MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Maşgalaňyza Ýehowany unutmazlyga kömek ediň
Ýermeýa pygamber Ýahudadakylara ýetip gelýän heläkçilik barada duýdurmalydy. Sebäbi olar Hudaýy Ýehowany unutdylar (Ýer 13:25). Halk nädip ruhy taýdan beýle gözgyny ýagdaýa düşdi? Ysraýyl maşgalalarynyň ruhy ýagdaýy gowşapdy. Bu bolsa maşgalabaşylaryň Kanun taglymaty 6:5—7-däki Ýehowanyň tabşyrygyna eýermändigini görkezýär.
Şu günler ruhy taýdan berk maşgalalar ýygnagyň agzybirligine goşant goşýarlar. Maşgalabaşylar maşgalasyna Ýehowany unutmazlyga kömek etmek üçin, maşgala okuwyny yzygiderli hem-de gyzykly geçirmeli (Zb 22:27). «„Şu sözleri ýüregiňizde saklaň“. Söhbetdeşlik» diýen wideony görüp, soraglara jogap beriň.
-
Köplere maşgala okuwyny yzygider geçirmäge näme päsgel berýär we olar bu kynçylyklary nädip ýeňýärler?
-
Maşgala okuwyny yzygider we gyzykly geçirmegiň nähili peýdasy bar?
-
Maşgala okuwy babatda sen nähili kynçylyklara duş gelýärsiň we olary nädip ýeňip bilersiň?