Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 20, 21

«Araňyzda kim uly bolmak islese, beýlekileriňize hyzmat etsin»

«Araňyzda kim uly bolmak islese, beýlekileriňize hyzmat etsin»

20:28

Tekepbir kanunçylar we fariseýler «bazarda» adamlaryň hormat bilen salamlaşmaklaryny isleýärdiler

Tekepbir kanunçylar we fariseýler adamlarda täsir galdyrmak hem-de özlerine at-abraý gazanmak isleýärdiler (Mt 23:5—7). Isa olardan tapawutlanýardy. Mukaddes Ýazgylarda: «Ynsan ogly özüne hyzmat etdirmek üçin däl-de, eýsem, hyzmat etmek... üçin geldi» diýilýär (Mt 20:28). Biz Hudaýa sežde edenimizde, adamlaryň öwgüsini gazanmak isleýärismi ýa-da özümizi şöhratlandyrýarysmy? Eger Ýehowanyň bizi beýgeltmegini islesek, Isanyň göreldesine eýerip, başgalara hyzmat etmek üçin elimizde baryny etmeli. Köplenç edýän işimizi adamlar görmese-de, Ýehowa görýär (Mt 6:1—4). Pesgöwünli mesihçi. . .

  • Ýygnak jaýyny arassalamak we abatlamak işine gatnaşýar

  • gartaşan ýa-da beýleki dogan-uýalara kömek edýär

  • Patyşalyk işini maddy taýdan goldaýar