Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa we Isa arkaly gelejekde azatlyga gowşarys

Ýehowa we Isa arkaly gelejekde azatlyga gowşarys

Sen her gün dürli kynçylyklar bilen göreşýänsiň. Meselem, seniň maşgalabaşy hökmünde köp jogapkärçiligiň bardyr. Ýa-da sen çagalaryňy ýeke özüň ekleýänsiň. Seni deň-duşlaryň kemsidýändir. Ýa-da ýarawsyzlyk ýa garrylyk derdinden kösenýänsiň. Hawa, her kim bir zat bilen göreşýär. Köp mesihçiler bir wagtyň özünde birnäçe kynçylyklar bilen göreşýär. Ýöne tizden biz şol kynçylyklaryň ählisinden doly azat bolarys (2Kr 4:16—18).

Şol döwür gelýänçä, biz Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigi, wepalylygymyzy hem çydamlylygymyzy gymmat saýýandygy we bizi bolluk bilen bereketlejekdigi hakda oýlanyp, teselli tapyp bilýäris (Ýer 29:11, 12). Isa-da her birimiziň ýürekden aladamyzy edýär. Eger biz borçlarymyzy ýürekden ýerine ýetirsek, Isanyň: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýen wadasyny berjaý etjekdigine ynamly bolup bileris (Mat 28:20). Hawa, käte saklanyp, Hudaýyň Patyşalygynyň berjek azatlygy barada oýlansak, umydymyz berkär we häzirki kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek eder (Rim 8:19—21).

«APY-TUPANYŇ GOLAÝLAŞÝANDYGY ÜÇIN ÜNSÜMIZI ISA GÖNÜKDIRELIŇ! PATYŞALYGYŇ BERJEK BEREKETLERI» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Adamlar Hudaýdan nädip daşlaşdy we netijesi nähili boldy?

  • Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna nähili bereketler garaşýar?

  • Şol bereketlere nädip eýe bolarys?

  • Sen täze dünýäde haýsy bereketleri almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň?

Özüňi täze dünýäde göz öňüne getir