MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hemmelere wagyz etmek üçin guramaçylykly hereket edilýär
Ýehowa ysraýyllara guramaçylykly bolmaga kömek edişi ýaly, şu günlerem öz islegini berjaý etmekleri üçin, halkyna guramaçylykly bolmagy öwredýär. Dünýäniň dürli künjeginde filiallar, etraplar, ýygnaklar we wagyz toparlary döredilip, ähli ýerde hoş habar wagyz edilýär. Biz hemmelere, hatda başga dilde gepleýänlere-de wagyz edýäris (Ylh 14:6, 7).
Sen kimdir birine hakykaty öwretmek üçin başga dili öwrenmek barada pikirlenipdiňmi? Eger täze dili öwrenmäge ýeterlikli wagtyň bolmasa, onda JW Language programmasyny ulanyp, ýönekeýje giriş sözlerini aýtmagy öwrenip bilersiň. Şonda senem birinji asyrdaky dogan-uýalar ýaly wagyzdan köp şatlyk taparsyň. Olar başga milletdäki adamlaryň «Allanyň gudratly işleri hakda öz ene dilinde» eşidip haýran galýandygyny görende, gaty begendiler (Res 2:7—11).
«ÝEHOWANYŇ DOSTY BOL. BAŞGA DILDE WAGYZ ET» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
JW Language programmasyny haçan ulanyp bilersiňiz?
-
Onuň nähili aýratynlyklary bar?
-
Ýaşaýan ýeriňizde adamlar haýsy dillerde gepleýär?
-
Başga dilde gepleýän adam hoş habar bilen gyzyklansa sen näme edersiň? (od sah. 94, 95, abz. 39—41)