Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

26 fewral—3 mart

ZEBUR 11—15

26 fewral—3 mart

139-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Täze dünýädäki parahat durmuşy göz öňüne getiriň

(10 min.)

Biz zalymlygyň we dawa-jenjeliň gitdigiçe artýandygyny gözümiz bilen görýäris (Zb 11:2, 3; w06 15/5 sah. 18, abz. 3)

Ýehowa zalymlygy tizden ýok eder (Zb 11:5; wp16.4 sah. 11)

Ýehowanyň wadalary hakda oýlansak, Täze dünýä sabyrly garaşarys (Zb 13:5, 6; w17.08 sah. 6, abz. 15)

MASLAHAT: Hyzkyl 34:25-i okaň we özüňizi şol ýerde göz öňüne getiriň (kr bap 22, abz. 16).

2. Dürdäne pikirler

(10 min.)

  • Zb 14:1. Dünýäniň garaýşy mesihçä nädip täsir edip biler? (w13 15/9 sah. 19, abz. 12)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min.) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, adamy Ýatlama agşamyna çagyr (lmd sapak 5, abz. 3).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(1 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, adamy Ýatlama agşamyna çagyr (lmd sapak 3, abz. 4).

6. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Adam Ýatlama agşamyna gatnaşmak isleýändigini aýdýar (lmd sapak 7, abz. 4).

7. Şägirt taýýarlaň

(5 min.) lff sapak 13, «Gaýtalamak», «Jemleýji soraglar», «Maksat goýuň». «Köpräk biliň» bölümine esaslanyp, Ýehowanyň ýalan dini ýigrenýändigi hakynda gürrüňdeş bol (th sapak 12).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

8-nji aýdym

8. «Akyldarlyk söweş ýaraglaryndan gowudyr»

(10 min.) Söhbetdeşlik.

Dünýäde zalymlyk gitdigiçe köpelýär. Ýehowa zalymlygyň bize erbet täsir edýändigini bilýär. Ol bizi goramak isleýär, şonuň üçin Mukaddes Kitap arkaly bize gerekli maslahatlary berýär (Zb 12:5—7).

Mukaddes Kitapdaky maslahatlar «söweş ýaraglaryndan hem gowudyr» (Nes 9:18). Geliň, Mukaddes Kitabyň prinsipleriniň bizi zalymlykdan nädip goraýandygy hakda bileliň.

  • Nes 4:9, 10. Howply ýerlere ýeke barmaň

  • Nak 22:3. Köpçülik ýerlerinde daş-töweregiňize ünsli boluň

  • Nak 26:17. Dawa-jenjele goşulmaň

  • Nak 17:14. Dawa-jenjel boljak ýerlere barmaň. Hökümete garşy çykmak üçin ýygnanyşan adamlardan gaça duruň

  • Luk 12:15. Emlägiňizi gorajak bolup, janyňyza howp salmaň

«Imany güýçli adamlardan görelde alyň! Lemege däl-de, Idrise meňzäň» atly wideony görkez. Soňra şeýle sorag ber:

Idrisiň göreldesi doganyň gelýän kararyna we edýän işlerine nähili täsir etdi? (Ýew 11:5)

Käte mesihçi özüni ýa-da emlägini goramak hakda pikir etmegi mümkin. Ýöne mesihçi goranjak bolup, başgalaryň janyny howp astyna salmakdan seresap bolmaly (Zb 51:14); «Garawul diňi» žurnalynyň 2017-nji ýylyň iýul aýynda çykan sanynyň «Okyjylaryň sowallary» diýen makalasyna seret.

9. Ýatlama agşamy üçin kampaniýa 2-nji martda şenbe güni başlar

(5 min.) Ýygnak ýaşulusy çykyş edýär. Kampaniýanyň nädip geçiriljekdigini we ýörite nutugyň hem-de Ýatlama agşamynyň haçan, nirede geçiriljekdigini aýt. Dogan-uýalara mart we aprel aýlary 15 sagatlyk kömekçi pioner bolup gulluk edip biljekdiklerini aýt.

10. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min.) |  40-njy aýdym we doga