WAGYZ ETMEK TEJRIBÄŇIZI ARTDYRYŇ
Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Teklibiňizi taýýarlaň
BU NÄME ÜÇIN WAJYP? Okuw depderçesinde berilýän wagyz üçin teklipler ýöne bir nusga görnüşinde getirilýär. Siz olary öz sözleriňiz bilen aýtmaly. Belki, siz teklipleri başgaça aýdarsyňyz ýa-da ýaşaýan ýeriňize gabat gelýän teklipleri taýýarlap bilersiňiz. Siz öz teklipleriňizi taýýarlamak üçin aşakdaky maslahatlara eýerip bilersiňiz.
MUNY NÄDIP ETMELI?
Özüňize: «Men wagyz üçin teklipleriň birini ulanmak isleýärinmi?» diýen soragy beriň.
HAWA
-
Giriş sözleri taýýarlaň. Soňra adam bilen salamlaşyp, näme üçin gelendigiňizi aýdyň. (Meselem, «Men siziňkä... üçin geldim».)
-
Soňra siz soraga, aýada ýa-da teklip etjek edebiýadyňyza nädip geçmelidigiňize serediň. (Meselem, aýada giriş sözleri aýdyp, şeýle diýip bilersiňiz: «Şu taýdan soragyň dogry jogabyny tapsa bolýar».)
-
Ikilenç ideg etmek üçin başga bir sorag taýýarlaň.
-
Indiki idegde aýtjak zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaz ýaly bellik ediň.
ÝOK
-
Göwnüňize ýaraýan ýa-da ýaşaýan ýeriňize gabat gelýän temany saýlaň.
-
Adama oýlanmaga we gürrüňdeşlige başlamaga kömek edýän soragy beriň. Ýöne ony oňaýsyz ýagdaýa salmaň (Meselem, bh 6-njy sahypadaky soraglary beriň).
-
Okajak aýadyňyzy saýlaň.