiň tutuşlaýyn gyrylmagynyň öňüni alyp bilmändigi aýdylýar.
«Dinler günäkärmi?» diýen makalada hristian dininiň katolik, prawoslaw we protestant buthanalarynyň köp uruşlarda iki tarapam nädip goldaýandygy düşündirilýär.
Isanyň şägirtleri uruşlara gatnaşsa bolýarmy?
Isa şeýle diýdi: «Duşmanlaryňyzy söýüň», «ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» (Matta 5:44—47; Matta 22:39).
Oýlanyp görüň: Uruşlary goldap, bir-birini öldürmäge höweslendirýän dine hakyky din diýse bolarmy? Olar Isa pygamberiň «adamlary söýüň» diýen tabşyrygyna gulak asýarmy? Munuň jogabyny «Duşmanyňy nädip söýmeli?» diýen makaladan biliň.
Isa şeýle diýdi: «Gylyç göteren gylyçdan hem öler», «meniň Patyşalygym şu dünýäden däl. Patyşalygym şu dünýäden bolsady, meniň hyzmatkärlerim söweşerdi, ýehudylaryň eline bermezdi» (Matta 26:47—52; Ýahýa 18:36).
Oýlanyp görüň: Şägirtleri Isany goramak üçinem eline ýarag almaly däldi. Diýmek, olar başga sebäbe görä eline ýarag alsa bolýarmy? «Isanyň şägirtleri uruşsa bolýarmy?» diýen makaladan I asyrdaky mesihçileriň Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerendigi hakda köpräk biliň.
Uruşlary goldaýan dinlere näme bolar?
Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň tabşyryklary barada bilibem, oňa gulak asmaýan dinleri Hudaýyň ýazgarýandygy aýdylýar (Matta 7:21—23; Titus 1:16).
Allatagala uruşda wepat bolan adamlaryň ölümine dinleri günäkärleýär. Bu hakda Ylham kitabynda aýdylýar (Ylham 18:21, 24). Köpräk bilmek üçin, «Beýik Wawilon näme?» diýen makalany okaň.
Tizden Hudaý gulak asmaýan we erbet işleri edýän dinleriň ählisini ýok eder. Isa pygamber şol dinleri çüýrük agaç bilen deňeşdirip şeýle diýdi: «Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanýandyr» (Matta 7:15—20). Ýalan dinleriň nädip ýok ediljekdigini «Ýalan dinleriň soňy» atly makaladan okaň.
Suratlar, çepden saga: Photo by Sefa Karacan/Anadolu Agency/Getty Images; Maxym Marusenko/NurPhoto via Getty Images
a UBDGM-niň düzümine 15 sany buthana we dini guramalar degişli. Olaryň arasynda prawoslaw, grek, rim, katolik, protestant buthanalary we ýewangelistler, ýewreý hem-de musulman dininiň käbir şahalary bar.