«MESIHÇILERIŇ DURMUŞY WE WAGZY» OKUW DEPDERI Ýanwar 2017
Wagyz üçin teklip
«Hoş habara» esaslanan teklip we soňky günleriň alamaty barada hakykaty öwretmek. Öz teklibiňizi ýazyň.
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
Ýehowa gullukçylarynyň aladasyny edýär
Myhmansöýer hojaýyn ýaly, Ýehowa bize ruhy iýmiti bolluk bilen berýär.
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Patyşa dogrulyk bilen şalyk eder»
Isa patyşa hökmünde süriniň aladasyny etmek üçin ýaşulylary belleýär. Olar süriniň ruhy taýdan aladasyny edip, görkezme berýär we berkidýär.
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
Hizkiýanyň imany sylaglandy
Aşurlylar ýehudylary söweşsiz boýun egdirjek bolýar, ýöne Ýehowa perişdesini ugradyp Iýerusalimi goraýar.
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Eý, Ýehowa... men saňa bil baglaýaryn»
Biz ýagşy günde-de, ýaman günde-de Ýehowa bil baglamaly. Hizkiýa Hudaýa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
Ýehowa ejizleri kuwwatlandyrýar
Bürgütleriň kän güýç sarp etmän akymyň kömegi bilen uçuşy ýaly, bizem Hudaýyň güýji arkaly oňa yhlasly gulluk edip bileris.
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Yzarlanýan dogan-uýalar üçin doga etmegi unutmaň
Biz yzarlanýan dogan-uýalar üçin nädip doga edip bileris?
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
Ýehowanyň aýdan her bir sözi ýerine ýetýär
Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Wawilona näme boljakdygyny takmynan 200 ýyl öňünden aýtdy.